Sen maňa söz aýdanyňa, men diýip ýanyp-koýeniňe kop wagt bolupdy. Men bolsa saňa ynanmaýardym. Bu zatlar oýundyr geçer gider diýdim. Ahyry sen ýalbaryp ýadadyň. ..
Bir günem men seni çäksiz söýýändigimi, ähli zatdan gabanýandygymy bildim we göz ýetirdim. Ençe günläp, saña aýtmalymy ýa ýok diýen pikire çümüp gezdim. Joramdan maslahat sorasam, ýüregiñi diñle diýdi. Diñledim... Aýtmaly diýen netijä geldim. Señ söýgüñe söýgi bilen jogap berjegime, señem begenjegiñ hakdaky pikirler meni al -asmana uçurýardy. Señ ýanyña geldim. Ýöne, gijä galan ekenim, gaty gijä galan ekenim... Sen elime toý çakylyk hatyny tutdurdyñ. Ilkinji gezek ýüregim ýerinden süýşene döndi. Agym tutdy, saña seretdim. Ýüzüñde şatlyk, gözüñde gaýgy gördüm. Dilime gelen bar söz şu boldy: "Bagtly bol!"...