gul✿
24.08.2024 11:00
1 - Bashdan gechirmek ya-da toy-toy oynamak dal-de, sonsuzlyga uzalan bagtly bir mashgala gurmak pikirim..
2 - Her adamyn ayry-ayry gylyk-hasiyet bn yaradylandygy sebapli, meninem hemme gylyk-hasiyetim bilinsin we shona gora hereket edilsin..
3 - Kellami chishirmegin yerine bedenimi we anymy rahat saklasyn..
4 - Dawalashmak uchin dal-de, huzur tapmak uchin oylenenligim unudylmasyn..
5 - Gelnim mana hyzmatkar bolsun, menin onun guly bolayyn.. Ol mana yer bolsun, men ona asman bolayyn..
6 - Her sozunde we herekedinde yagshy niyete garashyan..
7 - Ishimin kelleagyrysyndan oye asyk yuz bn gelip bilerin, yone menin gelnimde -bazarda satylman galan okuzin yuzi yaly- mollerip duran yuz gormek islamok..
8 - Hatasyz gul bolmaz.. Meninem hatamyn bolup biljegi bilinmeli..
9 - Bagt uchin sabyr gaty zerur zat..
10 - Realnyy dunyade yashayas, problemalar elbetde bolup biler.. Esasy zat, shol problemalar ulaldylmasyn..
11 - Gelnim mana her kellesine gelen zady ya-da islan zadyny aytsa; yagny, sesli pikirlense, mendenem islemeyan zatlaryny eshidip biler..
12 - Gelnim men bn dushunishmage chalyshmaly, dawa doredip, goh turuzmaga dal.. 13 - Hormat, soygini kamilleshdiryar.. Sylag-hormatdan mahrum bir soygi oludir, hich zatdyr..
14 - Gelnim mana ozuni soydurmek isleyan bolsa, suyji dilli, guler yuzli, gowy hasiyetli bolmaly..
15 - Kawagt gelnimin gownune degen bolup bilerin, yone muna meninem gynanyandygymy unutmasyn..
16 - In halamayan zadym, gelnimin men bn gaharda yaryshyp yenjek bolmagy..
17 - Dine ozunin pikirini edyan gelin islamok.. Gabanmak gowy zat, yone asha kop bolsa, bagtsyzlyk doredyar..
18 - Menin aydyanlarymy dinlan kishi bolup, kellesindaki oz aytjak zatlarynyn pikirini edyan adam, gaty gaharymy getirya..
19 - Biz mesele hakynda dawalashylanda, "Senki yalnysh!" diyip, yuze urmaga derek, "Menin yalnyshym nameka?" diyip, pikirlenip bilmek, meselani chozmegi ansatlashdyryar..
20 - Dushunishmegin mumkin yerinde, problemanyn ustune gitmek, has uly problema doredip biler..
21 - Az, dushnukli we yerinde gurlap bilyan gelin, Allatagalanyn in uly nygmatlaryndandyr..
22 - Gaharym gelende aklym bashymdan gidya, dali yaly bolyan.. Shonun uchin, gaharym gechyancha gelnim dymyp sabyr edip bilse, dawa bolmaz.. Yagny, men dali bolsam, ol weli bolmaly..
23 - Terslikde direnyan, muny hasiyet edinen, oz diyeninden bashga hemme yollary yapan bir ayala chydamak gaty kyn..
24 - Shu sozi hiç unutmaly dal; "Gozele 40 gunde doyular, gozel hasiyetla 40 yylda doyulmaz!""


kim nähili pikirde?
16
85
sazsoft
24 Awgust 2024
Bular ýaly zenana heniz ertekilerde-de gabat gelmedim. Durmuşda bar bolup, onda-da bagtyňdan dagy çykaýsa, wah... wah... wah, bir ömür däl, ýüz ömür ýaşaşsaňam ýene az bolar 💗
myrataly_
24 Awgust 2024
Yurekden soyen gyz sulan agzalanlan barsyny ozinde jemlap bilmezmi?
Islam_Atayew
24 Awgust 2024
umuman pikirler gaty gowy, yone su yazgylary geliniñ endigine öwrip, añyna ornaşdyryp bolsa...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.