gullnara_
22.09.2023 15:20
Näme üçin erkek kişileriň köýnekleriniň ilikleri sagda?
Dogurdan hem, üns berýän bolsaňyz, erkek kişileriň köýnekleriniň ilikleri sagdadyr. Zenan maşgalalaryňky bolsa, tersine, çep tarapda.
Käbir adamlar erkekleriň ilikleriniň sagda bolmagyny, esasan, adamlaryň sag elini ulanýandygy, sag el bilen bolsa, sagdaky düwmeleri çep tarapa ötürmek amatly bolýandygy bilen düşündirýärler. Mümkin, ýöne zenanlar sag elini ulanmaýarmy näme?!
Ýewropada geýime düwme dakmagyň ýaňy ýoň bolup ugran zamanlarynda düwmeler häzirkisine görä ejizdi, basym döwlerdi. Üstesine-de her kes üçin elýeter däldi. Düwme almaga gurby çatýan hanymlar-da düwmeli uzyn şahana lybaslaryny diňe hyzmatçylarynyň ýardamy bilen geýip bilýärdiler. Hanymyň garşysynda duran hyzmatçylar bolsa, özleri üçin sag tarapda bolan bu düwmeleri hiç bir kynçylyksyz ötürip bilipdirler. Şonuň üçin hem tikinçiler düwmeleri hyzmatçylaryň sagyna, lybaslaryň çepine düşer ýaly edip tikipdirler.
Ýöne biziň günlerimizde her zenanyň özüniň geýnip bilýändigine garamazdan, ilikler häzir hem lybasyň çepinde ýerleşdirilýär.
25
81
gulshatayewa97
22 Sentýabr 2023
Oglan bn gyzyň koýnegini şoň üsti bn tapawutlandyrýas bizä
fasat
22 Sentýabr 2023
@guldesse, 😂😁😂 Ýoo hakykatdanam se öwgä mynasyba🤗 yrymlaram aýdyp göýberäýdimde😯 Mendirindä gije ýatamdada daňdana çenli eke özüm gürläp ýatýana😜💖😜
fasat
22 Sentýabr 2023
Gaty gowy manyly post eken, guldesse eger sen gyz bolsaň durmuşa çykanyňda hakyky Türkmene mahsus gelin bolarsyň,Eger gelin bolsaň indiki durmuşa çykjak gyzlara görelde bolarsyň👍👍🤗Çünki Türkmende yryma görä ilik çatdy diýip gaýtarma gelinde synapdyrlar,häzirlerem däbimiz ýöreýär👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.