https://owrenmeli.app/71256-regim-bir-dutar-..html#comment
manolya
06.08.2024 00:15
Ýüregim bir dutar ...
Ýüregim bir dutar,
saz çalýar şeýle,
Şeýle bir aýdymy aýdýar göwnümem.
Ol aýdym señ adyñ,
Ýöne men ony,
zeýrenip aýdamok ýa-da öwnübem.
Ol meñ üçin kada...
indi näçe ýyl,
Şol aýdym dùnýäme berýär ýaraşyk.
Sen maña ha ynan,ha-da ynanma!
Men bir saña gezip ýörün garaşyp.
Mümkin,pikir edýän dälsiñ men hakda,
Ýa ,pikir edýänsiñ,uçuryp guşum ?!..
Men saña ''Işsizsiñ''diýjek bolamok,
Sen işlisiñ welin,
bir zada düşün !
Munda diñe öz ýüregiñ diñlenmän,
kä özgäñ ýüregem diñlenýändir-ä?
Sen diñle ýüregmi ,
gaýtala adyñ,
Deñ gelýändir-ä ?!
Aygül Garaýewa
16
40