Bu ýagty jahana gelen bäbekler..
Bu ýagty jahana gelen bäbekler ,
Aý geçer ,ýyl geçer keşbine geler.
Başyn oňa-muňa ursa-da adam,
İr-u giç özüniň kesbine geler.
Bardyr ykbalyňam gyşydyr ýazy,
Az bolguçdyr öz gününden razy.
Bagty gözläp ,ýörme, o närsaň özi,
Bagty çüwen kişiniň üstüne geler.
Gündiz edip işlese-de gijesin,
Rysgala baglydyr içjek -iýjegiň.
Jandarlar içinde kämil diýjegiň -
Adam adamynyň kastyna geler.
Gara garyn doly bolsa ýaman däl ,
Baýlyk- başda diýen gepem ýalan däl.
Adam ogly diňe çörek bilen däl,
Ynam -iman bilen rysgyna geler.
Adam namart bolar ,naýynsap bolar -
Ahyr öňe düşjek ak ynsap bolar .
Sözüňde durmazlyk juda aýp bolar ,
Gezek şol gadymy messebe geler.
Ham -hyýallyk etme çeninden aşa,
Ýöne arzuwly bol, umytly ýaşa .
Güni güýçliňki bolup durmaz hemişe,
Döwürler dolanyp asgyna geler.
Bäş günlük ömrüňde oýnatma seriň,
Bir ýerde goýmazlar ,çalşylar orun .
Gohly -galmagally ,jepaly ýeriň ,
Üstünde ýaşanlar astyna geler.
Alaç ýokdyr ,agyr gelse-de näler ,
Deňleşer ahyry gedalar ,şalar.
Bu ýerde hars uran harsydünýäler,
İň soňy şol ýerde slessine geler...
Berdinazar Hudaýnazarow