gulia_maksatmyradowna
14.08.2024 18:25
UMYT
(Kakama)

Ykbala ne döw çalypdyr,
Duýgyma täsiri ters oň.
Ýylgyrsam ýüzüm salykdyr,
Gamlanşymy biliber soň!

Aglasam, ýaşym süpire
Sensiň ýandakdan gutaran.
Sen — ýüregme kürsäp giren,
Otsuz ýanmakdan gutaran.

Özümi tapman geçemde
Ýolsuň — özüme ýetiren.
Sen — tutuş goşgyň içinde
Iň oňat görýän setirim.

Sensiz özüme sygmaýan.
Dünýämi?
Olam dar maňa!
Ýokdur munda, bilýän aýan,
senden ýeg howandar maňa.

Seň bilen bezäne çemli
Solgun ömrümi bu pany.
Eý, dünýäň şu çaka çenli
Çalan iň şirin mukamy!

Göwnüme salnan nagyş sen,
Öwdügim däl, diňläweri:
Dadyma ýeten ýagyş sen,
Diňmäweri,
Diňmäweri!

Mukam Muhamow
14
34
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.