gullnara_
20.09.2023 19:42
Ýiten palta.
Odunçy paltasyny ýitiripdi. Ony goňşusynyñ oglundan görýärdi. Göwnüne gümän gelip oturşyna, ol çaganyň hereketlerine üns bermäge başlady.
Çaga känbir edepli birine meñzemeýärdi. Ÿöreýşi, el-aýak hereketleri, hatda bakyşy-da mañza batmaýardy. Göýä hemme zat onuñ palta ogrusydygyny mälim edýän ýaly.
Emma günleriñ birinde odunçy öz paltasyny bir çukurdan tapdy oturuberdi.
Ertesi gün ol goñşusynyñ çagasyny ýolda gördi... Çaganyñ hereketlerini, ýöreýşini ýene-de üns bilen synlady. Ýok-ýok... Ol garagol çaga meñzemeýärdi. Daş görnüşi, özüni alyp barşy diýseñ edepli çaga mahsusdy... Bu çaganyñ palta ogrusy bolmagy mümkin däldi...

Durmuşda sizem şular ýaly ýagdaýa gabat gelip gördüňizmi?
24
128
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.