manolya
14.06.2024 18:28
Sadalyk...

Meniň sadalygym şundan ybarat :
Her bir diýlen zada ynanyp ýörün,
Bir ministr salynanda ymarat ,
Özümiňki ýaly begenip ýörün.

Ýüzüme sylýaryn doganynda Aý,
Uzyn dilimde däl, kalbymda hudaý,
Büdrämde golumdan tutsa bir gedaý,
Monça bolup ,şoňa söýenip ýörün.

Gaýtargy tamam ýok öwenim üçin,
Deňdirin ýa:t üçin, doganym üçin,
Bir bendän göwnüne degenim üçin,
Soňra ýyllarboýy uýalyp ýörün.

Baý däldigim üçin çekemok arman,
Eý ,eziz Alla jan ,adyňa gurban !
Ýene,Ýene diýip hars urup ýörmän,
Berlenje döwlete guwanyp ýörün.

Başyna goýbermän arzuw -hyýaly,
Belent derejede pes tutup päli,
Ğeçen asyrlaryň adamy ýaly ,
Ynsaba, rysgala daýanyp ýörün,

Şeýle ýörelgämden sowlan pilläm ýok,
Kim kelläň bar diýýär ,kimem kelläň ýok.
Sagadyň dili dek ziňkildemäm ýok,
Wagtyndajyk ýatyp ,oýanyp ýörün.

Menem adam, perişde däl ,elbetde,
Mümkin ...günädenem duramok çetde.
Tütkmenistan atly tâsin döwletde,
Şükür hormatlanyp,aýalyp ýörün.

Berdinazar Hudaýnazarow.
25
122
manolya
28 Iýun 2024
Yak...
Kavurur ateşin, kaderime bak
Savurur sağa sola, canevime ak
Bütün oyunlar aleyhime bak
Ya kal yada bırak beni yak
manolya
28 Iýun 2024
Menem aýdym ýazaýyn onna garlawaçdan kem galmaýyn :)
manolya
28 Iýun 2024
Çat kapı gidenim, çat kapı gel
Bu nasıl iş bana anlatıver
Kışıma yaz gibi düşleri ser
Sonunu bile bile yanarım senle
Çat kapı gidenim, çat kapı gel

#Bilal Sonses
flowers_
19 Iýun 2024
🤔
manolya
15 Iýun 2024
@smiling_, hawa iýjek 😋
manolya
15 Iýun 2024
@smiling_, gowy bol ໒( ●ᴥ ●)ʋ menâ ýöredim
manolya
15 Iýun 2024
@smiling_, şükür gowy ( ^∇^) aýyplaşmarsyňda wi fi öçýâr ...wagtynda ýazyp bilemok
manolya
15 Iýun 2024
@smiling_, mölermesene (¬‿¬) gowmyň?!
manolya
15 Iýun 2024
@smiling_, gopsada köki bar kellede 😁
manolya
15 Iýun 2024
@smiling_, näme bolupdyr 😪
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.