Beýnimdäki mutant ýa-da duýgularymyň senzurasy...
Ykbal ýollary, durmuş öwrümleri, tanyş nätanyşlar, ilkinji bakyş...ol belki ilkinjem däldir, ýöne ilkinji gezek saňa mähirli seredendir. Şol günden başlabam şol gedem gözlerde ýene şol mähri gözläbem sergezdan bolansyň belki. Şol günden dünýäň üýtgändir, seni senden birugsat asmana uçurandyr, senem Spider-man ýaly öz düşnüksiz kerepleriň bilen tutuş obaň üstünden uçup ýörensiň, ilden üýtgeşiksiň göýä. Ol bolsa özboluşly, gedem, oň özüniň ýabany dünýäsi bar.
Iň süýji düýşümi gürrüň bereýinmi saňa dostum, onda diňle...
Egnimde eşekswet kostýum, nu pogodi-ň baýdagy ýaly gülli galstuk, elimde-de synp ýolbaşçymyzyň: "ogurlanaýsa etiňden manty ederin" diýýän synp burçunda goýulýan Ruhnama kitaby (her güni öýe äkidip-getirýän, klaskomlykdan aýyraýmasyn diýip, wezipesiz ýaşaýyş kyn gardaşym) agyr ädimler bilen klasa girýän. Hemmeler maňa seredýär (gapydan biri girse seredilerdä) menem Şahruk hanyň "Tuje de ka to ýe jana sanam" aýdymy bilen ýerime geçýän. Göz gytagy bilen yzyma seredýän. Oň bolsa öz gaýgysy, kel gyzyň saç gaýgysy, maňa itmiňem diýenok. Soň baýguş ýaly göni kellämi yza öwrüp seredip görýän. Gulagymda Seline Dion daýzaň jadyly aýdymy ýaňlanýar. Birdenem gapy açylýar. Mekdebimiziň direktory, hyrsyz şahsyýet, Çingiz hanyň zenan görnüşi klasa girýär.
-Koridoryň aýnasyny kim döwdi?
Ses-üýn ýok.
-Sizden soraýan ýabanylar, muny haýsy kramanýon etdi?
Meni kim satandyr öýdýäňiz?! Howwa şol, eýjejik kazýol.
Žanna Dark ýaly dogumlylyk bilen ýerinden turup sensoryň blokirowkasyny açýan barmagy bilen meni görkezdi.
Şol gün şeýle bir begendim (satylanyňa begenen bolsaň-a doktora ylga diýäýme, garaş biraz). Dogrudanam ol gyz meni görýän eken. Görýän bolsa diýmek söýer, meni söýmezlik mümkinmi eýsem?!
Kabinetinde direktor meni "teýk-daun" bilen ýykyp, "full-mauntda" ýatyryp yzgider urgular ýollap "fataliti" ýagdaýyna düşürýänçä şu zatlar barada oýlandym.
Ýene bir günem mekdebiň sport meýdançasynda B klasymyz bilen futbol oýnaýardyk ("A klas aý ýaly, aýa-güne taý ýaly" A klasda okanlara ýalkymly salam). Meni göýä Real Madridiň skautlary görmäge gelen ýaly iň soňkyda oýnaýardym. Hüjümde-de, goragda-da, derwezede-de, mugallym ýetişmese ornuna jürlewigem özüm çalýardym. Eger şol gün meni Pele göräýen bolsa "futbol şalygy seňki, dost" diýerdi.
Emma ol wkussyz gyz meň bilen däldi. Biriniň ýazan hatyny okaýardy, ýylgyrýardy. Iň bolmanda "çerez sebýa" golumy bir gördä, görmedi. Bu golumy Ronaldu copy-paste edip Buffona ýollar entäk kän ýyllar soň.
Ýöne men saňa entek görkezerin. Massimus seň üçin padarka däl (Ilki wirtuala gelemde özümi tanyşdyrmakçy däldim. Piter Parker ýaly syrly galasym gelýärdi. Şoň üçin ýazgylarymda-da Massimus-y ulanýardym. Soň agzalar bilen tanyşlyk başlady. Meni gowy garşy aldylar, meni goldanlara we henizem goldaýanlara baş egip tagzym edip duran smaýlik). Garşydaş derwezäň ýanynda fint etjek bolup derwezeden daşlaşypdym, (Müň öwünseňem Ronaldinýo bolasyň ýokla) topy aldyrjagym görnüp dur. Şol wagt öz oglanlarymamy, özümemi, ýa üns berilmedik talantymamy gahar edip topy gatyrak depdim. Olam baryp şol gyzyň kellesine degdi. Eger şol gyzy top bilen nyşana al diýselerem beýle anyk urup bilmezdim.
Gitdi, tahýa bir ýana, kelläňe dakylýan jäjekler bir ýana, Şageldiň ýazan haty bu bir ýana. Gözünde ýaş, elinde daş, gaýtdy bärligine bir bagrydaş.
-Bagyş...bagyşş. eý wäk, bagyş. Turdy bir tomaşa. "Mans of the match" bolmaly oglany daşlap ýörler, hany adalat, hany janköýerlik, ýewropada dogulan bolsam-a futbol taryhyndaky iň beýik futbolçy bolup şu wagt Al Nasrda oýnardym.
Garaz şeýleräk düýşler, çagalyga çagyrýan düýşler, meniň ulalmagymy islemeýän düýşlerim, men Sizi şeýle bir göresim gelýär...