Kerim aganyñ ýyly geçmänkä öýüne baryp aýat-töwer edip gaýtdyk. Aradan on ýedi ýyl geçdi. Ýanyma Seýitli agany alyp, paýtagta gitdim-de, Kerim şahyryñ mazarynyñ başynda aýat okap, ýatan ýeriniñ ýagty, imanynyñ hemra bolmagyny dileg etdik.
Bizi geñ galdyran zat, mazaryñ üstünde, gögümtil öwüsýän gülüñ ösüp oturmagy. Gülde bolsa on üç sany gunça bar. Kerim aganyñ çagalarynyñ sanyna görä.
Şahyr, güllere diýseñ gadyr goýardy, hasam gülleriñ gunçajygyna.
Käteler begenýän ujypsyz zada,
Käte-de gyýylýan şonçajyga men...
Şu gün gabat geldim köçäñ ugrunda,
Ýolunyp oklanan gunçajyga men.
.
Gyssagly barýardym. Wagtym çäklidi,
Emma köz basan dek egildim aşak.
,,Gunçajyk, kim seni bagyñdan ýoldy?
Kim seni har etdi köçede taşlap?''
.
Gunçajyk uludan aldy-da demin,
Aýamyñ içinde ýylgyrdy sessiz...
Maña şondan artyk sagbol gerek däl,
Şo sagbol besdir.
Kitapdan bölek.