massimus
10.11.2023 09:39

Bagyşla meni...




Bagyşla!


Saňa duşup öwrendim "bagyşla" diýmäni. Günäsiz ýerimede adamlara "bagyşla" diýmäni öwretdiň maňa. Sen öwretdiň gözüm ýaşsyz aglamagy, sen görkezdiň iň uly hasraty. Durmuşyň umyt bilen başlap, aýralyk bilen gutarýanlygyny görkezdiň. Ýüregimiň iň uly ýalňyşy bolan ýürekdeşim, ynjyk duýgularymyň sebäpkäri.

Gara dag deý bagtymdan daşam galmady, dagarman! Sen gideňde bagtlydyň, diläpdim mundanam bagtly bolmagyňy. Diýipdim saňa : "Özüňi gora, men goraryn ikimiziň wysal bolmadyk söýgümizi, men hyýalymda goraryn maňa söýgi bilen bakan gözleriňi, seni ýeketägim saýyp saňa aýdan hiç kime aýtmadyk sözlerimi, ýöne ýyllar geçip öňümden çykaýsaň ýürekden ýylgyrgyn, men görmek islämok seniň bagtsyz gözleriňi".

Ýöne kejir ykbal bizi ýene duşurdy. Namart dünýäň, wagşy pelegiň oýnuna seret. Sen garrapsyň dünýäm. Gözleriň solgun, ýüzleriň tutuk, biraz horlanypsyňam. Ýüregim elendi, kalbym gyýyldy. Çünki meni taşlap gideňde-de, namartlygyňa, biwepalygyňa dost-ýarlarym garganda-da men saňa erbetlik dilemändim. Meň gadrymy biler ýaly bir gadyrbilmeze duşmagyňy soramandym ykbaldan. Meni görüp : "Üýtgemänsiň, şol öňkiligiň" diýdiň diňe. Biygtyýar agladyň şonda. Men bolsa bagtsyzlygyňy gözleriňde gördüm. Seni bagtsyz görüp öz bagtymdan utanypdym.

Ýatlamalarymda ýaşaýan ýalňyzym, duýguly dünýämiň dermany, oglanlyk döwrümiň armany, sen barybir meni bagyşla. "Sensiz ýaşamaryn, ýaşasamam bagtsyz bolaryn" diýen wadalam üçin. Men sözümde durup bilmedim. Sensiz ýaşadym, özem bagtly ýaşadym. Şoň üçin meni bagyşla! Başaryp bilseň bagyşla, dünýäm!


Eý yşkyma tagma,

ömrüme yza,

Hijrany ataşdan,

janymdan gymmat.

Ezizlän ezizim,

wepasyz bagtym,

Bu gün maňa juda agyrdyr dymmak.


Gözi umman,

ýylgyrşy em,

jadylym,

Biwepa dünýäniň mysaly sende.

Sen özüňi bagtly duýduň,

arzylym,

Bu ýagty dünýäme tümlük gelende.


Naçar duýgularym aglapdy şonda,

Göz ýaş dökdüm ölen söýgiň üstünde,

Ýeke-täk myhmandyň,

ýaşap bilmediň,

Meň söýgi dagymyň Ewerestinde...

21
73
massimus
11 Noýabr 2023
@geldiyevna, hä, indi düşündim 😎
massimus
10 Noýabr 2023
@geldiyevna, düşünmedim, nähili çykarýalar?
massimus
10 Noýabr 2023
@violinist, ýüregimiň üstünden şypbykly ýörediň 👍
violinist
10 Noýabr 2023
Gitmesene, ýürek-bagrym elener, Arzuwlarym ýetim galar ýagyşda, "Sensiz galsam bir gün ýaşaman" diýrdim, On ýyl bäri ýaşap ýörün, bagyşla...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.