Ynsanlyk
Her säher oýanyp öz durmuşyňda ähli zadyň ýerbe-ýerdigine guwanaýyn diýýäň, emma köçä çykan badyňa...şo-o-ol garry ýaşulynyň üznüksiz nobatlarda hasasyna söýenip durşuna gözüň düşende, ýa-da hol partada oturan garagözelek çaganyň öýdäki derdini içiň bilip duran ýerinde, ýa-da hool burça dykylyp iki gysym gök otdur sogany satjak bolup oturan gelnejäniň umytsyz ,ýadaw nazaryna gözüň kaklyşanda... bolanok, başaraňok, bir zatlar bogazyňda tegek bolýar-da galýar. Hiç düşünip bileňok näme üçin bu nätanyş ynsanlaryň yzasyny duýýanyňa. Bir ýerlerde biri üşeýän bolsa, seň basyrnan ýorganyň seni ýylatmaýanyna düşünip bileňok…