manolya
06.08.2024 21:44
Aň hem ýürek ..

Haýran men -Aň hem ýürege ,
Gelsek-de bile ýaşaşyp ,
....Basdaş olar bir -birege ,
Bilmeýärler ylalaşyp ...

Käte ýok zatlar barada ,
Ýerli- ýerden dawa salýar ,
Maňa kyn- iki arada ,
Bolýar ,diňe maňa bolýar .

Bilmen kime ynanjagmy ,
İkisi-de gaty ýeser ,
...Birisi -böwrüme sanjy ,
Biri- başyma derseder !

Ýürek urup gürs -gürs ,
Diýýär "Meňki ,dürs ,dürs !"

Olar meni eşitmeýär ,
Hiç haýsy bilenok haly ,
Men nä şeýle eşekmikäm ,
Gezekleşip müner ýaly ?

Olary göterdim ýördüm ,
Apalap gursakda -serde ,
Olar bolsa ,meni kör dek ,
İdip ýörler islän ýerne .....

Alajym ýok tapamok tär ,
Şeýdip ,edip ýörün mydar ,
Bilmedim ,haýsy hyzmatkär ?
Bilmedim ,haýsy hökümdar ?

Aň hem etjek diňle meni ,
Diýýär 'Diňle ,diňle meni ! '

Ýoldaş haýsy -menzillerde ?
Haýsysy meni terk etjek ?
Sal haýsy -durmuş menzilde ?
Haýsysy meni gark etjek ?

İkisiniň sazlaşygy ,
Häzir juda gerek maňa ,
...Aň derdimi aňlaşsady ,
Düşünsedi ýürek maňa ,

Annamuhammet Kirşen




Güneş aýa demişki :
-Yer degişelim mi ?

Aý :
-Sen gece aglayanalar dayanabilecek misin ?

Güneş :
-Sen aglamak için geceyi
bekleyenlerin düşüncelerine
katalanabilejek misin ?....

Hemmäňiziň gijäňiz rahat bolsun !!!
16
38
manolya
06.08.2024 00:15
Ýüregim bir dutar ...

Ýüregim bir dutar,
saz çalýar şeýle,
Şeýle bir aýdymy aýdýar göwnümem.
Ol aýdym señ adyñ,
Ýöne men ony,
zeýrenip aýdamok ýa-da öwnübem.

Ol meñ üçin kada...
indi näçe ýyl,
Şol aýdym dùnýäme berýär ýaraşyk.
Sen maña ha ynan,ha-da ynanma!
Men bir saña gezip ýörün garaşyp.

Mümkin,pikir edýän dälsiñ men hakda,
Ýa ,pikir edýänsiñ,uçuryp guşum ?!..
Men saña ''Işsizsiñ''diýjek bolamok,
Sen işlisiñ welin,
bir zada düşün !

Munda diñe öz ýüregiñ diñlenmän,
kä özgäñ ýüregem diñlenýändir-ä?
Sen diñle ýüregmi ,
gaýtala adyñ,
Deñ gelýändir-ä ?!

Aygül Garaýewa
16
39
manolya
05.08.2024 21:15
İňlis diline terjime edilen nakyllar :

1.Abraý aljak bolsaň, artyk işle. – If you want to be respected, labour hard.

2. Adalatly adam päk zähmeti bilen hiç wagt baýap bilmez. – The surest way to remain poor is to be an honest man.

3 .Adam bagtyny gözlemez, rysgalyň özi adamy tapar. – A man does not seek his luck, luck itself finds the man.

4.Agtaran tapar. – He who searches, finds

5.Agzy açyk, aç ölmez. – An open mouth remains not hungry.

6 .Alma biş, agzyma düş.- Pear, get ripe and fall right into my mouth.

7.Aty çeşmä getirip bilersiň, emma zor edip ony suwa ýakyp bilmersiň. Hemme zady güýç bilen edip ýa alyp bilmersiň. – A man may lead a horse to the water, but he cannot make him drink.

8 .Az-az işleseň ussa bolarsyň, işlemeseň – hassa. – Work little by little – you learn a trade, if don’t work you’ll be a sick one.

9.Azapsyz iş oňdurmaz. – A cat in gloves catches no mice.

10. Bagtyň ýa çüwer ýa çüwmez, ýöne bagtyň açary zähmetdedir. – A great fortune depends on luck, a small one on diligence.

çeşme :makul sözlük
15
74
manolya
05.08.2024 13:36
Lavinia

Sana gitme demeyeceğim.
Üşüyorsun ceketimi al.
Günün en güzel saatleri bunlar.
Yanımda kal.

Sana gitme demeyeceğim.
Gene de sen bilirsin.
Yalanlar istiyorsan yalanlar söyleyeyim,
İncinirsin.

Sana gitme demeyeceğim,
Ama gitme, Lavinia.
Adını gizleyeceğim
Sen de bilme, Lavinia.

Özdemir Asaf
17
139
manolya
27.07.2024 15:51
BAĞLANMAYACAKSIN



Bağlanmayacaksın bir şeye, öyle körü körüne.
"O olmazsa yaşayamam." demeyeceksin.
Demeyeceksin işte.
Yaşarsın çünkü.
Öyle beylik laflar etmeye gerek yok ki.
Çok sevmeyeceksin mesela. O daha az severse kırılırsın.



Ve zaten genellikle o daha az sever seni,
Senin onu sevdiğinden.
Çok sevmezsen, çok acımazsın.
Çok sahiplenmeyince, çok ait de olmazsın hem.
Hatta elini ayağını bile çok sahiplenmeyeceksin.
Senin değillermiş gibi davranacaksın.
Hem hiçbir şeyin olmazsa, kaybetmekten de
korkmazsın.



Onlarsız da yaşayabilirmişsin gibi davranacaksın.
Çok eşyan olmayacak mesela evinde.
Paldır küldür yürüyebileceksin.
İlle de bir şeyleri sahipleneceksen,
Çatıların gökyüzüyle birleştiği yerleri sahipleneceksin.
Gökyüzünü sahipleneceksin,
Güneşi, ayı, yıldızları...



Mesela kuzey yıldızı, senin yıldızın olacak.
"O benim." diyeceksin.
Mutlaka sana ait olmasın istiyorsan bir şeylerin...
Mesela gökkuşağı senin olacak.
İlle de bir şeye ait olacaksan, renklere ait olacaksın.
Mesela turuncuya, ya da pembeye.
Ya da cennete ait olacaksın.


Çok sahiplenmeden, çok ait olmadan yaşayacaksın.
Hem her an avuçlarından kayıp gidecekmiş gibi,
Hem de hep senin kalacakmış gibi hayat.
İlişik yaşayacaksın. Ucundan tutarak...

Can Yücel
17
71
manolya
14.06.2024 18:28
Sadalyk...

Meniň sadalygym şundan ybarat :
Her bir diýlen zada ynanyp ýörün,
Bir ministr salynanda ymarat ,
Özümiňki ýaly begenip ýörün.

Ýüzüme sylýaryn doganynda Aý,
Uzyn dilimde däl, kalbymda hudaý,
Büdrämde golumdan tutsa bir gedaý,
Monça bolup ,şoňa söýenip ýörün.

Gaýtargy tamam ýok öwenim üçin,
Deňdirin ýa:t üçin, doganym üçin,
Bir bendän göwnüne degenim üçin,
Soňra ýyllarboýy uýalyp ýörün.

Baý däldigim üçin çekemok arman,
Eý ,eziz Alla jan ,adyňa gurban !
Ýene,Ýene diýip hars urup ýörmän,
Berlenje döwlete guwanyp ýörün.

Başyna goýbermän arzuw -hyýaly,
Belent derejede pes tutup päli,
Ğeçen asyrlaryň adamy ýaly ,
Ynsaba, rysgala daýanyp ýörün,

Şeýle ýörelgämden sowlan pilläm ýok,
Kim kelläň bar diýýär ,kimem kelläň ýok.
Sagadyň dili dek ziňkildemäm ýok,
Wagtyndajyk ýatyp ,oýanyp ýörün.

Menem adam, perişde däl ,elbetde,
Mümkin ...günädenem duramok çetde.
Tütkmenistan atly tâsin döwletde,
Şükür hormatlanyp,aýalyp ýörün.

Berdinazar Hudaýnazarow.
25
121
manolya
07.06.2024 23:15
Bu ýagty jahana gelen bäbekler..

Bu ýagty jahana gelen bäbekler ,
Aý geçer ,ýyl geçer keşbine geler.
Başyn oňa-muňa ursa-da adam,
İr-u giç özüniň kesbine geler.

Bardyr ykbalyňam gyşydyr ýazy,
Az bolguçdyr öz gününden razy.
Bagty gözläp ,ýörme, o närsaň özi,
Bagty çüwen kişiniň üstüne geler.

Gündiz edip işlese-de gijesin,
Rysgala baglydyr içjek -iýjegiň.
Jandarlar içinde kämil diýjegiň -
Adam adamynyň kastyna geler.

Gara garyn doly bolsa ýaman däl ,
Baýlyk- başda diýen gepem ýalan däl.
Adam ogly diňe çörek bilen däl,
Ynam -iman bilen rysgyna geler.

Adam namart bolar ,naýynsap bolar -
Ahyr öňe düşjek ak ynsap bolar .
Sözüňde durmazlyk juda aýp bolar ,
Gezek şol gadymy messebe geler.

Ham -hyýallyk etme çeninden aşa,
Ýöne arzuwly bol, umytly ýaşa .
Güni güýçliňki bolup durmaz hemişe,
Döwürler dolanyp asgyna geler.

Bäş günlük ömrüňde oýnatma seriň,
Bir ýerde goýmazlar ,çalşylar orun .
Gohly -galmagally ,jepaly ýeriň ,
Üstünde ýaşanlar astyna geler.

Alaç ýokdyr ,agyr gelse-de näler ,
Deňleşer ahyry gedalar ,şalar.
Bu ýerde hars uran harsydünýäler,
İň soňy şol ýerde slessine geler...

Berdinazar Hudaýnazarow
40
320
manolya
05.06.2024 14:19
Oýlaşan gerek...
"Bir gün ýalňyz galar adam diýen zat "
K .Gurbannepesow.

Adam ýalňyz däl ,aslynda
Bir nazar aýlaşan gerek.
Agsasa, bir gün asgynlap,
Ýüküni paýlaşan gerek.

Gördüň-ä dost haly harap -
Kesesinden durma garap.
.....Ýok ,hökman däl, arak -şerep.
Bir gelip çaýlaşan gerek.

Durmuşdyr ,daraltsa demi -
Biribar-bire-bir emi .
Adamzat, bir çig süýt emen ,
Göwnüne jaýlaşan gerek.

Ah ,biparhyň ýüzi sowuk,
Bolsady bir it dek ,kowup.
.....Bir-biregiň ýasyn sowup,
Toýuny toýlaşan gerek.

Bir ýerlerde -ak daň atar,
Bir ýerlerde - śapak batar....
Bize mâhir - mylakatdan,
köňüller maýlaşan gerek.

Ýodalar -ýol öwrülýâr ,
Soň saga-sola öwrülýär.
....Barybir ,gelýär öwlüýä
Oturyp oýlaşan gerek...

Annamuhammet Kirşen
26
64
manolya
05.06.2024 00:00
Salam hemmä gowmy ýagdaýlaryňyz.@tim_agzaň doglan güni Azat uzak ,manyly ýaşa adyň ýaly hemme zatlardan azat,arassa ýaşa, durmuşyňda,okuwyňda üstünlik arzuw edýärin!

gutlamak bilen :@manolya

05.06. 2024.
30
240
manolya
03.06.2024 21:56
Geplejek boldy.

Bir suw joş alyp ,Böwet aganda.
Bir gyz gelip suwy saklajak boldy,
Eline pil alyp gum çeke -çeke,
Böwedi täzeden beklejek boldy.

Ýakynlaşjak bolsaň ýabyň çemine,
Suw joşguny çekip barýar demine,
Gyz aljyrap ,läbik suwuň öňüne ,
Özüni oklajak, oklajak boldy.

Başlyk meni görüp :-Ýetsene -diýdi-
-Ýandak orup ,basyň üstüne-diýdi,
Gyzdan pil sorasam git -se-ne- diýdi,
Bu işden elini çekmejel boldy.

Hars urup işledim ,böwet bekledim,
Gyz:-Arma- diýdi-de birden saklandy .
Diýdim-bar bol ,asyl armaryn indi...
Gyz utanyp maňa bakmajak boldy.

Bulut pytrap ,asman perdesin syrdy,
-İndi ,gidäý -diýip ,gözel ýylgyrdy.
Diýdim : -Gitmek bolmaz, başlyk iberdi,
Gyz gülüp geplejek,geplejek boldy.

Halyl Kulyýew
30
69