massimus
11.11.2023 08:00

Beýnimdäki mutant ýa-da duýgularymyň senzurasy...


Ykbal ýollary, durmuş öwrümleri, tanyş nätanyşlar, ilkinji bakyş...ol belki ilkinjem däldir, ýöne ilkinji gezek saňa mähirli seredendir. Şol günden başlabam şol gedem gözlerde ýene şol mähri gözläbem sergezdan bolansyň belki. Şol günden dünýäň üýtgändir, seni senden birugsat asmana uçurandyr, senem Spider-man ýaly öz düşnüksiz kerepleriň bilen tutuş obaň üstünden uçup ýörensiň, ilden üýtgeşiksiň göýä. Ol bolsa özboluşly, gedem, oň özüniň ýabany dünýäsi bar.

Iň süýji düýşümi gürrüň bereýinmi saňa dostum, onda diňle...

Egnimde eşekswet kostýum, nu pogodi-ň baýdagy ýaly gülli galstuk, elimde-de synp ýolbaşçymyzyň: "ogurlanaýsa etiňden manty ederin" diýýän synp burçunda goýulýan Ruhnama kitaby (her güni öýe äkidip-getirýän, klaskomlykdan aýyraýmasyn diýip, wezipesiz ýaşaýyş kyn gardaşym) agyr ädimler bilen klasa girýän. Hemmeler maňa seredýär (gapydan biri girse seredilerdä) menem Şahruk hanyň "Tuje de ka to ýe jana sanam" aýdymy bilen ýerime geçýän. Göz gytagy bilen yzyma seredýän. Oň bolsa öz gaýgysy, kel gyzyň saç gaýgysy, maňa itmiňem diýenok. Soň baýguş ýaly göni kellämi yza öwrüp seredip görýän. Gulagymda Seline Dion daýzaň jadyly aýdymy ýaňlanýar. Birdenem gapy açylýar. Mekdebimiziň direktory, hyrsyz şahsyýet, Çingiz hanyň zenan görnüşi klasa girýär.

-Koridoryň aýnasyny kim döwdi?

Ses-üýn ýok.

-Sizden soraýan ýabanylar, muny haýsy kramanýon etdi?

Meni kim satandyr öýdýäňiz?! Howwa şol, eýjejik kazýol.

Žanna Dark ýaly dogumlylyk bilen ýerinden turup sensoryň blokirowkasyny açýan barmagy bilen meni görkezdi.

Şol gün şeýle bir begendim (satylanyňa begenen bolsaň-a doktora ylga diýäýme, garaş biraz). Dogrudanam ol gyz meni görýän eken. Görýän bolsa diýmek söýer, meni söýmezlik mümkinmi eýsem?!

Kabinetinde direktor meni "teýk-daun" bilen ýykyp, "full-mauntda" ýatyryp yzgider urgular ýollap "fataliti" ýagdaýyna düşürýänçä şu zatlar barada oýlandym.

Ýene bir günem mekdebiň sport meýdançasynda B klasymyz bilen futbol oýnaýardyk ("A klas aý ýaly, aýa-güne taý ýaly" A klasda okanlara ýalkymly salam). Meni göýä Real Madridiň skautlary görmäge gelen ýaly iň soňkyda oýnaýardym. Hüjümde-de, goragda-da, derwezede-de, mugallym ýetişmese ornuna jürlewigem özüm çalýardym. Eger şol gün meni Pele göräýen bolsa "futbol şalygy seňki, dost" diýerdi.

Emma ol wkussyz gyz meň bilen däldi. Biriniň ýazan hatyny okaýardy, ýylgyrýardy. Iň bolmanda "çerez sebýa" golumy bir gördä, görmedi. Bu golumy Ronaldu copy-paste edip Buffona ýollar entäk kän ýyllar soň.

Ýöne men saňa entek görkezerin. Massimus seň üçin padarka däl (Ilki wirtuala gelemde özümi tanyşdyrmakçy däldim. Piter Parker ýaly syrly galasym gelýärdi. Şoň üçin ýazgylarymda-da Massimus-y ulanýardym. Soň agzalar bilen tanyşlyk başlady. Meni gowy garşy aldylar, meni goldanlara we henizem goldaýanlara baş egip tagzym edip duran smaýlik). Garşydaş derwezäň ýanynda fint etjek bolup derwezeden daşlaşypdym, (Müň öwünseňem Ronaldinýo bolasyň ýokla) topy aldyrjagym görnüp dur. Şol wagt öz oglanlarymamy, özümemi, ýa üns berilmedik talantymamy gahar edip topy gatyrak depdim. Olam baryp şol gyzyň kellesine degdi. Eger şol gyzy top bilen nyşana al diýselerem beýle anyk urup bilmezdim.

Gitdi, tahýa bir ýana, kelläňe dakylýan jäjekler bir ýana, Şageldiň ýazan haty bu bir ýana. Gözünde ýaş, elinde daş, gaýtdy bärligine bir bagrydaş.

-Bagyş...bagyşş. eý wäk, bagyş. Turdy bir tomaşa. "Mans of the match" bolmaly oglany daşlap ýörler, hany adalat, hany janköýerlik, ýewropada dogulan bolsam-a futbol taryhyndaky iň beýik futbolçy bolup şu wagt Al Nasrda oýnardym.

Garaz şeýleräk düýşler, çagalyga çagyrýan düýşler, meniň ulalmagymy islemeýän düýşlerim, men Sizi şeýle bir göresim gelýär...

23
43
massimus
10.11.2023 09:39

Bagyşla meni...




Bagyşla!


Saňa duşup öwrendim "bagyşla" diýmäni. Günäsiz ýerimede adamlara "bagyşla" diýmäni öwretdiň maňa. Sen öwretdiň gözüm ýaşsyz aglamagy, sen görkezdiň iň uly hasraty. Durmuşyň umyt bilen başlap, aýralyk bilen gutarýanlygyny görkezdiň. Ýüregimiň iň uly ýalňyşy bolan ýürekdeşim, ynjyk duýgularymyň sebäpkäri.

Gara dag deý bagtymdan daşam galmady, dagarman! Sen gideňde bagtlydyň, diläpdim mundanam bagtly bolmagyňy. Diýipdim saňa : "Özüňi gora, men goraryn ikimiziň wysal bolmadyk söýgümizi, men hyýalymda goraryn maňa söýgi bilen bakan gözleriňi, seni ýeketägim saýyp saňa aýdan hiç kime aýtmadyk sözlerimi, ýöne ýyllar geçip öňümden çykaýsaň ýürekden ýylgyrgyn, men görmek islämok seniň bagtsyz gözleriňi".

Ýöne kejir ykbal bizi ýene duşurdy. Namart dünýäň, wagşy pelegiň oýnuna seret. Sen garrapsyň dünýäm. Gözleriň solgun, ýüzleriň tutuk, biraz horlanypsyňam. Ýüregim elendi, kalbym gyýyldy. Çünki meni taşlap gideňde-de, namartlygyňa, biwepalygyňa dost-ýarlarym garganda-da men saňa erbetlik dilemändim. Meň gadrymy biler ýaly bir gadyrbilmeze duşmagyňy soramandym ykbaldan. Meni görüp : "Üýtgemänsiň, şol öňkiligiň" diýdiň diňe. Biygtyýar agladyň şonda. Men bolsa bagtsyzlygyňy gözleriňde gördüm. Seni bagtsyz görüp öz bagtymdan utanypdym.

Ýatlamalarymda ýaşaýan ýalňyzym, duýguly dünýämiň dermany, oglanlyk döwrümiň armany, sen barybir meni bagyşla. "Sensiz ýaşamaryn, ýaşasamam bagtsyz bolaryn" diýen wadalam üçin. Men sözümde durup bilmedim. Sensiz ýaşadym, özem bagtly ýaşadym. Şoň üçin meni bagyşla! Başaryp bilseň bagyşla, dünýäm!


Eý yşkyma tagma,

ömrüme yza,

Hijrany ataşdan,

janymdan gymmat.

Ezizlän ezizim,

wepasyz bagtym,

Bu gün maňa juda agyrdyr dymmak.


Gözi umman,

ýylgyrşy em,

jadylym,

Biwepa dünýäniň mysaly sende.

Sen özüňi bagtly duýduň,

arzylym,

Bu ýagty dünýäme tümlük gelende.


Naçar duýgularym aglapdy şonda,

Göz ýaş dökdüm ölen söýgiň üstünde,

Ýeke-täk myhmandyň,

ýaşap bilmediň,

Meň söýgi dagymyň Ewerestinde...

21
73
massimus
09.11.2023 08:45

Arzuwly söhbet...



Salam saýtdaşlar we myhmanlar. Kyn pursatlardan ýeňil çykalga tapmak ukyby her bir ynsana berilenmikä diýýän. Ýöne kyn pursatda özüňe we içki intuisiýaňa ynanmak has möhüm. Geliň häzir durmuşda bolup biläýjek, käbirlerimizde bolsa belki bolmajak ýagdaýlardan çykalga tapmaga synanyşalyň. Gyzlaram jogap berip biler. Ýöne bu blogy ýönekeý degişme görnüşinde kabul etmegiňizi haýyş edýän. Aşa realist, serýozny adamlara bu blogy okamagy maslahat beremok.


1. Aýdaly siz iki gyz (oglan) bilen söýüşýäňiz. Olaryň biri bilen kafe girdiňiz. Otyrkaňyz beýleki söýgiliňiz geldi. Näme ederdiňiz?


2. Söýgiliňiz bilen naharhana girdiňiz. Naharhanaň eýesi kartdan söwda edýändigini aýtdy. Ýanyňyzda nagt pul ýok. Iýip-içip bolduňyz. Kartyňyzy uzatdyňyz, (Demirindenmi ýa kömürindenmi belli däl) terminal siziň kartyňyzdan pul çekip bilenok. Naharhanaň eýesi kartyňyz işlänok nagt töläýiň diýdi. Çykalga tapaweriň.


3. Söýgiliňiz bilen el tutuşyp gelýärkäňiz (belki gujaklaşyp durkaňyz) sambist agasy gabat gelse. Bu ýagdaýda siziň özüňize ynamyňyzam, intuisiýaňyzam kömek etmez. Siziň hereketiňiz.


4. Siz ulanylan telefon satyn aldyňyz (aýdaly tmcars-dan). Satan adam telefonyň korobkasy zady ýok, ýöne özümiňki diýip ant içdi. Siz ynandyňyz. Telefony 1 aý ulandyňyz, sizi polisiýa çagyrdy. Telefon ogurlyk ekeni. Polisiýa siziň aýdan adamyňyzy tapyp bilmedi. Olar sizden güman edýär. Günäsizdigiňizi subut ediň.


5. Siz Nýu Ýorka syýahata gitdiňiz. Ýolda uçar heläkçiligine duş geldiňiz. Diri galdyňyz. Jeňňelde sizi ýabany indeýler halas etdiler. Indeýleriň baştutany size özüne durmuşa çykmagy (aýal baştutan özüne öýlenmegi) teklip etdi. Razy bolsaňyz indeýleriň iň abraýlysy bolarsyňyz, garşy bolsaňyzam mangal taýyn şaşlyk bolarsyňyz. Aşpez indeý marinowat etmäge zat gözläp ýör. Tizräk bir karara geliň.


6. Bu sorag üçin öňünden ötünç soraýan. Öýde ýeke özüňiz, hajathana girdiňiz. Işiňizi gutaryp seretseňiz düýnki goýan bitin bumagaňyz gutarypdyr. Sögündiňiz, gygyrdyňyz, aý bular bumaga iýýämi diýdiňiz, teke bazaryňkyda-da günde munça gidýän däldir, ogurlap äkidip satýalarmy bular diýip gygyrdyňyz. Peýdasy ýok. Şunça wakalardan baş alyp çykdyňyz, mundanam üstünlikli geçjegiňize ynanýan. Baş alyp çykyň ýöne soňky soragyň jogabyny bärik ýazyp otyrmaň..

18
39
massimus
08.11.2023 07:55

Döwrebap ýigit...




Orta mekdebi gutaran ýylymyzdy. Sadadyk, hakyky obalydyk. Öýjükli aragatnaşyk ulgamy hemmä-de elýeterli däldi. Obada sanlyja adamda "hoz döwülýän" nokia bardy. Adamlar nädip simsiz zatda biri-birleri bilen gürleşýärkäler diýip haýran galardyk.

"Internet" diýilse, internat göz öňüme gelýärdi. Ah, şol döwürleri diýsene...

Şähere özbaşdak gidýärdik, ýöne zordan, depilmäni yzyňa gelmek uly bagtdy. Häzirki ýaşlar dagy gaty bagtly, obaly ýaşlaram "şäherlilerden" tapawutlandyrmak kyn. (Bäh, Massimus senemä uruş döwründe ýaşan ýalylaý, öňki döwür, soňky döwür diýen bolup, özüň näçe ýaşyňda? Aý, aýal dogan toçn-a bilemok, ýöne ýer ýassy bolany bäri bar menem).

Baý-baý, Daşoguzyň "möjekleri" biz "goýunlary" derrew tanaýardylar-ow.

Bir gezegem bir dostum bilen gitdim şähere. Şäher diýsem, şäherde entäbem ýöremzokdyk. "Baý bazar"-a barýas i obratno.

Çagakam bazara äkidenlerinde atyzdan mugt alyp iýibermeli zatlary utanman, pula satýan özbek apalary görüp (Özbek doganlarymyza hiç-hili negatiw garaýşym ýok, hat-da bir özbek gyza öýlenjegem bolupdym, munam bir çaý başynda gürrüň bererin) hem-ä geň galypdym, hemem näme üçindir bazar meni şeýle özüne çekipdi.

Dostum bilen aýlanyp ýörüs bazarda. Käşirleriň, kartoşkalaryň, kädileriň ("kädi" sözi çärjewçeden alynmadyk bolup, "palawkädi", "balkädi", "naskädi" ýaly görnüşleri bolan bakja ekininiň ady) arasynda aýlanyp ýadap, ahyrynam "howply zona" egin-eşik zat satylýan tarapa geçdik. Öňümizden bäş sany "şäherli" gelýär. Olar bir hatary dolduryp gelýärler. Yzyňa ýöreseň birhiliräk. Olaram bazary edil näneleri guran ýaly gaty arkaýyn gelýärler. Edil film ýaly wakalaryň dowamyny göz öňüme getirdim. Olar şu bolup gelşine göni bize çaknyşýa. Yzynymy? yzyny aýtmaýyn aýal dogan. Göz öňüme gelen wakalardan özüm tisginip gitdim.

Ol döwürler Wandamyň kinosyny gaýtalap görüp ýören Massimusam heý-de zatdan gorkarmy? Göýä Wandamyň ruhy ýanyma gelip: "Mert bol körpe, sen nesip bolsa meň mynasyp dowamçym bolarsyň, bu "ganly sportdan" gorkma" diýdi. Ýöne şu köp okaýanlygym gursun. Beýleki tarapdan Sokratyň ruhy gelip: "Olar samsyga ýol bermeseler, sen ýol ber samsyga" diýdi. Wandamyň ruhundan ötünç sorap, ýaşok Sokraty diňlemeli boldum, näme bolanda-da garryň hormaty bar. Hataryň gyrasyndaky eşiklere dykylyp diýen ýaly "agyr artilleriýany" geçirjek bolduk. Bolmady. Olaryň biri dostumy egni bilen itip geçdi. Soňam girre yzyna öwrülip bize haýbat atyp ugrady.

-Eý kalhoz, slepoýmysan, ýa şündin horazmisan, köçege sygmin kaldyňmi? (Ýalňyş ýazan sözlerim üçin özbek doganlamdan ötünç soraýaryn. Näme üçindir şol wagtlar şäherde özbekçe gürlemek modady, şäherli türkmenlerem şol dilde gürleşýärdiler, häzir aňsat-la, "s" bilen "z" harpyny basyp aýtsaň şäherli bolýaň. Meselem: ssöýgülim ikimizz ssögüşdik). Bularyň gürleýşine häzirem doly düşünemok, ol wagtlar-a aňkaryp durus, diňe "horazmy sen" diýen ýerine düşündim, ýanymdakam menden gowy däl. Ýöne aljyramadym, Şahrugyň stilinde jogap berdim:

-Bagyşla dost, uly şäherlerde-de kiçijik ýakymsyzlyklar bolup durýar.

Ol ýüzüme şeýle bir erbet seretdi welin, birden Wandamyň ruhy burnuny ganadyp ýene ýanyma geldi. Özüme ynamym artdy. Menem oň gözüne hyrsyz seretdim. Ýanyndakylaryň biri dostumyň ýakasyndan tutdy. Töweregime seretdim, Wandam küje, zat küje. Iň soňky güýjüni jemläp "Azatlyk" diýip gygyrýan şotland gahrymany Uilýam Loksli ýaly, soňky gaýratymy jemläp şeýle diýdim:

-Erkek bolsaňyz odin-odin geliň, lýuboýyňyz bilen suwda söýüşmelem bolsa taýyn.

Howwa, artykmajrak gürlänimi bilýän. Eger-de şol sary futbolkaly garaýagyz oglan ýeňsesini etçapar ýaly edip geläýs-ä, menden razy boluň diýip bäş keleme söz aýdyp, içimdenem bilýän dogalamy okadym.

Ýolbarsyňam gözüne mert bakmagy başarsaň sussy basylýar diýýäler. Ýöne garşyňda ýolbars dursa bakyşyňda mertlik galjakmy?

Emma olar biri-birini köşeşdirip ýanymyzdan gitmek bilen boldular. Urşy başlan garaýagyz bolsa maňa seredip: "görişämiz" diýip gitdi. Bu-da Massimusyň hekaýalaryndaky ýaly "dowamy bar" diýen ýaly sözdi.


Dowamy bar.

29
91
massimus
07.11.2023 07:56

Aşgabat. Bu ýer meniň arzuwlarymyň çür başy, mähriban paýtagtym, milli buýsanjym. Bu ýeriň atmosferasy, dünýägaraýşy, döwrebaplygy meni mydama özüne çekýär. Ömrümiň 6 ýylyny geçiren şäherim. Arzuwlarymyň, synagly günlerimiň, kiçijik üstünliklerimiň şaýady bolan gadyrdan mesgenim. Dogduk depämi küýsesemem, saňa dolanyp gelsem barybir kalbymy mähir duýgusy gaplaýar.

On günem hä diýmän geçipdir. Ol günler bagtlydym. Her gün wagt tapdygymdan Güljemal bilen duşuşýardyk. Oňa öýlenmekçidim. Şu wagta çenli hemme gürleşen gyzlaryna öýlenmek barada pikir eden ýigit diňe men bolsam gerek. Howwa, biziň süýji söhbetimiziň soňy şu gürrüňe syrygýardy. Maşgala, sylaşyk, birek-biregi goldamak (olam öläýen eken diýýäňmi aýal dogan, aý bilmedim, ony özünden sora). Tanyşanymyza on gün bolupdyr, entek bu gürrüňler artykmajragam ýaly bir hili.

Ýene iki günden oba dolanmaly. Işlerimi dynyp Güljemala jaň etdim.

-Alo.

-Guliçkam gowumyň (Şeý diýmegimi onuň özi haýyş etdi).

-Gowy mossim (bu sözüň näme many aňladýanyny bilemok, ýöne boss sözüne meňzeşräk bolansoň halaýardym).

-Men-ä işlerimi dynyp barýan, eger wagtyň bolsa...

-Jan, bu gün ýetişmeýän, prikin, daýymyň ogly öýlenýär diýdimä, şol toýuň hemme guramaçylygyny meň boýnuma atdy. Toý mekany, salon, karoçi, hemmesi çerez menýa.

Ýöne seni ertir toýa çagyrýan, obýazatelno prihodi, garaşýan pupsik, i bir ýola semýam bilenem tanyşarsyň.

-Bolýar, ýetişsem bararyn.

Ine şeýleräk şol gyzyň häsiýeti. Öte sowremenni maşgalada ýaşanmy, özüni alyp barşy men ýaly obaly oglan üçin geňräkdi. Belki şoň üçin ony halaýandyryn. Häsiýeti biri-birine meňzemeýän jübütler has bagtly maşgala bolýar diýýärler.

Her güni duşuşyga baranymda, meni görenden ylgap gelip gujaklaýar (ogşaýaram), şol pursatda özümi biraz oňaýsyzragam duýýardym, ýöne bildirmezlige çalyşýardym (Indi düşündiňmi aýal dogan, biziň umuman başga-başga adamlardygymyza, ol-a deňizde, menem tokaýda ýaşaýan jandar ýaly, ýaşaýşymyzam, düşünjämizem gabat gelenok. Ýöne şonda-da ondan aýrylasym gelenok.

-Duş gelen ýerde ogşap ýörse aýrylasyň gelmezdä, seň özüň suw meýilli gurbaga, ýene o gyzy günäkärlän bolýaň, sen ogşamasaň özi ogşarda, tormoz diýsänim).

Toý altyda ekeni. Gitjegimem, gitmejegimem bilmän otyrkam, Pyragy halypam dadyma ýetişäýdi:

"Çagyrlan ýere bar, oturda turma,

Çagyrylmadyk ýere barma, görünme"

Magtymguly atamyzam biz dikdüşdi nesiller kösenmesin diýip, hemme zat barada nesihat berip gidipdir.

Sagat ýediler töweregi bardym aýdylan ýere. Içeri girenimden Güljemala gözüm düşdi. Ol şeýle bir owadan, şeýle bir owadan, oň bu günki çalan kraskalaryny aýyrmak üçin azyndan bir hepde gerek bolar diýip pikir etdim. Meni görenden gaýtdy men tarapa, assa basyp uz ýöräp, ýöreýşem top modeller ýaly, bir ýöreýär, bir ýöreýär, ýöne ýöredip goýaýmaly. Nebir owadan köýnegem ýa ýyrtylypdyr, ýa sökülipdir, bir gapdaly biline çenli açyk. Içinden balagam geýmändir, görgüli, näbilsin ýyrtyljagyny, ýogsa balak bolanda aýaklary beýdip ýaldyrap görnüp durmazdy. Owadan gözlerini güldürip meň ýanyma ýetip gelýärdi. Şol wagt tok uran ýaly boldum. Buda gelip meni gujaklasa bolaýýaram. Garyndaşlarynyň namysjaňraklary jemlenip meni daşarda paslaşyp oýnarlar. Hernä beýtmedi, ýanyma gelip elini uzadyp salamlaşdy.

-Massimus gowumyň, geldiňmi, begendirdiň meni, ýör pokažu tebe nirde oturmalydygyny.

Bir topar nätanyş bilen bir stolda otyryn. Birden bular sen kim bolýaň diýip sorasalar, näme diýsemkäm, öýlenýän oglanyň gullukdaşy diýsemmikäm, birden bu ejemogly gulluk etmedik bolsa näme?! Gowusy, Güljemalyň kursdaşy diýeýin. Ýok, eger olam hiç ýeri okamadyk bolsa ýene masgara bolaryn.

Ahyryn özüm ýaly suwumsyzrak bir ýaşuly dillendi:

-Inim gowumy taplar, Sizi tanamadym, Siz kimiň ogly bolýaňyz? (Aý ýaşuly öz aladaň bilen boluberdä, meň bilen tanyşyp nätjek, özüm zordan otyryn öňem. Meňem tanyşlyk mowzuklarymda agzalar şular ýaly garaşylmadyk duýgulary başdan geçirýändirler belki). Stoldakylaryň hemmesi maňa seretdi. Näme diýsemkäm. Hemmesini bolşy ýaly aýdaýsammykam, özler-ä döwrebap, düşünjeli maşgala meňzeýärler. Ýa gykylyk ula gidäýermikä.

Meň dadyma diktor ýetişdi.

-Indi bolsa Aşyr agamyzyň jan ýaljak ýegeni Güljemaljanyň dosty, Daşoguz salamyny getiren myhmanymyz Massimus inimize söz bereliň. Mundan-a ýaňky günümem gowudy. Stoldakylary bir zatlar edip, aldasamam başymy alyp çykardym. Ýerimden turdum. Alaçsyz mikrofona ýöredim. Men şokdadym, özüm ýörämokdym, bir güýç meni çekip alyp barýardy. Wah, iň bolmanda Guliçka-angeloçkadan öýlenýän ýigidiň adyny bir soraýmaly ekenim. Obaň şonusy gowy. Öýlenýän ýigidiň, çykýan gyzyň adyny ullakan edip hala ýazýardylar bir döwürler, birden mikrofon berilse aljyraman, atlaryny aýdyp gutlar ýaly.

Eliňizde mikrofon bütin toý mekany Sizi diňleýär näme diýerdiňiz?

-Salam, gadyrly toý saçagynyň eziz myhmanlary, öňüňizde goýlan naz-nygmatlardan çekinmän iýip-içip oturmagyňyzy haýyş edýärin (Toý biriniňki, öý biriniňki, goýýan biri, iýýän biri, ýeri bir ýerden kostýum, bir ýerden galstuk diläp şulary aýtmak üçin geldiňmi toýa).

-Ine bu gün Aşyr agamyzyň döwletli ojagynda uly baýram, uly toý (diktorom maňa nedowolny seredýär, dost, toýy özüň alyp çyksaň, biz oňaýaly gowusy, diýýän ýaly).

-Agzybir maşgalamyzyň adyndan Aşyr agany aý ýaljak oglunyň bagt toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn, ýaşlar bagtly boluň (oglana aý ýaljak diýäýipdirin. Aý onça, munça, borla Gunça, şunça sözde bir ýalňyşyp bilerinä, erbet utandym ýöne).

Garaz toý gyzykly boldy, Güljemal bilen tans oýnadyk, ejesi, aýal dogany bilen tanyşdyrdy. Sowatly, düşünjeli gyzdy, logiki dünýäň korolewasydy. Şeýle bir soraglar tapýardy. Köpüsüniň jogabyny näçe pikirlensemem tapyp bilmeýärdim. Garaz, nesibedirdä aýal dogan, oň bilen ýollarymyz, ykballarymyz aýry eken. Aýrylmagymyzyň sebäbini soraýaňmy? Muny aýtmak islämok, ýöne hekaýamy Pälwan Halmyradowyň aýdymyndaky şu sözler bilen jemlemekçi:

"Meňem sen hakdaky arzuwym, läläm,

Gursakda garrady" diýsem ýalňyşman,

Onuň üçin seni etmen günäkär,

Günäkärdir öz goýberen ýalňyşlam...

20
49
massimus
06.11.2023 08:38

Gije sagat 01:00. Oglanlar üýşüp kart oýnaýarlar. Olar Mergen, Çary, Nurmyrat we öý eýesi Merdan. Ahyry Çary dillenýär:

-Oglanlar, boldy edäýeliň, Merdanam dynjyny alsyn, ertir işine gitmelidir.

Hemmeler ony goldady:

-Boldy karty ýygnaşdyralyň diýdiler. Şol wagt Mergen penjireden olara seredip duran, bir zady gördi.

-Eý waý, o zat nämaý.

Oglanlar muňa ünsem bermediler.

-Hä Merik užas gördüňmi?

-Howwa, howwa, serediň diýip ol barmagyny penjirä uzatdy.

Oglanlar seretse ol ýerde hiç zadam ýokdy.

-Ýaňyjada bardy, birden ýitirim boldy.

Oglanlar gülüşdiler. Mergen utandy. Ýöne ýaňky elhenç zady görenligi hakykatdy. Oň daşaryk çykasy gelenokdy. Oglanlar Merdan bilen hoşlaşyp, daşaryk çykdylar. Mergeniň el-aýagy saňňyldaýardy. Olar üç bolup ýöräp barýardylar. Şonda Nurmyrat:

-Oglanlar, bu gün asman bulutly, tüm garaňky gije, men Size bir wakany gürrüň bereýin. Goňşymyz Anna pahyr 10 ýyl mundan öň edil şular ýaly gijede, dosty bilen, myhmançylykdan gelýän eken. Näme bolanyny hiç kimem bilenok, ýöne ertesi olary, jansyz ýagdaýda ýabyň içinden tapypdyrlar. Obaň ýaşulularynyň aýtmagyna görä, her 10 ýyldan bir elhenç ruh obaň adamlarynyň kastyna çykýan eken, bu günem şeýle gün öýdýän, "WÄÄÄÄÄÄÄÄÄ" diýip gygyrdy.

Mergeniň zähresi ýaryldy, öňem saňňyldap gelýän aýaklary oňa diýenini etmedi, oturyp galdy. Muňa Çary bilen Nurmyrat hezil edip güldüler.

-Turow dost, bizä saňa erkekmikä diýip ýörsek, sen-ä gutaran züwwetdin ekeniň diýip gülüp hezil etdiler. Şol wagt Çara Merdandan jaň geldi.

-Alo, gowumy Merdan.

Aňyrdan gorkunç, eýmenç ses geldi:

-Indi Merdan ýok, basym Sizem bolmarsyňyz, men häzir Siziňem ýanyňyza barýaryn. Şeý diýip telefon öçdi. Merdany yzyna jaň etdi. Oň eli öçürlen. Nurmyrat:

-Eýgilikmi Çary, Merdan näme diýýär?

-Ol Merdan däl, ol Merdan däl. Çary aljyrap özüni ýitirip ugrady.

-Näme boldy, kim ol?

-Ol Merdan däl, oň sesi telefondan çykmady, meň gulagymyň içinde ýaňlandy, bu şol elhenç ruh, ol häzir biziň ýanymyza gelýär.

-Aý dost, hiç hili ruh ýok how, ikiňize näme bolýar düşünmedim.

Şol wagt bir nätanyş el Nurmyradyň boýnundan sypalap geçdi. Yzyna seretse hiç kim ýok. Nurmyradyň ýüzi ak tam boldy.

-Oglanlar şol ruh diýýäniňiz eýýäm şu taýda, ol maňa elini degirdi, oň buz ýaly eliniň yzy entegem boýnumdan gidenok.

Oglanlaryň üçisem bir ýere jemlendi. Mergen:

-Indi näderis oglanlar diýip aglamaga durdy. Oň agysyna Çary bilen Nurmyradam goşuldy. Seretseler aňyrdan Merdan gelýär, üst-başy gan. Nurmyrat oň öňünden çykdy, seretse Merdanyň gözleriniň garajygy ýok, gözi tutuşlygyna ak bolup dur. Gelşine gorkunç ses bilen:

-Sizem meň bilen gidersiňiz diýip özüni Nurmyradyň üstüne atdy, Nurmyrat ýykyldy, ýatan ýerinde gygyryp başlady:

-Oglanlar kömek ediň bu Merdan däl, bu şol ýowuz ruh.

Oglanlaň ikisem ylgap gaçyp gitdi. Yzlaryndan Nurmyradyň zaryn sesi ýaňlanyp durdy. Olar şeýle bir ylgaýardylar. Ahyryn Nurmyradyň sesi ýatdy. Şol barşyna Çaram büdüräp ýykyldy. Mergen bolsa şol ylgap barýardy. Çary oň yzyndan gygyrdy:

-Mergen, ol gorkunç zat meni heläk edýär, kömek edäýdä dost. Mergen bu sözleri eşitsede yzyna gaýtmaga ýüregi etmeýärdi, Şol barmana ol bir öýüň howlusyna girdi. Bat bilen gapyny urup başlady.

-Kömek ediň, kömek ediň.

Emma ýüregi hälki elhenç zadyň ýakynlaýandygyny duýýardy. Birdenem içerde yşyk ýandy. Ol begenjine gapyny has batlyrak urdy, göwnüne jaýa girip ýetişmejek ýalydy. Gapy açyldy. Ol begenjine içerik uçup girdi. Seretse garşysynda şol penjirede gören ýowuz mahlugy durdy...

28
100
massimus
05.11.2023 08:26

Otludaky tanyşlyk

Salam agzalar, gowumy işleriňiz, görýän düýşleriňiz, sagdyn dişleriňiz bar wagty gadryny biliň, süýji zatlardan saklanyň. Şokolatdan, buzgaýmakdan, tortdan we Massimusdan uzagrakda boluň. Bu dört görnüşli süýjilik siziň saglygyňyz üçin zyýanlydyr. "Bal süýji, baldan balam süýji" diýilşi ýaly gyzlar süýji zatlary gowy görýärler. Menem süýji bolamsoň mydama gyzlardan daşrak durmaga synanyşýan. Sebäbi men olaryň saglygy üçin zyýanly. Süýjiligim zerarly bir ýerde köp otursam meni garynja basýar. Daşarda arkaýyn gezip bilemok, meni balary kowalaýar. Irden bakalyma kofe atýan, şeker gerek däl, barmagym bilen bulasam ýeterlik, Meň adymada ilki Şekerçiňrik goýjak ekenler, soň özem süýji, adam süýji bolsa ajylaryň gözi deger diýip göwnemändirler. Gyzlar bilen söýüşenimde olar maňa Bauntim, Snikersim, Kinder sýurprizim, Rafaellam diýýärdiler. Bir gün seni iýerin diýýärdiler, men mydama gyzlaryň lýubimçigidim, olaryň nomer odinidim, ýeketägidim, Bir gün bir gyz meniň ýaňagymdan ogşajak diýip halys goýmansoň rugsat beräýdim. Ogşamasyna ogşady, ýöne süýjiň derdinden dodagy ýüzüme ýelmeşip galdy, Doktora bardym, olam bul oglan garrap süýjisi gidensoň aýrylaýmasaň biziň elimizden geljek zat ýok diýdi.

Garaz, Zoluşkaň aýdyşy ýaly: "Arzuw etmäg-ä hiç kim gadagan edenok, şoňada şükür"!

Arzuw edip bolan bolsak mowzuga başlaýaly. Bir güni iş bilen Aşgabada ugramaly boldy. Otla mündüm, ýerleşdim. Bir owadan gyz gelip

-Bagyşlaň, meň ýerim 3-nji polkadan, siziňki 1-nji eken, ýokary çyksam ýüregim bulanýar (seňkem bulanýan bolsa o seň öz problemaň), ýerimizi çalşaýaly eger mümkin bolsa (özüňem çmorak oglana meňzeýäň, men ýaly gyz-a düýşden bärde gören dälsiň, agzyň suwuny akdyryp otyrsyň) diýdi. Menem oňa

-Bolýa, bolýa men özi ýokarda ýatmany gowy görýän (şu gyz bilen tanşyp biläýsem, 3-nji polkadan aşak gaçsamam razy).

-Waý sag boluň, sizede azar boldum (garagyň aksyn).

-Bolýa, bolýa men özi ýokarda ýatmany gowy görýän (bolmanda sözleň ýerini bir çalyş).

-(Ýokarda ýatmany gowy görýän bolsaň, çykda ýokary, agzyň açyp oturmada) Sag boluň!!

Men ýokary çykdym, ýerleşdim, biraz irkilipdirin. Gykylyga oýanaýdym. Ýanymyzdaky daýza ol gyza jan edip bir zatlar düşündirýär. Emma ol gyza zat düşündirip boljak däl.

-Gyzym özüňem 25 ýaşapsyň, senem birine egri, birine dogry diýip ýörmäni durmuşa çykmaly ekeniň.

-Aý daýzaşka, erkek barmy häzir, erkekleriň bary 41-45-de gyryldy. Häzirki erkekleň gyzlardan ýekeje tapawudy bar, boldy.

-Ýekeje tapawudy nämekä?

-Aý nemedä, şozatda.

-Waý näme zatda?

-Gel gulagyňa aýdaýyn daýza (......)

-Waý toba, sen durmuşa çykmany o zatlary nirden bilýäň?

-Erkekleň bary bir gör. Haýsyny görmeseň şo gowy.

Men ýatyp bilmedim, ýuwaşlyk bilen aşak düşdüm. Ol gyz maňa seredip

-Siziň haýsy biriňiz gowy, bu gün birine söýýän diýýäňiz, ertir ýene birine, soň başga birine, dogry dälmi?

-Dogry däl, hemme oglanlary birmeňzeş diýip bolmaz, gyzlar ýaly olaram dürli-dürli.

Ol gyz biraz köşeşen ýaly göründi.

-Hemme oglanlar diýjek bolamak (bul oglan görnüşi ýaly samsyk däl öýdýän), siz gaty görmäň.

-Ýok, gaty göremok.

-Meň adym Güljemal!

-Massimus!

-Owadan adyňyz bar eken (Muny ol aýtmaly dälmi, aý bolýala).

-Okaýaňyzmy, işleýäňizmi?

-Ejeme kömekleşýän.

-(Haýsyň düşündiň näme diýdäý bi? Täzeden soraýsammykam) -Ejeňiz okaýamy, işleýämi?

-Ejem jygyllykda eşik satýa, şoňa kömekleşýän.

-Menem ýanyňa işe alaýda.

-Sen o taýda işläp bilmersiň, biz köplenç beýleki eşikleri satýas.

-(Beýleki eşikler nähili bolýaka? şu Aşgabada her wagt gelip durmalow, 1 ýyl gelmeseň, köp zatdan yza galýaň) Beýleki eşikler, geýilen eşikler bolýarmy?

-Ýok how (Sataşdym öýdýän, nädip düşündirsemkäm). Gel gulagyňa aýdaýyn.

-(Wiýýý, hääää, o-my, utançsyz gaty utandyrdy meni, waý kolhoz) Wiýýý, hääää, düşündim.

-Gel saňa gyzykly sorag bereýin.

-Ok.

-Bir gyz bir oglany söýüpdir, olar şähere okuwa ugrapdyrlar. Gyz otla bilet alypdyr, oglan alyp bilmändir. Şonda gyz oglana

-Ikimiz bir ýerde ýataýaly, aramyza ýassyk goýaýarys diýipdir.

Oglan razy bolupdyr.

Bular okuwa giripdirler, okuw jaýynda umumy ýaşaýyş jaýy ýok eken, ikisi kwartira alypdyr. Kwartirada bir krowat bar eken. Ýene gyz oglana

-Ikimiz bir krowatda ýataýaly, aramyza ýassyk goýaýarys diýipdir.

Bir gün bular kino gidipdirler. Meň maňlaýym ikidir............diýlişi ýaly kinoda bir bilet galypdyr. Şonda oglan

-Sen biledi alda giriber, men haýatdan aşaýaryn diýipdir.

Şonda gyz oglana bir zat diýipdir, ol oglan utanjyna soň şol gyza görnüp bilmändir.

-Jogabyny tapsam nomeriňi berermiň.

-Gowuja pikirlen, menem pikirlenip görerin.

Elbetde Massimus bu soragyň jogabyny tapdy, nomerinem aldy. Ol gyz bilen gyzykly wakalaram köp boldy. Muny gürrüňiň dowamynda bileris elbetde...

28
82
massimus
04.11.2023 08:39

Çagalar bagyna bileje bir ýoldan ýöräp giderdik. Mekdebede bile gatnardyk bir köçeden. Duşuşýan ýerimizede eltýän ýekeje ýoda bardy. Aýrylmagymyza tapan bahanaň bolsa: "Biziň ýollarymyz aýry"...


Söýgi bolmasady, menem söýmesedim diýipdiň. Wah, sen bolmasadyň menem söýgi näme bilmesedim...


Mekdebimiziň ýanyndaky agaçlaryň gaýyp düşýän ýapraklarynda hiç hili aýralygam, romantikada görüp bilemokdym, meň gözüme ol öňem ýetişiksiz meýdan süpüriji gelneje üçin artykmaç zähmetdi...


Sen aşa dogruçyl. Aldajak bolup özüňi gynama, ýogsam men ynanjak bolup özümi has beter gynaýan...


Gideni saklama, eline taksi pulunam ber diýipdi arada biri. Wah, başga şon ýalyň barlygyny biläýsem dagy samalýotly ugratjaga...


Dädem maňa baran ýeriňde hakyňy goýberme diýipdi. Ýa sen meňki bolarsyň ýa-da iýip, içen zatlarymyzyň puluny özüň tölärsiň...


Adam maýmyndan gelip çykanmyş. Ynanýan. Entek gelip çykyp ýetişmediklerem bar...


Problemalarymy çözmek üçin kredit aljak boldum. Gaýtam ýene bir problema goşuldy...


Seň gülüşiňe aşyk, gaharlansaň gorkup ugraýan...

28
40
massimus
03.11.2023 07:39

Arada bir toýda myhman bolmak miýesser etdi. Dostumyň agasy öýlendi. Dostumyň uly gyzy ikinji klas, agasy indi öýlenýär. Hudaý islände, nika gyssanda, toý mesele däl Türkmenistanda diýlişi ýaly nikasy gyssamaýanlar hiç hili alada galmaly däl, hökman bir nesibeli gün bar eken. Ýogsam şol oglanam men gyz gözleýän, aýfon ýaly owadanjasyny, samsung ýaly çydamlysyny, nokia ýaly prostoýyny, redmi ýaly elýeterlisini (elýeterli sözüni çekip, süýräp, tigirläp, derýadan geçirip Kerki taraplara äkidip ýörmäň, bärde galyň (mähir) manysynda ylalaşyk diýip düşüniberiň) diýip näçe ýyl gezdi. Sabyrly gul (bärde tire manysynda däl, düşünensiňiz) dura-bara diýlişi ýaly aý ýaly maşgala bilen goş birikdiripdir. Bäherdende bagt kän, Nebitdagda nebit kän, Gyz berseň Görogla ber, Simpatiçnyý ýigit kän diýip görümsizlenip oturmaýyn gowusy, yzyny diňle.

Suw akar daş galar, toý gutarar alkaş galar diýlişi ýaly menem toýdan soň dostum alyp galdy. Toýa gelen myhmanlaryň içinde Atabaý bilen Bally Hajyň ýolundan aýdýan bagşylar bar eken. Ýaşulyrak adamlar. Özümä Atabaýyňam, Bally Hajyňam muşdagy däldim. Ýöne ýaňky ikisi tüweleme, talant eken. Žiwoý şeýle bir aýdýarlar (Ulalsam aýdymçy bolaryn diýipdim, bulary görüp pälimden gaýtdym). Gezekleşip biri Atabaýyň, biri Bally halypaň aýdymlaryny aýtdylar. Sagat daňdan üç töwerekleri öýdýän ne gidip ýatýan bar, ne gözüni gyrpýan bar. Endam janymyz gulak bolup diňläp otyrys. Öwülen oglan öňüňe diýlişi ýaly Ballyň fanady şeýle diýdi:

-Ine şul aýdymy ilki Bally aýtdy, soň Atabaý özüçe üýtgedip aýtdy, aýdymyň şiresini gaçyrdy.

Eýlekem ýeň bererli däl.

-Atabaý hiç aýdymyň şiresini gaçyran däldir. Bul aýdymy Bally aýdyp oňarmansoň Atabaý täzeden ýerine düşürip aýtdy.

Item gitdi, ýüpem gitdi diýlişi ýaly turdy bir dawa. Bagşylaryň ikisem elli ýyllyk gadyrdan dost eken. Ýakalaşmaň bäri ýany. Biri Bally Hajyny öwüp Atabaýy ýere sokýar, eýleki tersine.

Soň dostumyň kakasy (kaka-edebi söz, däde, papa, äke, ates, pahan şiwe sözleri) maňa:

-Hany myhman özüň bir zat diý, haýsynyňky dogry şulaň, onsoň dawany goýalyňda aýdym diňläliň diýdi.

Dymyşlyk. Hemmeler maňa seredýär. Atabaý bilen Bally Hajyň hakyky janköýerlerem gözleri bilen meni iýjek. Häzir haýsyny saýlasam, beýleki bilen ýaka tutuşmaly boljak. Ähä, Bally Hajyň fanady eginlek, daýaw pyýada, Atabaýyňky hor ýaşuly, aý şuna bir zat ederin, gowusy Bally Hajy gowy aýdýar diýäýeýinle.

-Ikiside biri-birinden beýik,

-Beýikleň boýuny ölçemek aýyp,

-Her haýsy bir dagyň örküji diýip,

-Goşa daga des-deň buýsanşym besdir.

diýdim. Bolsada Kerim aga dadyma ýetişäýdi.

Hemmeler berekellada-berekella. Hany indi meni saklap bolsa. Mikrofony hiç kime beremok.

-Günde gapymda toý bolsa çydaryn,

Gora meni ýas belasyndan,

Duşman gelse gözüni çykaryn,

Gora meni dost belasyndan.

Dostlar hakyky bolsun, dostlar ömürlük bolsun, dost ynjamasyn diýdim welin ýaňky iki dost biri-birini gujaklap aglaşdylar. Ýaraşdylar öýdýän. Indi men goýamok ýöne.

-Bally halypa bilen Atabaý halypanyň hersiniň öz ýoly bar. Bulary biri-biri bilen deňeşdirip bolmaz. Ikisiniň mirasam biz nesiller üçin...

dostum çalaja dürtdi, goýaý indi diýen manyda.

-Hany indi gezegi bagşylara bereliň diýdim.

Arada rus saýtlarynyň birinde Jeki Çan bilen Brýus Lini deňeşdiripdirler. Göýä ikisi söweşende haýsy ýeňerdi. Awtor her hilijek detallar bilen ikisini deňeşdiripdir. Emma bu aslynda mümkin däl zat. Başa-baş söweşde ýeňäýendede ol oň beýlekiden güýçlidigini aňlatmaýar. Şoň üçin döwrebap söweşlerde rewanş boýlar, trilogiýalar gurnalýar. Hatda şolaram haýsynyň güýçlidigini anyk kesgitläp bilmeýän halatlary bolýar.

Ýöne bu göwün açmak üçin erbet ideýa däl.

Mysal üçin: Azat Dönmezmi ýa Hemra Rejepow, S.Beatermi ýa Aýdaýözün, Sahydursun Garajaýewamy ýa Züleýha Kakaýewa, Ýagşy Goşunowmy ýa Myrat Mollaýew....

Siz bu barada nähili pikirde?

30
92
massimus
02.11.2023 08:02

Garaz, doglan gün gutardy. Myhmanlary ugratmaga çykdym. Roza ýuwaşlyk bilen meň ýanyma geldi. Biz oň bilen ýuwajadan ýöräp barýarys.

-Massimus, seň meni nähili söýýändigiňi bilýän, dogrudanam sen gowy oglan.

-Ony aýtdyň.

Ýöne sen özüňe mynasyp gyzy taparsyň.

-Onam aýtdyň.

-Men saňa mynasyp däl.

-Nämüçin?

-Meň durmuşym saňa görnüşi ýaly däl, meň ýene bir durmuşym bar, meň ýabany dünýäm bar, ol ýerde sen ýaşap bilmeýäň.

-O nähili ýabany dünýä, sen içgilimi Roza?

-Soň saňa hemmesini gürrüň bererin, häzirlikçe hoş, meni bagyşla Massimus.

Ol şeý diýdide ýabyň boýundan gyzlar bilen bile ýöräp gitdi. Men eşiden zatlaryma doly düşünip bilmesemem, olaryň yzlaryndan seredip durdum. Birdenem çirkin ses eşidildi.

-Massimussss, Massimusss. Men olaryň yzyndan ylgadym. Roza ýerde huşsuz, samyrdap ýatyrdy.

-Näme boldy.

-Ony ýylan çakdy, Massimus kömek et.

-Ýylan, näääddiiip.

Roza bolsa şol samyrdap ýatyrdy:

-Bagyşla meni, meni bagyşla...


Etrap hassahanasy. Lukman ýaňy özüne gelen gyzyň hal-ýagdaýyny barlaýar.

-Lukman maňa näme boldy?

-Sizi ýylan çakypdyr, indi hemme zat gowy, ýagdaýyňyz kanagatlanarly. Tüweleme, çöregiňiz bitin eken, wagtynda ilkinji kömegi alypsyňyz.

-Meni bu ýere kim getirdi?

-Bir oglan, ýene iki sanam gyz, klasdaşyňyz diýdimi, nämemi? Umuman-a olar we Siziň hossarlaryňyz daşarda garaşyp durlar. Isleseňiz ýanyňyza çagyryp bilerin.

Gapyny ýuwaşlyk bilen açyp içeri girdim. Roza meni görüp ýerinden turjak boldy. Oň görnüşi öwerlik däldi. Öňki aýa bäs edýän ýüzüniň reňki öçüpdir, deňiňden geçende süňňüňi elendirýän anbar ysly saçlary bulaşyk, göni ýüregimiň içine seredýän gedem, buýsançly, syrly gözleri bolsa gussaly, aladaly.

-Salam Roza, gowumy ýagdaýlaryň?

-Erbet däl, ýöne özümi birhili ýylan çakan ýaly duýýan. Ýogsa-da sag bol Massimus. Sen bolmadyk bolsaň belki men häzir...

-Ýok, sen güýçli gyz, emgek bolup geçsin.

-Men saňa bir zat aýtmaly. Men seni.....

Gapy batly açyldy. Saşka bilen Mekan geldi. Mekan:

-Roza gowumy ýagdaýlaryň, eşidip gaýdyberdik, gynandyk dogrusy. Nebir ýylanyň üstünden ökjeli köwşüň bilen basyp oň gelşigini gaçyrypsyň, indi ol ýylan köpçülige çykyp bilmän ýörenmişin.

Roza çalaja ýylgyrdy.

Saşka:

-(Maňa seredip) "Möý adam" gowumyň. Rozany ýörite yzarladyňmy ýa uçup ýörkäň gabat geldimi?

-Geleniňiz üçin köp sag boluň.

Men:

-Bolýar onda Roza, sag amanja gutul!

-Köp sag bol.

Menem oglanlar bilen çykdym. Daşarda Rozanyň bir topar garyndaşlary garaşyp duran eken. Ýolda gelýärkäk Saşka:

-Dost, "Söýgüniň güýjündäki" Sani ýaly Rozanyň aýagyndaky zäheri sorup aýyrdyňmy?

-Ýok dost, ony göterip Gurbangeldi tebiplere eltdim, näme eden bolsa, şol etdi.

-Saniň rolunda ekranda ilkinji gezek Gurbangeldi agada?

-Howwa.

-Eýtdiň, beýtdiň oň gahryman-a bolduň ýöne. Eger meni ýylan çakan bolsa menem göterip Gurbangeldilere äkiderdiňmi?

-Ýok. Men Gurbangeldiň dostawşigi däl, günde oňa klient eltip berer ýaly. Seni göterip direktorymyzyň gapysynyň agzyna oklardym, goý sen ölensoň olam süýrelsin.

Mekan:

-Men-ä Massimus ýylan çakany bejerýär diýseler belki gemoroýym, zadymam görüp berer diýip ýördüm.

-Görüp bereýin dost, soň Gurbangeldä bejerdäýersiň.

Öýe geldim. Ejem:

-"Tiz kömek" gowumyň, "däli gaçsa öýe gaçmaz" diýip öýede gel arasynda. Ýogsa-da gelinbaý nähili?

-Gelinbaýyň-a tanamok, ýöne Roza özüne geldi.

-Tanamok diýip soňam özüne geldi diýýäňmi?

-Eje men-ä biraz dynç aljak.

Öz otagyma girip, ýene sen hakda pikirlendim. Ýene seni ýatladym. Ýatlamalar, senli ýatlamalar. Meni ömrümiň soňuna çenli ýeke goýmajak pursatlar. Hyýalymda senli günlere kän dolanýan. Bagtly günlerimiň bagtsyz ýatlamalary. Belki sen barada hiç haçan hiç kime gürrüň bermezdim. Diňeje hyýallarymda, içki dünýämiň gözel äleminde ýaşardyň belki.

Äpet okean. Söýgümiziň simwoly bolan gämi. Şol filmi meň halaýanym üçin söýüp göreniňi aýdypdyň senem.

Garaňky gije, sergin şemala ülpüldeýän ýaýylan gara saçlaryň kümüş aýyň ýagtysyna hasam gözel görünýär. Titanigiň öňünde ikimiz äpet, asuda okeana seredip ganat ýaýyp ýüzüp barýarys. Biziň barýan ýerimizde ýalan, gybat, görüplik, dönüklik ýok. Ol ýerde diňe söýgi bar. Sen we men. Biziň tamamlanmadyk, asla tamamlanmajak söýgi hekaýamyz bar...

22
77