Sonam
Şelpe dek şabradyp zülpi taryňy,
Messana-messana gez, Sonam, bu gün.
Bagyňda besledik, alma-naryňy
Bileje gülüşip üz, Sonam, bu gün.
Indi sapasy bar çeşme boýunyň,
Ruh berýär ynsana oýnan oýunyň.
Şonuň saglygyna watan toýunyň
Şirin-şerbetini süz, Sonam, bu gün.
Ýüzdükçe ýüz tutup sen azatlyga,
Eziz Watandaky beýik şatlyga,
Hem gözel ýadygär, hem şaýatlyga,
Özüň-de bir dessan düz, Sonam, bu gün.
*** * * *** * *
*** * * *** * *
Baglady yşkyň perisi bir zülpi tara meni,
El degip tirilmedik bir jübüt nara meni,
Äkidiň dostlar bu gün ýara meniň habarym,
Gorkmasyn, gorkuzmaýar bu uzak ara meni.
Guş bolup, ganat açyp, perwaz ederdim başyna,
Bilsem-de onuň üçin aljaklar ara meni,
Indi sonam söýmese, äşgär diýsin sözüni,
Goý atam, enem diýip, goýmasyn zara meni.
Gara Seýitliýew