gulia_maksatmyradowna
02.10.2024 23:13
Üýtgäpsiň" diýýäler.
Hawa,üýtgedim.
Öň Aý bolan bolsam,Gün boldum indi.
Durmuşymy durşy bilen üýtgedip,
Mähire çirkizlen gül boldum indi.
Adam bir durkunda durýarmy eýsem?
Ýodadym...
kiçiräk ýol boldum indi.
Men razydym,bolsam ýekeje eser,
Yz-yzyna kitap-tom boldum indi.
Duýgularym şelpe-şelpe,tarma-tar,
Yşk ýeli degdi-de saz boldum indi..
-Bagty duýup bilýän känmi?
-Kän däl.
-Azmy?
-AZ...
Köplügiň içinde az boldum indi.
Gunçalarym göz öňümde gülleýär,
Şaha-şaha ýaýran bag boldum indi.
BIR ÖZÜMDE IKI SANY DÜNÝE BAR,
Dünýedenem baýan baý boldum indi.
Kimler artyk gördi,kimlerem kemter,
Deňäp hem öwrenip,jaý boldum indi.
Yaşalmaly ömür öňümde entek,
Sebäp öň göwredim,jan boldum indi..
Aýgül Garaýewa
15
195
gulia_maksatmyradowna
01.09.2024 17:50
Bir akja jaý otyr, işigi hapa,
Kagyzmy, esgimi giden bir depe.
Güýzüň, ýapraklary ýatyrlar üýşüp,
"Kim bizi süpirkä, ýygnarka?" diýşip.
Öňler beýle däldi bu sary gapy,
Görküne hyrydar ederdi köpi.
Äpişgäň öňünde gara gaş gelin,
Sähere ogşadyp çermelen elin,
Ýuwardy aýnany, süpiýrdi ýeri,
Bir gyza degjekdi alkymnyň deri.
Lowur, lowur, lowur ýanardy güne,
Ertesi işiňe ugrarsyň ýene.
Ýene-de şeýledir gara gaş gelin,
Sähere ogşadyp ýörendir elin.
Diýersiň bu gelini öpmäge doglan,
Bir-ä säher, birem säher dek oglan.
Şu pikir kelläňe gelerem welin,
Göýä seň içiňi okaýan kimin,
Görüner işikde säher dek oglan,
Diýersiň: "Eý, dogan, bagtyňa guwan!"
Ýyllaryň guýrugyna aslyşyp ýyllar,
Bulut dek tirkeşip göçer pasyllar.
Geçer otuz bahar, şonça-da tomus,
Henizlerem akdyr gundaglyk kamys.
Henizlerem boşdur ýüpek sallançak,
Altmyş ýyl lowurdan keteni baýdak.
Perzentsiz çalaryp, ýykylar bir gün,
Guçar gara ýeri garagöz gelin.
Bu işde kömege ejizdir şahyr,
Ol diňe Öz borjun amala aşyr.
Käte säher bilen, käte-de öýlän,
Şol jaýyň öňünde ýaňlanar salam.
Ony garşy alar täk galan goja,
Ýene ýyly ýaýrar çoýundan peje.
Azajyk nurlanar çöken ýaňaklar,
Gapyda ýygnalar sary ýapraklar.
Kerim Gurbannepesow
16
56
gulia_maksatmyradowna
01.09.2024 13:01
Täze okuw ýyly gutly bolsyn!
35-nji ýyl. Sentýabryň 1-i.
Güýzüň ilki güni. Iň ajap pasyl.
Yadymdan çykanok henize çenli,
Soňky deme çenli çykmazam asyl.
Mekdebiň deregne - kiçijik kepbe,
Partanyň deregne - ýasama stol.
Her stol başynda - dört sany çaga,
(Käbirinde bäş hem bolmagy ahmal).
Her çagaň elinde -
Ýönekeý galam,
Her çagaň öňünde
Suratly «Harplyk».
Göýä özümiz hem harplaň oňünde
Düzülşip oturan düşnüksiz-harpdyk.
Harp bizi tananok, biz bolsa harpy,
Harp bize seredýä,
biz bolsa harpa...
Onýança-da birden garaja kepbäň
Gyzylja gapysy açyldy jarka.
Ätledi gapydan bir uly adam.
(Yaşyny hasaplap otursam indi,
Uly bolup görnen şol uly adam
On ýedä-de ýetmän ekeni şindi).
«Salam!» diýip, ýüzümize seretdi.
Biz bolsa hiç zady görmedik çaga,
Ne-hä jogap berdik,
ne-de gozgandyk.
Göýä bakan ýaly ullakan daga,
Hemmämiz aňkaryp ýüzüne bakdyk.
(Ýyljyraklap bize seredýär olam).
Öňümizde bolsa
Suratly "Harplyk".
Ýene-de üç depder,
Ýene bir galam...
Ilkinji salamy şondan öwrendik.
Salamy ozalam bilýärdik weli,
Salam diýen sözüň uly manysyn
Ilki öwredipdi mugalym dili.
Ilkinji edebi şondan öwrendik.
Edebi ozalam bilýärdik weli,
Edep diýen zadyň uly manysyn
Has aýdyň edipdi mugallym dili.
Ilkinji «A» harpyn şondan öwrendik.
«A» harpyn ozalam bilýärdik weli,
«A» diýen harpdan
soň «B»-niň bardygyn
Ilki owredipdi mugallym dili.
Watanyň başyna iş düşen güni,
Moskwaň üstüne çekende bulut -
Biz üçin ilkinji boluşy ýaly,
Ýene-de gitdi ol ilkinji bolup.
Gidişi, gidişi
Gelmedi gaýdyp..
Yaşyny hasaplap otursam indi,
Onunjy klasly Nazar oglumyň
Yaşyna-da ýetmän ekeni şindi...
K.GurbannepesoW
16
200
gulia_maksatmyradowna
21.08.2024 13:49
Nurly Gün gazap bilen bulutlara darasa,
Şemallar çawuş çaksa bagtyýarlyk barada,
Bulutlar ýagman geçse tokaýlaryň üstünden,
Şonda, gygyryp bilmän, ýuwaşjadan üsgürsem,
Ýewfrata göçüp gider garagol garlawaçlar,
Oýnalman galar onsoň owadan oýnawaçlar,
Durna ganatyn ýatlar ýerasty duzaklarda
Sen hakda oýa batsam ýurdumdan uzaklarda,
Başy dumanly daglar iki ýana süýşende,
Joşup akýan derýalar deňzi görse düýşünde,
Gözleň agy-garasy bir hanada garylsa,
Beýniden bizar bolan kelleçanak ýarylsa,
Öz läşini iýende açlykdan çal möjekler
Bir dilberiň saçyna örülende jäjekler,
Bir bürgüt ukusyndan oýanar anna güni,
Pyşbaga bulap urar egninden çanagyny.
Oýny goýan režissýor!
Indi titre, galpylda!
Bir umyt pyntyk ýardy
Bir gurjagyň kalbynda.
— Sungat Gurbangeldi
17
68
gulia_maksatmyradowna
20.08.2024 23:22
Öwüs ýel!
Gel, göwün derde,
Dilinmeýän ýere äkit.
Gam nämedir, gaýgy nedir?
Bilinmeýän ýere äkit.
Goýma,
Göter meni alyp,
Göge galyp,
Galyp,
Galyp,
Soň yzyňa ýüzüň salyp,
Gelinmeýän ýere äkit.
Besdir!
Bihuda çisňedim,
Ýagyp, ýagyplar diňsedim,
Aglaşan bolup, ýeňseden
Gülünmeýän ýere äkit.
Al, o ýana, apar meni,
Gereklänler tapar meni,
Sanalmaýan puluň, demiň
Ölünmeýän ýere äkit.
Meger dogry...
Meger telek.
Ýör gideli, ýör ýa pelek.
Ýüregim bolup ot-elek,
Elenmeýän ýere äkit.
Baş aýlansa,
Bat al, sen bat.
Barybir men etmerin dat.
Hakdan gaýrasyndan hiç zat,
Dilenmeýän ýere äkit.
Annamuhammet Kirşenow
16
31
gulia_maksatmyradowna
14.08.2024 18:25
UMYT
(Kakama)
Ykbala ne döw çalypdyr,
Duýgyma täsiri ters oň.
Ýylgyrsam ýüzüm salykdyr,
Gamlanşymy biliber soň!
Aglasam, ýaşym süpire
Sensiň ýandakdan gutaran.
Sen — ýüregme kürsäp giren,
Otsuz ýanmakdan gutaran.
Özümi tapman geçemde
Ýolsuň — özüme ýetiren.
Sen — tutuş goşgyň içinde
Iň oňat görýän setirim.
Sensiz özüme sygmaýan.
Dünýämi?
Olam dar maňa!
Ýokdur munda, bilýän aýan,
senden ýeg howandar maňa.
Seň bilen bezäne çemli
Solgun ömrümi bu pany.
Eý, dünýäň şu çaka çenli
Çalan iň şirin mukamy!
Göwnüme salnan nagyş sen,
Öwdügim däl, diňläweri:
Dadyma ýeten ýagyş sen,
Diňmäweri,
Diňmäweri!
Mukam Muhamow
14
33