Türkmençilikde goñşy aragatnaşygy
Türkmeniñ iñ bir üns berýän zatlarynyn biri hem goñşysydyr. Sebäbi muny şu söze seredeñde hem bilmek kyn däl “öý alma goñşy al” diýipdirler. Hawa, taryhda-da türkmen halky goñşysyna şeýle üns beripdir. Goñşysy bilen aragatnaşygyna şeýle üns beripdir çünki sen goñşy bilen bir gün ýada 2 gün ýaşaşañok ömrüñ ahyryna çenli dul degiş bolup ýaşaýañ. “Kyýamat güni goñşydan" diýen nakyl hem bardyr”.
Hakykatdan hem şol söz gaty ýerlikli aýdylypdyr sebäbi adam nähili bir çykgynsyz ýagdaýa düşende ilki ylgaýjak adamsy goñşysydyr, her hili ýagdaý ýüze çykyp bilýär. Şolar ýaly wagtlarda goñşy iñ bir gerekli ýakynlaryň biridir. Goñşysyndan çekip çydap bilmän başga ýere göçüp giden adamlar hem bar. Mysal üçin aýdamyzda bir obada bir maşgala bar. Türkmen diýýärä şerraý şermende diýip edil şolar ýaly käbir aýallar bolýar, gygyryp dawalaşyp ýaka tutdy bolup uruşmagy zady dagy hiç zatçada bilenok. Onsoñ gonşysy bilen şeýle wakalar gaýtalalansoñ ol maşgala hem ol ýerden göçmek bilen bolýar, sebäbi şeýle adamlar bar derrew yzyndan gybatyñy edip aý şu plan hili bu beýle zat diýip töhmet atmak bilen onsoñ käbir namysjañ adamlar beýle zatlary çekip çydap gezip ýörüp bilenoklar we derrew başga yagny has rahat has sessiz ýaşap biläýjek ýerini gözläp başlaýar we şeýle gabat gelse şol ýerde ýaşamaga dowam edýär.
Ýa bolmasa bir ýerden öý aljak bolanlarynda ilki bilen sorap iýdeýänleri goñşylarydyr. Sebäbi goñşylar erbet bolsa ol ýerde uzak ýaşap bolmajakgyny bilýärler we eger amatly nyrhdan jaý tapaýan ýagdaýlarynda hem eger adamlardan alan maglumatlarynda goñşyny ýamanlasalar ýada öñkiler hem goñşylary zerarly şu ýerden göçdüler diýilse aljak adam hem ol ýerden jaý almaýar.
Türkmençilikde ata baba goñşa üns beripdir, goñşyñ gowy bolan ýagdaýynda dogandan hem has ýakyn bolup gatnaşyp ýörenler bar. Bir ýere myhmançyga gitseler hem öýlerini goñşylaryna tabşyryp gidýänler hem bar, ýagny şolar ýaly bir birlerine ynamlary bar.
Gowy bolan wagty şeýle gowy bolýar näme gerek bolsa bir birinden isläp bilýärler pul bolsun ýa başga kömek bolsun, emma erbet bolan ýagdaýynda bolsa ýokarda hem belleýşimiz ýaly seni ol ýerde uzak ýaşatmaýar. Allajan, hemmäñize gowy goñşy duşsunda... 😊