gulia_maksatmyradowna
01.09.2024 13:01
Täze okuw ýyly gutly bolsyn!



35-nji ýyl. Sentýabryň 1-i.
Güýzüň ilki güni. Iň ajap pasyl.
Yadymdan çykanok henize çenli,
Soňky deme çenli çykmazam asyl.

Mekdebiň deregne - kiçijik kepbe,
Partanyň deregne - ýasama stol.
Her stol başynda - dört sany çaga,
(Käbirinde bäş hem bolmagy ahmal).

Her çagaň elinde -
Ýönekeý galam,
Her çagaň öňünde
Suratly «Harplyk».
Göýä özümiz hem harplaň oňünde
Düzülşip oturan düşnüksiz-harpdyk.

Harp bizi tananok, biz bolsa harpy,
Harp bize seredýä,
biz bolsa harpa...
Onýança-da birden garaja kepbäň
Gyzylja gapysy açyldy jarka.

Ätledi gapydan bir uly adam.
(Yaşyny hasaplap otursam indi,
Uly bolup görnen şol uly adam
On ýedä-de ýetmän ekeni şindi).

«Salam!» diýip, ýüzümize seretdi.
Biz bolsa hiç zady görmedik çaga,
Ne-hä jogap berdik,
ne-de gozgandyk.
Göýä bakan ýaly ullakan daga,

Hemmämiz aňkaryp ýüzüne bakdyk.
(Ýyljyraklap bize seredýär olam).
Öňümizde bolsa
Suratly "Harplyk".
Ýene-de üç depder,
Ýene bir galam...

Ilkinji salamy şondan öwrendik.
Salamy ozalam bilýärdik weli,
Salam diýen sözüň uly manysyn
Ilki öwredipdi mugalym dili.

Ilkinji edebi şondan öwrendik.
Edebi ozalam bilýärdik weli,
Edep diýen zadyň uly manysyn
Has aýdyň edipdi mugallym dili.

Ilkinji «A» harpyn şondan öwrendik.
«A» harpyn ozalam bilýärdik weli,
«A» diýen harpdan
soň «B»-niň bardygyn
Ilki owredipdi mugallym dili.

Watanyň başyna iş düşen güni,
Moskwaň üstüne çekende bulut -
Biz üçin ilkinji boluşy ýaly,
Ýene-de gitdi ol ilkinji bolup.


Gidişi, gidişi
Gelmedi gaýdyp..
Yaşyny hasaplap otursam indi,
Onunjy klasly Nazar oglumyň
Yaşyna-da ýetmän ekeni şindi...


K.GurbannepesoW
16
201
navat_
6 Sentýabr 2024
@gulia_maksatmyradowna, gowy menem hudaya sukur tatlim🤗 ... okuw nahili boldy...
gulia_maksatmyradowna
5 Sentýabr 2024
@nabat_, hawa gowy gowmy özüň näili tatlişkom😊🤗
nabat_
2 Sentýabr 2024
Salam gowmy Tatlim😃🤗
jbmm
2 Sentýabr 2024
@gulia_maksatmyradowna, gornenokmykanay
gulia_maksatmyradowna
2 Sentýabr 2024
@jbmm, oki hoşşş
gulia_maksatmyradowna
2 Sentýabr 2024
@jbmm, bäh bäh 🙄 bajyma aýdaryndei
jbmm
2 Sentýabr 2024
@gulia_maksatmyradowna, hany sagbol sasedimin jigsi shuwagt gyssagly gitmeli boldum yogsam senden halki godekligin hasabyny sorajakdym bu burda bitmedi
gulia_maksatmyradowna
2 Sentýabr 2024
@jbmm, bolýa
jbmm
2 Sentýabr 2024
@gulia_maksatmyradowna, dowamyny indi duzmeli 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.