Nurly Gün gazap bilen bulutlara darasa,
Şemallar çawuş çaksa bagtyýarlyk barada,
Bulutlar ýagman geçse tokaýlaryň üstünden,
Şonda, gygyryp bilmän, ýuwaşjadan üsgürsem,
Ýewfrata göçüp gider garagol garlawaçlar,
Oýnalman galar onsoň owadan oýnawaçlar,
Durna ganatyn ýatlar ýerasty duzaklarda
Sen hakda oýa batsam ýurdumdan uzaklarda,
Başy dumanly daglar iki ýana süýşende,
Joşup akýan derýalar deňzi görse düýşünde,
Gözleň agy-garasy bir hanada garylsa,
Beýniden bizar bolan kelleçanak ýarylsa,
Öz läşini iýende açlykdan çal möjekler
Bir dilberiň saçyna örülende jäjekler,
Bir bürgüt ukusyndan oýanar anna güni,
Pyşbaga bulap urar egninden çanagyny.
Oýny goýan režissýor!
Indi titre, galpylda!
Bir umyt pyntyk ýardy
Bir gurjagyň kalbynda.
— Sungat Gurbangeldi