gulia_maksatmyradowna
12.08.2024 20:38
Indi bu şähere däl men nätanyş
Onuň saçagynda rysgalym nanym.
Ýöne asman gürläp ýaganda ýagyş
Küýseýärin gujagyny obamyň.

Häzir gydyrdanyp ýörendir Käbäm
Tamdyr-ojagyny gorap ýagyşdan.
Çopan getirýändir sürüsin obaň
Kakam bolsa mallaryny daňyşdy:r.

Ternawyň suwundan dörän kölçede
Ýüzýändir çagalaň kagyz gaýygy
Çaň tozandan halys bolan köçeden
Çekilendir pyýadalaň aýagy

Horaşaja üçegmizden gelýändir
Biziň öňki gögerçinleň gur-gury
Köpelendir
Sanardan juda kändir
Görmedim men olar deýin duýgury.

Ürküzensoň dabarasy damjalaň
Bir tarapdan bezzatlaryň kemany
Diýýändirler bizi otly penjeden
Goraglan gyz nirde,
Niçikkä haly?

Bilýän däldir olar özleri hakda
Şol gözeliň ne hyýallar gurýanyn
Penjiräň öňünde, onunjy gatda
Jaýlaň üçeginden garap durýanyn.

Hemde köne dostlarynyň zaryny
Çekdigiçe alýandygny güýç kuwwat
Doly bilmeýänler entek baryny
Çorluja ellermiň bolanny duw-ak

Şu şäherde gözel günleň dowamy,
Şonuň üçin däl biz asla nätanyş.
Ýöne küýseýärin eziz obamy
Asman joşa gelip ýaganda ýagyş
26
132
Dusia
16 Awgust 2024
Menem ((
gulia_maksatmyradowna
14 Awgust 2024
@flowers_, hawala nesip bolsa)
flowers_
14 Awgust 2024
@gulia_maksatmyradowna, bähbit bolsun, ýeneki ýyllar nesip bolsa.
gulia_maksatmyradowna
14 Awgust 2024
@g_nva06, tabiki Gülşirin🤔
gulia_maksatmyradowna
14 Awgust 2024
@flowers_, şükür ýagşy) Ýok(
flowers_
14 Awgust 2024
@gulia_maksatmyradowna, Salam, oňat Hudaýa şükür, özüň nähili, okuwa girip bildiñmi
gulia_maksatmyradowna
14 Awgust 2024
@g_nva06, şükür ýagşy menem, özüň näili gowjamy ýagdaýlaň? Hawa minnetdar 🤗 saňada nesip etsin daýza bolmak😘
gulia_maksatmyradowna
14 Awgust 2024
Köne stil ünsümi çekýä soňkydöwür🤷‍♀️
gulia_maksatmyradowna
14 Awgust 2024
@flowers_, :)) salamälik ýagşymy taplar
flowers_
14 Awgust 2024
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.