Oýarmaň
Ýene agyr degýär tapyp yitirmek,
Bu zatlaryň düýşdügini nä biljek.
Heý bolmasa oýanjakmy diýsene,
Şol bar ýerde gaflatda-da säginjek.
~
Uzakyly gün güňe dönüp gezilýär,
Aňlap ýene şol zatlaryň düýşdigin.
Şonsuz täleýimden gidesim gelýär,
Bilsem-de wah, çykmaz ýola düşdügim.
~
Mertligiň çäginden geçip bir pursat,
Möňňürip-möňňürip aglasym gelýär.
Ýatlamalaň alawyna kalbymy,
Ýaksam-da çoýunyp çaglasym gelýär.
~
Külüň sowrup ýatlajagmy bilsem-de,
Gaharyma hyýalymdan ýakýaryn.
Ukysyz gözlerme erkim ýöredip,
Ýene keşbiň görmek üçin ýatýaryn...
~
Çytyk gaşlam biraz gowşaşan bolsa,
Soluk ýüzüm oňküden has nurlansa.
Buýra saçlyň dergähinde şo mahal,
Bulaşyk ykbalym biraz durlansa.
~
Bolmajak arzuwyň wysal wagtynda,
Reňksiz ömrüm gül keşbine boýalman.
Men özüm bu düýşden oýanman asla,
Haýyş edýän sizem meni oýarmaň.
Ahmet Arazow