gullnara_
22.09.2023 18:34
Türkmençilikde goñşy aragatnaşygy
Türkmeniñ iñ bir üns berýän zatlarynyn biri hem goñşysydyr. Sebäbi muny şu söze seredeñde hem bilmek kyn däl “öý alma goñşy al” diýipdirler. Hawa, taryhda-da türkmen halky goñşysyna şeýle üns beripdir. Goñşysy bilen aragatnaşygyna şeýle üns beripdir çünki sen goñşy bilen bir gün ýada 2 gün ýaşaşañok ömrüñ ahyryna çenli dul degiş bolup ýaşaýañ. “Kyýamat güni goñşydan" diýen nakyl hem bardyr”.
Hakykatdan hem şol söz gaty ýerlikli aýdylypdyr sebäbi adam nähili bir çykgynsyz ýagdaýa düşende ilki ylgaýjak adamsy goñşysydyr, her hili ýagdaý ýüze çykyp bilýär. Şolar ýaly wagtlarda goñşy iñ bir gerekli ýakynlaryň biridir. Goñşysyndan çekip çydap bilmän başga ýere göçüp giden adamlar hem bar. Mysal üçin aýdamyzda bir obada bir maşgala bar. Türkmen diýýärä şerraý şermende diýip edil şolar ýaly käbir aýallar bolýar, gygyryp dawalaşyp ýaka tutdy bolup uruşmagy zady dagy hiç zatçada bilenok. Onsoñ gonşysy bilen şeýle wakalar gaýtalalansoñ ol maşgala hem ol ýerden göçmek bilen bolýar, sebäbi şeýle adamlar bar derrew yzyndan gybatyñy edip aý şu plan hili bu beýle zat diýip töhmet atmak bilen onsoñ käbir namysjañ adamlar beýle zatlary çekip çydap gezip ýörüp bilenoklar we derrew başga yagny has rahat has sessiz ýaşap biläýjek ýerini gözläp başlaýar we şeýle gabat gelse şol ýerde ýaşamaga dowam edýär.
Ýa bolmasa bir ýerden öý aljak bolanlarynda ilki bilen sorap iýdeýänleri goñşylarydyr. Sebäbi goñşylar erbet bolsa ol ýerde uzak ýaşap bolmajakgyny bilýärler we eger amatly nyrhdan jaý tapaýan ýagdaýlarynda hem eger adamlardan alan maglumatlarynda goñşyny ýamanlasalar ýada öñkiler hem goñşylary zerarly şu ýerden göçdüler diýilse aljak adam hem ol ýerden jaý almaýar.
Türkmençilikde ata baba goñşa üns beripdir, goñşyñ gowy bolan ýagdaýynda dogandan hem has ýakyn bolup gatnaşyp ýörenler bar. Bir ýere myhmançyga gitseler hem öýlerini goñşylaryna tabşyryp gidýänler hem bar, ýagny şolar ýaly bir birlerine ynamlary bar.
Gowy bolan wagty şeýle gowy bolýar näme gerek bolsa bir birinden isläp bilýärler pul bolsun ýa başga kömek bolsun, emma erbet bolan ýagdaýynda bolsa ýokarda hem belleýşimiz ýaly seni ol ýerde uzak ýaşatmaýar. Allajan,  hemmäñize gowy goñşy duşsunda... 😊
21
73
gullnara_
22.09.2023 15:20
Näme üçin erkek kişileriň köýnekleriniň ilikleri sagda?
Dogurdan hem, üns berýän bolsaňyz, erkek kişileriň köýnekleriniň ilikleri sagdadyr. Zenan maşgalalaryňky bolsa, tersine, çep tarapda.
Käbir adamlar erkekleriň ilikleriniň sagda bolmagyny, esasan, adamlaryň sag elini ulanýandygy, sag el bilen bolsa, sagdaky düwmeleri çep tarapa ötürmek amatly bolýandygy bilen düşündirýärler. Mümkin, ýöne zenanlar sag elini ulanmaýarmy näme?!
Ýewropada geýime düwme dakmagyň ýaňy ýoň bolup ugran zamanlarynda düwmeler häzirkisine görä ejizdi, basym döwlerdi. Üstesine-de her kes üçin elýeter däldi. Düwme almaga gurby çatýan hanymlar-da düwmeli uzyn şahana lybaslaryny diňe hyzmatçylarynyň ýardamy bilen geýip bilýärdiler. Hanymyň garşysynda duran hyzmatçylar bolsa, özleri üçin sag tarapda bolan bu düwmeleri hiç bir kynçylyksyz ötürip bilipdirler. Şonuň üçin hem tikinçiler düwmeleri hyzmatçylaryň sagyna, lybaslaryň çepine düşer ýaly edip tikipdirler.
Ýöne biziň günlerimizde her zenanyň özüniň geýnip bilýändigine garamazdan, ilikler häzir hem lybasyň çepinde ýerleşdirilýär.
25
81
gullnara_
21.09.2023 16:23
Bir Iñlis Uniwersitediniñ gözelg işlernie gröä szöleriñ hraplraynyñ hýasy tretipde ýzalynadygy mhöüm däl eken.
Mhöüm bloan zat briinji we iñ sñoky hrapyň ýrenide blomaygdyr. Ardaaky hraplrayñ treitbi graşyyk bloas-da oakp bloaýr eekn. Sbeäbi szöreli hrap-hrap däl, btünileýin oakýan eeknik.
25
53
gullnara_
21.09.2023 05:42
Syçanlar we pişik.
Bir gün syçanlar ýygnanyşyp: «Pişiklerden goranmak» barada maslahat geçirenler. Şonda syçanlardan biri öňe çykyp:
— Mende şeýle bir pikir bar — diýen, we tapan maslahatlaryny aýdan:
— Biz bir jaňjagazlar tapyp, olary pişikleriň boýnuna daksak, şonda pişikler biziň öýümize ýakynlaşanda, jaňyň sesini eşideris-de, hinimizden çykman oturarys — diýipdir.
Syçanjygyň maslahatyny hemmeler makullanmyşlar.
Syçanlar dessine jaňyň gözlegine çykanmyşlar. Jaň tapylandan soň, ýene-de syçanlar maslahat geçirmek üçin ýygnanypdyrlar. Şol wagt akyllyja bir syçanjyk:
— Jaňlary tapdyk weli, indi muny haýsy birimiz pişikleriň boýnuna dakyp bilerkäk? diýipdir.
Syçanlaryň hiç birinden ses çykmandyr.
Her wagt bir işe başlanyňyzda, ilki onuň netijesi barada oýlanyň.

Sorag:
Edip bilmejek işiňi maksat edinmek näme gazandyrýar?
1.Ruhdan düşürýär
2.Güýçlendirýär, öwredýär
3.Ýüz ugruna beýleki maksatlaryň hasyl bolýar
4.Wagtyň boş gidýär
22
176
gullnara_
20.09.2023 19:42
Ýiten palta.
Odunçy paltasyny ýitiripdi. Ony goňşusynyñ oglundan görýärdi. Göwnüne gümän gelip oturşyna, ol çaganyň hereketlerine üns bermäge başlady.
Çaga känbir edepli birine meñzemeýärdi. Ÿöreýşi, el-aýak hereketleri, hatda bakyşy-da mañza batmaýardy. Göýä hemme zat onuñ palta ogrusydygyny mälim edýän ýaly.
Emma günleriñ birinde odunçy öz paltasyny bir çukurdan tapdy oturuberdi.
Ertesi gün ol goñşusynyñ çagasyny ýolda gördi... Çaganyñ hereketlerini, ýöreýşini ýene-de üns bilen synlady. Ýok-ýok... Ol garagol çaga meñzemeýärdi. Daş görnüşi, özüni alyp barşy diýseñ edepli çaga mahsusdy... Bu çaganyñ palta ogrusy bolmagy mümkin däldi...

Durmuşda sizem şular ýaly ýagdaýa gabat gelip gördüňizmi?
24
128
gullnara_
19.09.2023 22:50

Näme üçin ýolyşyklarda gyzyl, sary we ýaşyl reňkler ulanylýar?

Köçelerde ýolyşyklary ulanmakda bir mahallar otlylaryň hereketine gözegçilik edilen ýolyşyklardan nusga alnypdyr. Demir ýolda gyzyl reňk “Dur!” yşaratyny bermek üçin kabul edilipdi. Şonuň ýaly-da, “Seresap bol!” yşaratyny bermek üçin ýaşyl, “Geç!” yşaraty üçin bolsa, ak reňkler ulanylypdy.

Biraz soňra ak yşyk mesele çykarmaga başlady. Çünki sürüjiler ony köçeleriň beýleki bir ak çyralary bilen garyşdyrýardylar. Ýöne edil, şeýle meseläni gyzyl reňk hem çykaryp bilýärdi. Çünki ýere düşen gyzyl şöhle döwlüp sürüjilere ak bolup görünýärdi. Ahyry demir ýolçular gyzyly “Dur!”, saryny “Seresap bol!”, ýaşyly-da “Geç!” duýduryşyny bermek üçin ulanmaga başladylar.

Gara ýollarda bolsa, köçe-ýol hereketi ep-esli wagtlap çözülmän geldi. Ýollarda diňe pyýadalar bilen paýtunlaryň gatnaýandygyna garamazdan, ýol hadysalary ýüze çykyp durýardy. Şonuň üçin hem ilkinji ýolyşyk awtomobilleriň ýüze çykmagyndan öňräk, 1868-nji ýylda Londonda peýda boldy.

Ýöne gaz bilen işledilýän bu ýolyşygyň özi bir ýyldan soň heläkçilige sebäp boldy. Şonuň üçin hem ol ýene-de az salymlyk aradan aýryldy. Ýöne köçelerde awtomobilleriň köpelmegi ýolyşyga bolan zerurlygy orta çykaryp başlady. Demir ýoluň ýolyşygy nusga alnyp döredilen ýolyşyklar hem gara ýol bilen demir ýoluň birleşýän ýerinde meseleleri döretdi.

Netijede, ABŞ-li oýlap tapyjy Garret Morganyň döreden elektrikli ýolyşygy 1923-nji ýylda köçelerde peýda boldy. Morganyň ýolyşygy gyzyl we ýaşyl yşykdan ybarat bolan “T” görnüşli ýolyşykdy. Biraz wagtdan ýolyşygyň şekili özgerdilip, “Seresap bol!” duýduryşyny berýän sary çyra-da goşuldy.

16
25
gullnara_
19.09.2023 16:49
Adam oz omründe  ýeke gezek çyn ýùrekden söýýàr eken.Men hem söýdüm janym, tenim bilen söýdüm, emma söýülmedim...

Toýuña çagyrsañ bararyn hökman,
Ellerim çarparyn köplùkden çykman,
Toýñuzy gutlaryn hiç kişä bakman,
Çalaja gülerin göwnùñi ýykman.

Hasasyz kör bolup iliñ içinde,
Lal kimin dymaryn her bir àdimde,
Dillerim dymsada gùrlàr ýùregim
Hàzirem söýýàn söýýàrin diýip.

Men barmy ýa ýokmy parhy ýok bilýàn
Sonda-da özümçe umytly gezýàn
Belkide ölerin umydym goýup,
Mazara ýazaryn söýýàrin diýip.

Barybir söýerin ýeriñ astynda
"Henizem söýýàn söýýàrin" diýip
Mazardan eşidiler bir owaz saña
Şol owaz söýgùmiñ dowamy bolar.
24
71
gullnara_
19.09.2023 14:30

Basmaçylyk döwründe bir aýal we iki erkek kişi Garagumda tutulýarlar.

Basmaçy olaryň atlaryny soraýar:

-Adyň näme?

-Ataberdi.

-Öldürin, ýigrenýän adym.

Ony basmaçylar atýarlar.

-Seniň adyň näme?-diýip aýaldan soraýarlar.

-Meniň adym PATMA!

-Patma diýip bir aýal doganym bardy. Şol ýadyma düşdi. Goýberiň bu aýaly. Gitsin!

Soňra iň soňky adama ýüzlenýär:

-Seniň adyň näme?

-Meniň hakyky adym PATMA, ýöne obada maňa Myratgeldi diýýäler...))

***

Berdi kaka iki koçe anyrlaryndaky dostuna agşam oturmaga barypdyr diyya.Birdenem erbet jala gelip yagyş guyup dur dynman.Onson dosty gitse-de yolda eziler diyip:

-Berdi, bu gun bizde yataýsanaý irden gidersiňda-diyipdir welin Berdi kaka "bor" hem diydi welin ýitdi diýýa. Bir salymdan soňra gapy kakylyar.gapyny açsa Berdi kaka dur:

-Öye gidip pijamamy alyp geldim...

***

Mugallym okuwça sorag berýär:

-Haýsy öý haýwanlarynyn dort aýagy bar?

-Gujuk, pisik, geçi, sygyr.

-Berekella! Ýene haýsylar?

-Iki sany towuk.

***

1-nji synp. Öý isi ýerine ýetirildi. Ejesiniň sesi gyryldy...Kakasy ker boldy... Goňşular gosgynyň hemme topbagyny ýat tutdy.... Oýdaki it gosgyny aýdyp berdi!!!

****

 Mugallym okuwça:

-Amanow oz gun tertibin barada aýdyp ber.

-Iň kyn işi men ir bilen edýarin.

-Hawa sen name edýärsiň?

-Ýorgandan çykýan.

***


 Agtygy enesi bilen öý islerini ýerine ýetirip otyr. Agtygy harplyk kitabyny okaýar. Enesi dinleýar.

-Gozel lukman boldy. Jeren aspez boldy. Aman bilen Sapar bolsa ogry isi boldy.

Enesi gulklaryna ynanmaýar:

-Bolup bilmez, hut seýle ýazylypmy?

Agtygam ýan berer ýaly däl:

-Hawa ene, ine, ozünem goraý!

Enesi okaýar:

- Gozel lukman boldy. Jeren aspez boldy. Aman bilen Sapar bolsa organ işgäri boldy.

25
258
gullnara_
18.09.2023 18:29
Sen maňa söz aýdanyňa, men diýip ýanyp-koýeniňe kop wagt bolupdy. Men bolsa saňa ynanmaýardym. Bu zatlar oýundyr geçer gider diýdim. Ahyry sen ýalbaryp ýadadyň. ..
Bir günem men seni çäksiz söýýändigimi, ähli zatdan gabanýandygymy bildim we göz ýetirdim. Ençe günläp, saña aýtmalymy ýa ýok diýen pikire çümüp gezdim. Joramdan maslahat sorasam, ýüregiñi diñle diýdi. Diñledim... Aýtmaly diýen netijä geldim. Señ söýgüñe söýgi bilen jogap berjegime, señem begenjegiñ hakdaky pikirler meni al -asmana uçurýardy. Señ ýanyña geldim. Ýöne, gijä galan ekenim, gaty gijä galan ekenim... Sen elime toý çakylyk hatyny tutdurdyñ. Ilkinji gezek ýüregim ýerinden süýşene döndi. Agym tutdy, saña seretdim. Ýüzüñde şatlyk, gözüñde gaýgy gördüm. Dilime gelen bar söz şu boldy: "Bagtly bol!"...
29
233
gullnara_
18.09.2023 06:58
Hakyky durmuşda bolyan zatlar.

Dùnyàde şeyle bir adamlar bar name üçindir öz edyän zatlaryny, işlerini, yalňyşlaryny görmeyàrler? Hacanda başgalar tötänden yalñyşanlarynda bolsa oz eden yalñyşlaryny gòz öñùne getirmàn,başgalaryñ yalñyşlaryny dùzetmeklik bilen gòwne degýàler.Name başga adamlar yalñyşyp bilmeyàndir diyip pikir edyàlermikà ya-da özleri yalñyşyp gòrmedilermikà? Yok! Ol nädogry Allanyñ àhli bendesi hem yalñyşyp biler.Yòne ol yalñyşlyklar dùzetmeklik aýp dàl, hacanda şol yalñyşy aýdanyñda dùşùnişmeklik gerek.Emma kàbir adamlar şeyle bir doñ yùrek welin, özleriniñ edyàn zatlaryny, özlerine edeniñde bolsa bizi akylsyz akmak göryàler.Bu zatlary durmuşda öñ özleri etmedik yaly gürleyàler.Şonuñ ucin turkmenlerimiz diyipdirlerà. ,, Ilki ody özùñe bas, ötmese kesekà diyip!`` şony hic hacan yadyñyzdan cykarmañ.
Howwa dogry! Dùnýà şeyle bir giñ, onda ýalanlaram, erbetliklerem, gowluklaram bar bularsyz dùnýämiz gyzykly bolmazdy.Ýone hakyna seredeniñde gowluklaryñ yoly bn gitjek bolmaly, ana şonda bolsa siziñ üçin dùnyàñem, yoluñam owadan bolar.Emma kàbir adamlar sen şeyle edipdiñ bizem seniñ indiki gezek etmezligiñe sapak bolsun diyip aýdanymyzda bolsa, olar şol yagşylygy òzlerine ýamanlyk bildiler.Hiç bu zatlar gecer gider goy ol özüçe şeyle düşünsin. Ýöne adamlara at dakyp sen gelejekde, durmuşyñda, ýaşaýşyñda pes terbiýeli bolarsyñ diymeklik ol gaty uly ýalñyşlykdygynam hic hacan yadyñyzdan cykarmañ.Hic kimem ertiriniñ name boljagyny gòrùp bilýàn dàldir. Şonun üçin adamlaryñ ýùregine özùñiz tarapyndan sowukluk salmajak bolsañyz,diyjek sözleriñizi pikirlenip diyiñ!!!
23
371