gullnara_
19.09.2023 22:50

Näme üçin ýolyşyklarda gyzyl, sary we ýaşyl reňkler ulanylýar?

Köçelerde ýolyşyklary ulanmakda bir mahallar otlylaryň hereketine gözegçilik edilen ýolyşyklardan nusga alnypdyr. Demir ýolda gyzyl reňk “Dur!” yşaratyny bermek üçin kabul edilipdi. Şonuň ýaly-da, “Seresap bol!” yşaratyny bermek üçin ýaşyl, “Geç!” yşaraty üçin bolsa, ak reňkler ulanylypdy.

Biraz soňra ak yşyk mesele çykarmaga başlady. Çünki sürüjiler ony köçeleriň beýleki bir ak çyralary bilen garyşdyrýardylar. Ýöne edil, şeýle meseläni gyzyl reňk hem çykaryp bilýärdi. Çünki ýere düşen gyzyl şöhle döwlüp sürüjilere ak bolup görünýärdi. Ahyry demir ýolçular gyzyly “Dur!”, saryny “Seresap bol!”, ýaşyly-da “Geç!” duýduryşyny bermek üçin ulanmaga başladylar.

Gara ýollarda bolsa, köçe-ýol hereketi ep-esli wagtlap çözülmän geldi. Ýollarda diňe pyýadalar bilen paýtunlaryň gatnaýandygyna garamazdan, ýol hadysalary ýüze çykyp durýardy. Şonuň üçin hem ilkinji ýolyşyk awtomobilleriň ýüze çykmagyndan öňräk, 1868-nji ýylda Londonda peýda boldy.

Ýöne gaz bilen işledilýän bu ýolyşygyň özi bir ýyldan soň heläkçilige sebäp boldy. Şonuň üçin hem ol ýene-de az salymlyk aradan aýryldy. Ýöne köçelerde awtomobilleriň köpelmegi ýolyşyga bolan zerurlygy orta çykaryp başlady. Demir ýoluň ýolyşygy nusga alnyp döredilen ýolyşyklar hem gara ýol bilen demir ýoluň birleşýän ýerinde meseleleri döretdi.

Netijede, ABŞ-li oýlap tapyjy Garret Morganyň döreden elektrikli ýolyşygy 1923-nji ýylda köçelerde peýda boldy. Morganyň ýolyşygy gyzyl we ýaşyl yşykdan ybarat bolan “T” görnüşli ýolyşykdy. Biraz wagtdan ýolyşygyň şekili özgerdilip, “Seresap bol!” duýduryşyny berýän sary çyra-da goşuldy.

16
25
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.