gulia_maksatmyradowna
02.10.2024 23:13
Üýtgäpsiň" diýýäler.
Hawa,üýtgedim.
Öň Aý bolan bolsam,Gün boldum indi.
Durmuşymy durşy bilen üýtgedip,
Mähire çirkizlen gül boldum indi.

Adam bir durkunda durýarmy eýsem?
Ýodadym...
kiçiräk ýol boldum indi.
Men razydym,bolsam ýekeje eser,
Yz-yzyna kitap-tom boldum indi.

Duýgularym şelpe-şelpe,tarma-tar,
Yşk ýeli degdi-de saz boldum indi..
-Bagty duýup bilýän känmi?
-Kän däl.
-Azmy?
-AZ...
Köplügiň içinde az boldum indi.

Gunçalarym göz öňümde gülleýär,
Şaha-şaha ýaýran bag boldum indi.
BIR ÖZÜMDE IKI SANY DÜNÝE BAR,
Dünýedenem baýan baý boldum indi.

Kimler artyk gördi,kimlerem kemter,
Deňäp hem öwrenip,jaý boldum indi.
Yaşalmaly ömür öňümde entek,
Sebäp öň göwredim,jan boldum indi..

Aýgül Garaýewa
15
261
smiling_
7 Mart 2025
@gulia_maksatmyradowna, 🤷🏿‍♀️🤷🏿‍♀️🤷🏿‍♀️
gulia_maksatmyradowna
7 Mart 2025
@smiling_, nirde duraýyn
smiling_
7 Mart 2025
@gulia_maksatmyradowna, agyz böküp ýörmede duraý 🤨😁
gulia_maksatmyradowna
7 Mart 2025
@smiling_, 🤦‍♀️
gulia_maksatmyradowna
3 Oktýabr 2024
Mnä pozjakgäääää:D
gulia_maksatmyradowna
3 Oktýabr 2024
@bilesigelijilai, haaa dowryyyy, aý bolýa özüne rahaty şol bolsa pozuber:) garşylygym ýok.
gulia_maksatmyradowna
2 Oktýabr 2024
Şeýdip yzyňdan gideňsoň teswirleri pozaýmarsyňa
gulia_maksatmyradowna
2 Oktýabr 2024
@bilesigelijilai, nm aý nämäň ýyly
gulia_maksatmyradowna
2 Oktýabr 2024
@bilesigelijilai, hääää geçen ýylky ýaly diýýäňmi konkurs ? Ýoklaý sag bol bu ýyl sen ýeňiji bolaý😹
gulia_maksatmyradowna
2 Oktýabr 2024
@bilesigelijilai, onsaňam Atabaý sen 😏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.