gul✿
25.08.2024 00:03
Kitaplarda duş gelen, taryhy, owadan gören atlar hemde sözleriñ añladýan manylary bilen bile özleri. ))

1) ,,MELISA" Bu meñ iñ owadan görýän atlarymyñ biri bolup ol: Süýji tagam, bal, ýakymly ys, ajaýyp duýgyny berip, bu at gyzlara hem dakylýar.

2) ,,MEHLIKA" gözel hem Aý ýüzli diýmekdir.

3) ,,AFITAP" gözel hemde ýagty, öwüşgin atýan ýüzli diýmekdir.

4) ,,MOKITO" hemmäniñ bilýän ýöne hiç kimiñ aýdyp bilmedik hakykaty diýmekdir.

5) ,,NIKBIN" her bir kişä, herbir zada diñe gowy tarapdan seretýän diýmekdir.

6) ,,SAUDADE" hiç haçan gowuşmajak kişimize duýulan çuñ duýgy diýmekdir.

7) ,,SÂHIR" gijelerini ukysyz geçirýän kişi diýmekdir.

8) ,,ESILA" agşam wagty aýdyñlyk diýmekdir.

9) ,,SARE" sada, tämiz, ýakymly diýmekdir.

10) ,,LAVINIA" ölüm güli diýen manyda.

11) ,,LIVAN" ýagty ölüm diýen manyda.

12) ,,EFLAL" ,,Jennetdäki bir miwe agjydyr" diýip internetde düýbinden ýalñyş ýazylan. Asyl manysy: ýaralanan, zeper, zyýan çeken manydadyr.

13) ,,AREL" töwerwgimizdäki kalby, eli tämiz, iñ dürüst ynsan diýmekdir.

14) ,,MARSEL" güýçli, Gün öwüşgüni diýmek manyda.

15) ,,MEÝRA" daş töweregini gözelligi hem akyly bilen ýagtylytýan diýmek, ,,parlaýan şöhle" diýmek manylary berýär.

16) ,,MENESSA" Hezreti Ýusup pygaberiñ oglunyñ adydyr. ,,Hezreti Ýusuf" filminde gyzynyñ ady hökmünde ýalñyş görkezilendir.


Topan, taýýarlan: 🌹👈🏻

Suratdaky güllerem Güle degişli))
18
102
manolya
25 Awgust 2024
🌼
sazsoft
25 Awgust 2024
@tim_, Käbir güller 100 ýylda bir gezek gülleýär. Ömürlik dälem bolsa, şolar ýalyrak bir zady bardyr :)
sazsoft
25 Awgust 2024
@gul✿, Birhili "şahyr" bilen birräk eken. Şahyram gijesini ukusyz geçirýän kişi bolansoň, şondan soradym :))) Melissa - gowy görýän, narpyzpisint ösümligim 😍
sazsoft
25 Awgust 2024
Posty soňundan okadym. «Sâhir»? 🤔
sazsoft
25 Awgust 2024
Gülleri gowy görýänim üçin ilki suratlary gördüm :) Owadan güller! 😍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.