gullnara_
21.09.2023 05:42
Syçanlar we pişik.
Bir gün syçanlar ýygnanyşyp: «Pişiklerden goranmak» barada maslahat geçirenler. Şonda syçanlardan biri öňe çykyp:
— Mende şeýle bir pikir bar — diýen, we tapan maslahatlaryny aýdan:
— Biz bir jaňjagazlar tapyp, olary pişikleriň boýnuna daksak, şonda pişikler biziň öýümize ýakynlaşanda, jaňyň sesini eşideris-de, hinimizden çykman oturarys — diýipdir.
Syçanjygyň maslahatyny hemmeler makullanmyşlar.
Syçanlar dessine jaňyň gözlegine çykanmyşlar. Jaň tapylandan soň, ýene-de syçanlar maslahat geçirmek üçin ýygnanypdyrlar. Şol wagt akyllyja bir syçanjyk:
— Jaňlary tapdyk weli, indi muny haýsy birimiz pişikleriň boýnuna dakyp bilerkäk? diýipdir.
Syçanlaryň hiç birinden ses çykmandyr.
Her wagt bir işe başlanyňyzda, ilki onuň netijesi barada oýlanyň.

Sorag:
Edip bilmejek işiňi maksat edinmek näme gazandyrýar?
1.Ruhdan düşürýär
2.Güýçlendirýär, öwredýär
3.Ýüz ugruna beýleki maksatlaryň hasyl bolýar
4.Wagtyň boş gidýär
22
176
gulshatayewa97
21 Sentýabr 2023
Ýedi ölçäp bir kes diýleni
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.