gulia_maksatmyradowna
20.08.2024 23:22
Öwüs ýel!
Gel, göwün derde,
Dilinmeýän ýere äkit.
Gam nämedir, gaýgy nedir?
Bilinmeýän ýere äkit.

Goýma,
Göter meni alyp,
Göge galyp,
Galyp,
Galyp,
Soň yzyňa ýüzüň salyp,
Gelinmeýän ýere äkit.

Besdir!
Bihuda çisňedim,
Ýagyp, ýagyplar diňsedim,
Aglaşan bolup, ýeňseden
Gülünmeýän ýere äkit.

Al, o ýana, apar meni,
Gereklänler tapar meni,
Sanalmaýan puluň, demiň
Ölünmeýän ýere äkit.

Meger dogry...
Meger telek.
Ýör gideli, ýör ýa pelek.
Ýüregim bolup ot-elek,
Elenmeýän ýere äkit.

Baş aýlansa,
Bat al, sen bat.
Barybir men etmerin dat.
Hakdan gaýrasyndan hiç zat,
Dilenmeýän ýere äkit.

Annamuhammet Kirşenow
16
31
gulia_maksatmyradowna
21 Awgust 2024
@Tayler, biläýmedimdä partadaş
Tayler
21 Awgust 2024
Aýdymam bamy şu goşgyň
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.