gul✿
28.08.2024 00:43
Ynam
Han-ha, iňrik ýere ýazylyp barýar,
Bilýän, bir ýerlerde eýýäm daň atdy,
Oň söýgüsi misli bir uly derýa
Zyňylan daş bolup, ýüregme ýetdi.
Ine, syryp ýörüs köçeleň boýun,
Bir-birmiz tanaman, nobata durus,
Geliň, syr saklaman, alalyň, boýun,
Şol daşy näçämiz göterip ýörüs.
Bir jeza bar jezalaňam jellady:
Wysallaryň myrat bolmak deregne,
Adamyň eý gören, ynanan zady
Bir gara daş bolup çökýär ýüregne.
Ynamsyz ýaşamak mümkin däl, mümkin,
Ony goramaly beýni hem ýürek.
Ýöne ynamlaňňam synýany üçin,
Käte ynamlardan goranmak gerek.
G.EZIZOW.
17
78
gul✿
26.08.2024 22:41
ÝEKELIK.
Boýur-boýur ýaşyn dökýä asman hem,
Göýäki halyma aglaýan ýaly.
Uçur meni äkit. Eý sowuk şemal
Bu dünýä täzeden gelmezim ýaly.
.
Sabyrym, takadym ýetmejek ýaly,
Çüýräp barýan ýaly ýazan setirlem.
Tebigata siňip giderin bir gün
Bu dünýä hiç haçan gelmedik ýaly.
.
Bu ýerler ümsümlik.
Bu ýerler tukat.
Ony bozýar diňe ýagyş damjasy.
Ýagmasyny bes edenok. Näme üçin?
Aňlatmak isleýä göýä halyny.
.
Aňladym.
Sen ýekesiň men ýaly.
Ýekelik duşuşdy ýagyşly günde.
Sen beýle oýlary eden hem dälsiň,
Tupanly howada, ýagyş astynda.
.
Üýtgedim men, ýekeligi dost tutundym.
Ol maňa azar bermez siz ýaly.
Diňe ol ýetenok meniň ýanyma,
Gelsene ýekelik, gelsene bäri.
.
Erte birden ýene ýagyş ýaganda,
Ýatlagyn ýekelik, ýatlagyn meni.
Men seni küýseýän ýagyş ýaganda,
Goýma ýalňyzlykda ýekelik meni!
.
Aslynda öýkämi düzetmek üçin ýazypdym, emma ol öýkeledi. Men bolsa ýekelikde galdym.
# S. Piriýew.
12
91
gul✿
26.08.2024 11:43
Kerim aganyñ ýyly geçmänkä öýüne baryp aýat-töwer edip gaýtdyk. Aradan on ýedi ýyl geçdi. Ýanyma Seýitli agany alyp, paýtagta gitdim-de, Kerim şahyryñ mazarynyñ başynda aýat okap, ýatan ýeriniñ ýagty, imanynyñ hemra bolmagyny dileg etdik.
Bizi geñ galdyran zat, mazaryñ üstünde, gögümtil öwüsýän gülüñ ösüp oturmagy. Gülde bolsa on üç sany gunça bar. Kerim aganyñ çagalarynyñ sanyna görä.
Şahyr, güllere diýseñ gadyr goýardy, hasam gülleriñ gunçajygyna.
Käteler begenýän ujypsyz zada,
Käte-de gyýylýan şonçajyga men...
Şu gün gabat geldim köçäñ ugrunda,
Ýolunyp oklanan gunçajyga men.
.
Gyssagly barýardym. Wagtym çäklidi,
Emma köz basan dek egildim aşak.
,,Gunçajyk, kim seni bagyñdan ýoldy?
Kim seni har etdi köçede taşlap?''
.
Gunçajyk uludan aldy-da demin,
Aýamyñ içinde ýylgyrdy sessiz...
Maña şondan artyk sagbol gerek däl,
Şo sagbol besdir.
Kitapdan bölek.
15
73
gul✿
25.08.2024 13:43
Çeper edebiýat hem-de durmuş barada çuññur oýlanmagymyz, elbetde, örän begendirýän zat. Emma näçe çuññur oýlandygyñ-ça-da-da, şonça-da kyn düşýäni belli zat. Kynçylykly menzilleri, üstünlikli ädimler bilen jemlemek, durmuşyñ lezzeti-de şonda dälmikä?
Ynsan ogly, megerem, hiç haçan ruhdan düşmeli däldir. Ruhdan düşen güni adam gutarýan bolsa gerek.
Ýöne, ruhdan düşmezlik diýem-de gözsüz batyrlyk däl-de, gözli batyrlyk gerek diýmekdir.Ömrümiñ güýzinde men bu zatlara düşünip başladym.
Kerim. GURBANNEPESOW.
Kitap ,,Muña durmuş diýerler" A. Nepes.
18
97
gul✿
25.08.2024 00:03
Kitaplarda duş gelen, taryhy, owadan gören atlar hemde sözleriñ añladýan manylary bilen bile özleri. ))
1) ,,MELISA" Bu meñ iñ owadan görýän atlarymyñ biri bolup ol: Süýji tagam, bal, ýakymly ys, ajaýyp duýgyny berip, bu at gyzlara hem dakylýar.
2) ,,MEHLIKA" gözel hem Aý ýüzli diýmekdir.
3) ,,AFITAP" gözel hemde ýagty, öwüşgin atýan ýüzli diýmekdir.
4) ,,MOKITO" hemmäniñ bilýän ýöne hiç kimiñ aýdyp bilmedik hakykaty diýmekdir.
5) ,,NIKBIN" her bir kişä, herbir zada diñe gowy tarapdan seretýän diýmekdir.
6) ,,SAUDADE" hiç haçan gowuşmajak kişimize duýulan çuñ duýgy diýmekdir.
7) ,,SÂHIR" gijelerini ukysyz geçirýän kişi diýmekdir.
8) ,,ESILA" agşam wagty aýdyñlyk diýmekdir.
9) ,,SARE" sada, tämiz, ýakymly diýmekdir.
10) ,,LAVINIA" ölüm güli diýen manyda.
11) ,,LIVAN" ýagty ölüm diýen manyda.
12) ,,EFLAL" ,,Jennetdäki bir miwe agjydyr" diýip internetde düýbinden ýalñyş ýazylan. Asyl manysy: ýaralanan, zeper, zyýan çeken manydadyr.
13) ,,AREL" töwerwgimizdäki kalby, eli tämiz, iñ dürüst ynsan diýmekdir.
14) ,,MARSEL" güýçli, Gün öwüşgüni diýmek manyda.
15) ,,MEÝRA" daş töweregini gözelligi hem akyly bilen ýagtylytýan diýmek, ,,parlaýan şöhle" diýmek manylary berýär.
16) ,,MENESSA" Hezreti Ýusup pygaberiñ oglunyñ adydyr. ,,Hezreti Ýusuf" filminde gyzynyñ ady hökmünde ýalñyş görkezilendir.
Topan, taýýarlan: 🌹👈🏻
Suratdaky güllerem Güle degişli))
18
102
gul✿
24.08.2024 11:00
1 - Bashdan gechirmek ya-da toy-toy oynamak dal-de, sonsuzlyga uzalan bagtly bir mashgala gurmak pikirim..
2 - Her adamyn ayry-ayry gylyk-hasiyet bn yaradylandygy sebapli, meninem hemme gylyk-hasiyetim bilinsin we shona gora hereket edilsin..
3 - Kellami chishirmegin yerine bedenimi we anymy rahat saklasyn..
4 - Dawalashmak uchin dal-de, huzur tapmak uchin oylenenligim unudylmasyn..
5 - Gelnim mana hyzmatkar bolsun, menin onun guly bolayyn.. Ol mana yer bolsun, men ona asman bolayyn..
6 - Her sozunde we herekedinde yagshy niyete garashyan..
7 - Ishimin kelleagyrysyndan oye asyk yuz bn gelip bilerin, yone menin gelnimde -bazarda satylman galan okuzin yuzi yaly- mollerip duran yuz gormek islamok..
8 - Hatasyz gul bolmaz.. Meninem hatamyn bolup biljegi bilinmeli..
9 - Bagt uchin sabyr gaty zerur zat..
10 - Realnyy dunyade yashayas, problemalar elbetde bolup biler.. Esasy zat, shol problemalar ulaldylmasyn..
11 - Gelnim mana her kellesine gelen zady ya-da islan zadyny aytsa; yagny, sesli pikirlense, mendenem islemeyan zatlaryny eshidip biler..
12 - Gelnim men bn dushunishmage chalyshmaly, dawa doredip, goh turuzmaga dal.. 13 - Hormat, soygini kamilleshdiryar.. Sylag-hormatdan mahrum bir soygi oludir, hich zatdyr..
14 - Gelnim mana ozuni soydurmek isleyan bolsa, suyji dilli, guler yuzli, gowy hasiyetli bolmaly..
15 - Kawagt gelnimin gownune degen bolup bilerin, yone muna meninem gynanyandygymy unutmasyn..
16 - In halamayan zadym, gelnimin men bn gaharda yaryshyp yenjek bolmagy..
17 - Dine ozunin pikirini edyan gelin islamok.. Gabanmak gowy zat, yone asha kop bolsa, bagtsyzlyk doredyar..
18 - Menin aydyanlarymy dinlan kishi bolup, kellesindaki oz aytjak zatlarynyn pikirini edyan adam, gaty gaharymy getirya..
19 - Biz mesele hakynda dawalashylanda, "Senki yalnysh!" diyip, yuze urmaga derek, "Menin yalnyshym nameka?" diyip, pikirlenip bilmek, meselani chozmegi ansatlashdyryar..
20 - Dushunishmegin mumkin yerinde, problemanyn ustune gitmek, has uly problema doredip biler..
21 - Az, dushnukli we yerinde gurlap bilyan gelin, Allatagalanyn in uly nygmatlaryndandyr..
22 - Gaharym gelende aklym bashymdan gidya, dali yaly bolyan.. Shonun uchin, gaharym gechyancha gelnim dymyp sabyr edip bilse, dawa bolmaz.. Yagny, men dali bolsam, ol weli bolmaly..
23 - Terslikde direnyan, muny hasiyet edinen, oz diyeninden bashga hemme yollary yapan bir ayala chydamak gaty kyn..
24 - Shu sozi hiç unutmaly dal; "Gozele 40 gunde doyular, gozel hasiyetla 40 yylda doyulmaz!""
kim nähili pikirde?
16
88
gul✿
23.08.2024 21:57
Oýarmaň
Ýene agyr degýär tapyp yitirmek,
Bu zatlaryň düýşdügini nä biljek.
Heý bolmasa oýanjakmy diýsene,
Şol bar ýerde gaflatda-da säginjek.
~
Uzakyly gün güňe dönüp gezilýär,
Aňlap ýene şol zatlaryň düýşdigin.
Şonsuz täleýimden gidesim gelýär,
Bilsem-de wah, çykmaz ýola düşdügim.
~
Mertligiň çäginden geçip bir pursat,
Möňňürip-möňňürip aglasym gelýär.
Ýatlamalaň alawyna kalbymy,
Ýaksam-da çoýunyp çaglasym gelýär.
~
Külüň sowrup ýatlajagmy bilsem-de,
Gaharyma hyýalymdan ýakýaryn.
Ukysyz gözlerme erkim ýöredip,
Ýene keşbiň görmek üçin ýatýaryn...
~
Çytyk gaşlam biraz gowşaşan bolsa,
Soluk ýüzüm oňküden has nurlansa.
Buýra saçlyň dergähinde şo mahal,
Bulaşyk ykbalym biraz durlansa.
~
Bolmajak arzuwyň wysal wagtynda,
Reňksiz ömrüm gül keşbine boýalman.
Men özüm bu düýşden oýanman asla,
Haýyş edýän sizem meni oýarmaň.
Ahmet Arazow
18
64