manolya
06.08.2024 21:44
Aň hem ýürek ..

Haýran men -Aň hem ýürege ,
Gelsek-de bile ýaşaşyp ,
....Basdaş olar bir -birege ,
Bilmeýärler ylalaşyp ...

Käte ýok zatlar barada ,
Ýerli- ýerden dawa salýar ,
Maňa kyn- iki arada ,
Bolýar ,diňe maňa bolýar .

Bilmen kime ynanjagmy ,
İkisi-de gaty ýeser ,
...Birisi -böwrüme sanjy ,
Biri- başyma derseder !

Ýürek urup gürs -gürs ,
Diýýär "Meňki ,dürs ,dürs !"

Olar meni eşitmeýär ,
Hiç haýsy bilenok haly ,
Men nä şeýle eşekmikäm ,
Gezekleşip müner ýaly ?

Olary göterdim ýördüm ,
Apalap gursakda -serde ,
Olar bolsa ,meni kör dek ,
İdip ýörler islän ýerne .....

Alajym ýok tapamok tär ,
Şeýdip ,edip ýörün mydar ,
Bilmedim ,haýsy hyzmatkär ?
Bilmedim ,haýsy hökümdar ?

Aň hem etjek diňle meni ,
Diýýär 'Diňle ,diňle meni ! '

Ýoldaş haýsy -menzillerde ?
Haýsysy meni terk etjek ?
Sal haýsy -durmuş menzilde ?
Haýsysy meni gark etjek ?

İkisiniň sazlaşygy ,
Häzir juda gerek maňa ,
...Aň derdimi aňlaşsady ,
Düşünsedi ýürek maňa ,

Annamuhammet Kirşen




Güneş aýa demişki :
-Yer degişelim mi ?

Aý :
-Sen gece aglayanalar dayanabilecek misin ?

Güneş :
-Sen aglamak için geceyi
bekleyenlerin düşüncelerine
katalanabilejek misin ?....

Hemmäňiziň gijäňiz rahat bolsun !!!
16
39
mandarin
6 Awgust 2024
Salam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.