manolya
03.06.2024 21:56
Geplejek boldy.

Bir suw joş alyp ,Böwet aganda.
Bir gyz gelip suwy saklajak boldy,
Eline pil alyp gum çeke -çeke,
Böwedi täzeden beklejek boldy.

Ýakynlaşjak bolsaň ýabyň çemine,
Suw joşguny çekip barýar demine,
Gyz aljyrap ,läbik suwuň öňüne ,
Özüni oklajak, oklajak boldy.

Başlyk meni görüp :-Ýetsene -diýdi-
-Ýandak orup ,basyň üstüne-diýdi,
Gyzdan pil sorasam git -se-ne- diýdi,
Bu işden elini çekmejel boldy.

Hars urup işledim ,böwet bekledim,
Gyz:-Arma- diýdi-de birden saklandy .
Diýdim-bar bol ,asyl armaryn indi...
Gyz utanyp maňa bakmajak boldy.

Bulut pytrap ,asman perdesin syrdy,
-İndi ,gidäý -diýip ,gözel ýylgyrdy.
Diýdim : -Gitmek bolmaz, başlyk iberdi,
Gyz gülüp geplejek,geplejek boldy.

Halyl Kulyýew
30
69
manolya
4 Iýun 2024
@Bitter, Salam ,hawa gowy ýazylypdyr )
Bitter
3 Iýun 2024
Hehe gowja,hekaya yaly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.