Ýöne mahal-mahal iňrik garalyp,
Seni ýatlap, oý edemde uzak, ýar,
Azaşan ýolagçyň geýmine girip,
Meniň söýgim seniň gapyñy kakýar.
Kämil bolup, aklym ýetdi bir zada:
Köňül arzuwyna ýetme ýok.
Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde, Ýaşamagam iki gezek berlenok.
(G. Ezizow)