Aşgabat. Bu ýer meniň arzuwlarymyň çür başy, mähriban paýtagtym, milli buýsanjym. Bu ýeriň atmosferasy, dünýägaraýşy, döwrebaplygy meni mydama özüne çekýär. Ömrümiň 6 ýylyny geçiren şäherim. Arzuwlarymyň, synagly günlerimiň, kiçijik üstünliklerimiň şaýady bolan gadyrdan mesgenim. Dogduk depämi küýsesemem, saňa dolanyp gelsem barybir kalbymy mähir duýgusy gaplaýar.
On günem hä diýmän geçipdir. Ol günler bagtlydym. Her gün wagt tapdygymdan Güljemal bilen duşuşýardyk. Oňa öýlenmekçidim. Şu wagta çenli hemme gürleşen gyzlaryna öýlenmek barada pikir eden ýigit diňe men bolsam gerek. Howwa, biziň süýji söhbetimiziň soňy şu gürrüňe syrygýardy. Maşgala, sylaşyk, birek-biregi goldamak (olam öläýen eken diýýäňmi aýal dogan, aý bilmedim, ony özünden sora). Tanyşanymyza on gün bolupdyr, entek bu gürrüňler artykmajragam ýaly bir hili.
Ýene iki günden oba dolanmaly. Işlerimi dynyp Güljemala jaň etdim.
-Alo.
-Guliçkam gowumyň (Şeý diýmegimi onuň özi haýyş etdi).
-Gowy mossim (bu sözüň näme many aňladýanyny bilemok, ýöne boss sözüne meňzeşräk bolansoň halaýardym).
-Men-ä işlerimi dynyp barýan, eger wagtyň bolsa...
-Jan, bu gün ýetişmeýän, prikin, daýymyň ogly öýlenýär diýdimä, şol toýuň hemme guramaçylygyny meň boýnuma atdy. Toý mekany, salon, karoçi, hemmesi çerez menýa.
Ýöne seni ertir toýa çagyrýan, obýazatelno prihodi, garaşýan pupsik, i bir ýola semýam bilenem tanyşarsyň.
-Bolýar, ýetişsem bararyn.
Ine şeýleräk şol gyzyň häsiýeti. Öte sowremenni maşgalada ýaşanmy, özüni alyp barşy men ýaly obaly oglan üçin geňräkdi. Belki şoň üçin ony halaýandyryn. Häsiýeti biri-birine meňzemeýän jübütler has bagtly maşgala bolýar diýýärler.
Her güni duşuşyga baranymda, meni görenden ylgap gelip gujaklaýar (ogşaýaram), şol pursatda özümi biraz oňaýsyzragam duýýardym, ýöne bildirmezlige çalyşýardym (Indi düşündiňmi aýal dogan, biziň umuman başga-başga adamlardygymyza, ol-a deňizde, menem tokaýda ýaşaýan jandar ýaly, ýaşaýşymyzam, düşünjämizem gabat gelenok. Ýöne şonda-da ondan aýrylasym gelenok.
-Duş gelen ýerde ogşap ýörse aýrylasyň gelmezdä, seň özüň suw meýilli gurbaga, ýene o gyzy günäkärlän bolýaň, sen ogşamasaň özi ogşarda, tormoz diýsänim).
Toý altyda ekeni. Gitjegimem, gitmejegimem bilmän otyrkam, Pyragy halypam dadyma ýetişäýdi:
"Çagyrlan ýere bar, oturda turma,
Çagyrylmadyk ýere barma, görünme"
Magtymguly atamyzam biz dikdüşdi nesiller kösenmesin diýip, hemme zat barada nesihat berip gidipdir.
Sagat ýediler töweregi bardym aýdylan ýere. Içeri girenimden Güljemala gözüm düşdi. Ol şeýle bir owadan, şeýle bir owadan, oň bu günki çalan kraskalaryny aýyrmak üçin azyndan bir hepde gerek bolar diýip pikir etdim. Meni görenden gaýtdy men tarapa, assa basyp uz ýöräp, ýöreýşem top modeller ýaly, bir ýöreýär, bir ýöreýär, ýöne ýöredip goýaýmaly. Nebir owadan köýnegem ýa ýyrtylypdyr, ýa sökülipdir, bir gapdaly biline çenli açyk. Içinden balagam geýmändir, görgüli, näbilsin ýyrtyljagyny, ýogsa balak bolanda aýaklary beýdip ýaldyrap görnüp durmazdy. Owadan gözlerini güldürip meň ýanyma ýetip gelýärdi. Şol wagt tok uran ýaly boldum. Buda gelip meni gujaklasa bolaýýaram. Garyndaşlarynyň namysjaňraklary jemlenip meni daşarda paslaşyp oýnarlar. Hernä beýtmedi, ýanyma gelip elini uzadyp salamlaşdy.
-Massimus gowumyň, geldiňmi, begendirdiň meni, ýör pokažu tebe nirde oturmalydygyny.
Bir topar nätanyş bilen bir stolda otyryn. Birden bular sen kim bolýaň diýip sorasalar, näme diýsemkäm, öýlenýän oglanyň gullukdaşy diýsemmikäm, birden bu ejemogly gulluk etmedik bolsa näme?! Gowusy, Güljemalyň kursdaşy diýeýin. Ýok, eger olam hiç ýeri okamadyk bolsa ýene masgara bolaryn.
Ahyryn özüm ýaly suwumsyzrak bir ýaşuly dillendi:
-Inim gowumy taplar, Sizi tanamadym, Siz kimiň ogly bolýaňyz? (Aý ýaşuly öz aladaň bilen boluberdä, meň bilen tanyşyp nätjek, özüm zordan otyryn öňem. Meňem tanyşlyk mowzuklarymda agzalar şular ýaly garaşylmadyk duýgulary başdan geçirýändirler belki). Stoldakylaryň hemmesi maňa seretdi. Näme diýsemkäm. Hemmesini bolşy ýaly aýdaýsammykam, özler-ä döwrebap, düşünjeli maşgala meňzeýärler. Ýa gykylyk ula gidäýermikä.
Meň dadyma diktor ýetişdi.
-Indi bolsa Aşyr agamyzyň jan ýaljak ýegeni Güljemaljanyň dosty, Daşoguz salamyny getiren myhmanymyz Massimus inimize söz bereliň. Mundan-a ýaňky günümem gowudy. Stoldakylary bir zatlar edip, aldasamam başymy alyp çykardym. Ýerimden turdum. Alaçsyz mikrofona ýöredim. Men şokdadym, özüm ýörämokdym, bir güýç meni çekip alyp barýardy. Wah, iň bolmanda Guliçka-angeloçkadan öýlenýän ýigidiň adyny bir soraýmaly ekenim. Obaň şonusy gowy. Öýlenýän ýigidiň, çykýan gyzyň adyny ullakan edip hala ýazýardylar bir döwürler, birden mikrofon berilse aljyraman, atlaryny aýdyp gutlar ýaly.
Eliňizde mikrofon bütin toý mekany Sizi diňleýär näme diýerdiňiz?
-Salam, gadyrly toý saçagynyň eziz myhmanlary, öňüňizde goýlan naz-nygmatlardan çekinmän iýip-içip oturmagyňyzy haýyş edýärin (Toý biriniňki, öý biriniňki, goýýan biri, iýýän biri, ýeri bir ýerden kostýum, bir ýerden galstuk diläp şulary aýtmak üçin geldiňmi toýa).
-Ine bu gün Aşyr agamyzyň döwletli ojagynda uly baýram, uly toý (diktorom maňa nedowolny seredýär, dost, toýy özüň alyp çyksaň, biz oňaýaly gowusy, diýýän ýaly).
-Agzybir maşgalamyzyň adyndan Aşyr agany aý ýaljak oglunyň bagt toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn, ýaşlar bagtly boluň (oglana aý ýaljak diýäýipdirin. Aý onça, munça, borla Gunça, şunça sözde bir ýalňyşyp bilerinä, erbet utandym ýöne).
Garaz toý gyzykly boldy, Güljemal bilen tans oýnadyk, ejesi, aýal dogany bilen tanyşdyrdy. Sowatly, düşünjeli gyzdy, logiki dünýäň korolewasydy. Şeýle bir soraglar tapýardy. Köpüsüniň jogabyny näçe pikirlensemem tapyp bilmeýärdim. Garaz, nesibedirdä aýal dogan, oň bilen ýollarymyz, ykballarymyz aýry eken. Aýrylmagymyzyň sebäbini soraýaňmy? Muny aýtmak islämok, ýöne hekaýamy Pälwan Halmyradowyň aýdymyndaky şu sözler bilen jemlemekçi:
"Meňem sen hakdaky arzuwym, läläm,
Gursakda garrady" diýsem ýalňyşman,
Onuň üçin seni etmen günäkär,
Günäkärdir öz goýberen ýalňyşlam...