gul✿
28.08.2024 00:43
Ynam

Han-ha, iňrik ýere ýazylyp barýar,
Bilýän, bir ýerlerde eýýäm daň atdy,
Oň söýgüsi misli bir uly derýa
Zyňylan daş bolup, ýüregme ýetdi.

Ine, syryp ýörüs köçeleň boýun,
Bir-birmiz tanaman, nobata durus,
Geliň, syr saklaman, alalyň, boýun,
Şol daşy näçämiz göterip ýörüs.

Bir jeza bar jezalaňam jellady:
Wysallaryň myrat bolmak deregne,
Adamyň eý gören, ynanan zady
Bir gara daş bolup çökýär ýüregne.

Ynamsyz ýaşamak mümkin däl, mümkin,
Ony goramaly beýni hem ýürek.
Ýöne ynamlaňňam synýany üçin,
Käte ynamlardan goranmak gerek.


G.EZIZOW.
17
78
ylham_gurbanaly
12 Sentýabr 2024
Adamyň eý gören, ynanan zady Bir gara daş bolup çökýär ýüregne... (ahh halypa...)
sazsoft
28 Awgust 2024
💗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.