Gel, geç goňşy gyzy saçak başyna,
Sen töre geç, sen şol ýere ýaraşýaň.
Sen habar getirdiň joraň hakynda,
Habar gowşurmagam saňa ýaraşýar.
Oňa erwet nazar aýlap bilmedim,
Belkem, ony söýendirin bimahal.
Onsuz galdym - diýip, aglap gezmedim,
Söýgä bagrym daglasam-da birmahal.
Soňky gezek, aýsyz agşam duşuşdyk,
Toýuna çagyrdy, gyýyldym şonda.
Biz söýgini deň-je ikä bölüşdik,
Yzy mende galdy, yzasy onda.
Sen habar berýänçäň, unudypdymam,
Hem, ony özümden edipdim jyda.
Pozulypdyr toýy ýakyn arada,
Dogrysy – gynandym, gyýyldym juda.
Heran-haçan ýollarymyz kesişse
Sözleşerin,
Salamyna garaşman.
Ýok, ol indi: "Ýaraşaly!" - diýmesin,
Ony bagyşladym, ýöne ýaraşman.
Amangeldiýew Durdymyrat