manolya
05.06.2024 14:19
Oýlaşan gerek...
"Bir gün ýalňyz galar adam diýen zat "
K .Gurbannepesow.

Adam ýalňyz däl ,aslynda
Bir nazar aýlaşan gerek.
Agsasa, bir gün asgynlap,
Ýüküni paýlaşan gerek.

Gördüň-ä dost haly harap -
Kesesinden durma garap.
.....Ýok ,hökman däl, arak -şerep.
Bir gelip çaýlaşan gerek.

Durmuşdyr ,daraltsa demi -
Biribar-bire-bir emi .
Adamzat, bir çig süýt emen ,
Göwnüne jaýlaşan gerek.

Ah ,biparhyň ýüzi sowuk,
Bolsady bir it dek ,kowup.
.....Bir-biregiň ýasyn sowup,
Toýuny toýlaşan gerek.

Bir ýerlerde -ak daň atar,
Bir ýerlerde - śapak batar....
Bize mâhir - mylakatdan,
köňüller maýlaşan gerek.

Ýodalar -ýol öwrülýâr ,
Soň saga-sola öwrülýär.
....Barybir ,gelýär öwlüýä
Oturyp oýlaşan gerek...

Annamuhammet Kirşen
26
64
manolya
5 Iýun 2024
@flowers_, toba birleşenler bir aýrylyşmasyn 😁🤦
flowers_
5 Iýun 2024
@manolya, gyzyklanýan bolsañ meni aýyrlyşdyrjak bolmazdyña😂
manolya
5 Iýun 2024
@flowers_, gyzyklanmadygymy nirden bilýäň 🤔😁
flowers_
5 Iýun 2024
@manolya, goýan gyzyklanmandyrda onda ýalñyzlyk barada🤔😁
manolya
5 Iýun 2024
@flowers_, bul goşgydaky düşünje şahyra degişli 😁
flowers_
5 Iýun 2024
@manolya, bolsada düşündiñ😄
manolya
5 Iýun 2024
@flowers_, 😁deýer otyrynda 🤦 goşgy näme diýýä sen näme diýýäň,diýýäňmi 😁😅
flowers_
5 Iýun 2024
Ýalñyzlyk gowan eken diýdiñmi🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.