massimus
08.11.2023 07:55

Döwrebap ýigit...




Orta mekdebi gutaran ýylymyzdy. Sadadyk, hakyky obalydyk. Öýjükli aragatnaşyk ulgamy hemmä-de elýeterli däldi. Obada sanlyja adamda "hoz döwülýän" nokia bardy. Adamlar nädip simsiz zatda biri-birleri bilen gürleşýärkäler diýip haýran galardyk.

"Internet" diýilse, internat göz öňüme gelýärdi. Ah, şol döwürleri diýsene...

Şähere özbaşdak gidýärdik, ýöne zordan, depilmäni yzyňa gelmek uly bagtdy. Häzirki ýaşlar dagy gaty bagtly, obaly ýaşlaram "şäherlilerden" tapawutlandyrmak kyn. (Bäh, Massimus senemä uruş döwründe ýaşan ýalylaý, öňki döwür, soňky döwür diýen bolup, özüň näçe ýaşyňda? Aý, aýal dogan toçn-a bilemok, ýöne ýer ýassy bolany bäri bar menem).

Baý-baý, Daşoguzyň "möjekleri" biz "goýunlary" derrew tanaýardylar-ow.

Bir gezegem bir dostum bilen gitdim şähere. Şäher diýsem, şäherde entäbem ýöremzokdyk. "Baý bazar"-a barýas i obratno.

Çagakam bazara äkidenlerinde atyzdan mugt alyp iýibermeli zatlary utanman, pula satýan özbek apalary görüp (Özbek doganlarymyza hiç-hili negatiw garaýşym ýok, hat-da bir özbek gyza öýlenjegem bolupdym, munam bir çaý başynda gürrüň bererin) hem-ä geň galypdym, hemem näme üçindir bazar meni şeýle özüne çekipdi.

Dostum bilen aýlanyp ýörüs bazarda. Käşirleriň, kartoşkalaryň, kädileriň ("kädi" sözi çärjewçeden alynmadyk bolup, "palawkädi", "balkädi", "naskädi" ýaly görnüşleri bolan bakja ekininiň ady) arasynda aýlanyp ýadap, ahyrynam "howply zona" egin-eşik zat satylýan tarapa geçdik. Öňümizden bäş sany "şäherli" gelýär. Olar bir hatary dolduryp gelýärler. Yzyňa ýöreseň birhiliräk. Olaram bazary edil näneleri guran ýaly gaty arkaýyn gelýärler. Edil film ýaly wakalaryň dowamyny göz öňüme getirdim. Olar şu bolup gelşine göni bize çaknyşýa. Yzynymy? yzyny aýtmaýyn aýal dogan. Göz öňüme gelen wakalardan özüm tisginip gitdim.

Ol döwürler Wandamyň kinosyny gaýtalap görüp ýören Massimusam heý-de zatdan gorkarmy? Göýä Wandamyň ruhy ýanyma gelip: "Mert bol körpe, sen nesip bolsa meň mynasyp dowamçym bolarsyň, bu "ganly sportdan" gorkma" diýdi. Ýöne şu köp okaýanlygym gursun. Beýleki tarapdan Sokratyň ruhy gelip: "Olar samsyga ýol bermeseler, sen ýol ber samsyga" diýdi. Wandamyň ruhundan ötünç sorap, ýaşok Sokraty diňlemeli boldum, näme bolanda-da garryň hormaty bar. Hataryň gyrasyndaky eşiklere dykylyp diýen ýaly "agyr artilleriýany" geçirjek bolduk. Bolmady. Olaryň biri dostumy egni bilen itip geçdi. Soňam girre yzyna öwrülip bize haýbat atyp ugrady.

-Eý kalhoz, slepoýmysan, ýa şündin horazmisan, köçege sygmin kaldyňmi? (Ýalňyş ýazan sözlerim üçin özbek doganlamdan ötünç soraýaryn. Näme üçindir şol wagtlar şäherde özbekçe gürlemek modady, şäherli türkmenlerem şol dilde gürleşýärdiler, häzir aňsat-la, "s" bilen "z" harpyny basyp aýtsaň şäherli bolýaň. Meselem: ssöýgülim ikimizz ssögüşdik). Bularyň gürleýşine häzirem doly düşünemok, ol wagtlar-a aňkaryp durus, diňe "horazmy sen" diýen ýerine düşündim, ýanymdakam menden gowy däl. Ýöne aljyramadym, Şahrugyň stilinde jogap berdim:

-Bagyşla dost, uly şäherlerde-de kiçijik ýakymsyzlyklar bolup durýar.

Ol ýüzüme şeýle bir erbet seretdi welin, birden Wandamyň ruhy burnuny ganadyp ýene ýanyma geldi. Özüme ynamym artdy. Menem oň gözüne hyrsyz seretdim. Ýanyndakylaryň biri dostumyň ýakasyndan tutdy. Töweregime seretdim, Wandam küje, zat küje. Iň soňky güýjüni jemläp "Azatlyk" diýip gygyrýan şotland gahrymany Uilýam Loksli ýaly, soňky gaýratymy jemläp şeýle diýdim:

-Erkek bolsaňyz odin-odin geliň, lýuboýyňyz bilen suwda söýüşmelem bolsa taýyn.

Howwa, artykmajrak gürlänimi bilýän. Eger-de şol sary futbolkaly garaýagyz oglan ýeňsesini etçapar ýaly edip geläýs-ä, menden razy boluň diýip bäş keleme söz aýdyp, içimdenem bilýän dogalamy okadym.

Ýolbarsyňam gözüne mert bakmagy başarsaň sussy basylýar diýýäler. Ýöne garşyňda ýolbars dursa bakyşyňda mertlik galjakmy?

Emma olar biri-birini köşeşdirip ýanymyzdan gitmek bilen boldular. Urşy başlan garaýagyz bolsa maňa seredip: "görişämiz" diýip gitdi. Bu-da Massimusyň hekaýalaryndaky ýaly "dowamy bar" diýen ýaly sözdi.


Dowamy bar.

29
91
nabat_
8 Noýabr 2023
👍👍👍👍
massimus
8 Noýabr 2023
@Bitter, ýok, gülemok
massimus
8 Noýabr 2023
@geldiyevna, bizde bular ýaly erkin ýazylanlary çap etjek gazet bolmaýmasa
okan
8 Noýabr 2023
👍👍😃
alma___
8 Noýabr 2023
Dowamyna garaşýas
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.