Basmaçylyk döwründe bir aýal we iki erkek kişi Garagumda tutulýarlar.
Basmaçy olaryň atlaryny soraýar:
-Adyň näme?
-Ataberdi.
-Öldürin, ýigrenýän adym.
Ony basmaçylar atýarlar.
-Seniň adyň näme?-diýip aýaldan soraýarlar.
-Meniň adym PATMA!
-Patma diýip bir aýal doganym bardy. Şol ýadyma düşdi. Goýberiň bu aýaly. Gitsin!
Soňra iň soňky adama ýüzlenýär:
-Seniň adyň näme?
-Meniň hakyky adym PATMA, ýöne obada maňa Myratgeldi diýýäler...))
***
Berdi kaka iki koçe anyrlaryndaky dostuna agşam oturmaga barypdyr diyya.Birdenem erbet jala gelip yagyş guyup dur dynman.Onson dosty gitse-de yolda eziler diyip:
-Berdi, bu gun bizde yataýsanaý irden gidersiňda-diyipdir welin Berdi kaka "bor" hem diydi welin ýitdi diýýa. Bir salymdan soňra gapy kakylyar.gapyny açsa Berdi kaka dur:
-Öye gidip pijamamy alyp geldim...
***
Mugallym okuwça sorag berýär:
-Haýsy öý haýwanlarynyn dort aýagy bar?
-Gujuk, pisik, geçi, sygyr.
-Berekella! Ýene haýsylar?
-Iki sany towuk.
***
1-nji synp. Öý isi ýerine ýetirildi. Ejesiniň sesi gyryldy...Kakasy ker boldy... Goňşular gosgynyň hemme topbagyny ýat tutdy.... Oýdaki it gosgyny aýdyp berdi!!!
****
Mugallym okuwça:
-Amanow oz gun tertibin barada aýdyp ber.
-Iň kyn işi men ir bilen edýarin.
-Hawa sen name edýärsiň?
-Ýorgandan çykýan.
***
Agtygy enesi bilen öý islerini ýerine ýetirip otyr. Agtygy harplyk kitabyny okaýar. Enesi dinleýar.
-Gozel lukman boldy. Jeren aspez boldy. Aman bilen Sapar bolsa ogry isi boldy.
Enesi gulklaryna ynanmaýar:
-Bolup bilmez, hut seýle ýazylypmy?
Agtygam ýan berer ýaly däl:
-Hawa ene, ine, ozünem goraý!
Enesi okaýar:
- Gozel lukman boldy. Jeren aspez boldy. Aman bilen Sapar bolsa organ işgäri boldy.