gokgi
10.04.2024 17:07
Gyzlar iki topara bölünýärler. Biri arassaçyl beýlekisi romantikler. Ýagny birinji topar öýde tozan görse süpürýär, ýuwýar, arasssalaýar. Ikinji topar bolsa şol tozana ýürejik çekýär. Üçünji topar şol tozany üfläp öýe ýaýradýar. Dördünji topar eli bilen tozany süpürüp elini aşak kakýar. Ýene bir topar tozany görüp hiçzadam edenok. Baýba iki topar däl eken, ýene köp ekenä...
😀😃😄😁😆😅🤣😂
"Pişijegim, towşanjygym, kepderijigim, guşum" diýlip söýgi mynasybetli aýdylýan sözleriñ añyrsynda "HAÝWAN" sözüniñ ýatandygyny gyzlarymyz entägem añanok.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Druzýamda Şakira, Jennifer, Maksim dagylar bar diýip begenip ýörsem, asyl olar goñşylarymyz Şeker, Jennet, Mahym dagylar ekenä.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Adam pahyram hor bolmajak bolup semreýädä...
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Garyp bolanyña görä puluñ bir köp bolaýsa...
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Ir bilen seresap hereket etmeli. Bir ýalñyş hereket we sen ýene ýatyrsyñ.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Çagalygymyzda iñ eşidesimiz gelmeýän söz: Ana, pylanyñ çagasy bela ýaly...
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Diýetologa ýazyljak bolsañ ikisine ýazylmaly. Biriniñ berýän resepti bilen doýup bolanok.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Özüñi betnyşandyryn diýip pikir etme. Betnyşandygyñ dogry ýöne pikir etme.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Gybatçynyñ altyn kanuny: Telefon goýlandygyna doly göz ýetirmän, gybat edip başlamañ!
39
355
gokgi
07.04.2024 16:28
Aýna seredip öz görkünden göwni geçip ýören aýal hüññürdeýär:
- Gowy-da! Meñ ärime geregem şol.
🤣 🤣 🤣
Bir gyz ejesinden sorapdyr:
-Eje meñem ulalsam ärim bolarmy?
- Hawa gyzym gowja okasañ, gowy gyz bolsañ señem äriñ bolar.
- A men erbet gyz bolsam näme?
- Onda äriñ köp bolar.
🤣 🤣 🤣
Bir GAIniñ ogly ölüpdir. Jynazasyna gelen sürüjiler waý oglum, çagajygymeý diýip aglap başlapdyrlar. GAI geñ galyp o nädip siziñ ogluñyz bolýar diýse, sürüjileriñ biri dogduran sen bolsañam bakan biz ony.
🤣 🤣 🤣
Internetde ýazyşýarlar:
- A saña nähili gözler ýaraýar?
- Aýýý maña her hilisi, tapawudy ýok.
- Señ bagtyñ çüwdi, meñ gözlerim her hili, biri beýläk, beýlekisem eýläk bakýar.
🤣 🤣 🤣
Gyzjagaz edebiýatdan öý işini edip otyrka ejesinden soraýar:
-Eje tragediýa, drama, komediýa nämaý?
- Ine gyzym kakañ öýe içgili gelende kakañ özi üçin tragediýa, bize drama, goñşylara bolsa komediýa bolýar.
🤣 🤣 🤣
Iki sany däli dälihanadan birden ýok bolupdyrlar. Onsoñ hemme lukmanlar bar ýerini gözläp tapmandyrlar. Agşam bolanda bu iki däli gülüşip-degşip gelipdirler we lukmanlar geñ galyp:
- Siz nirden geldiñiz beýle biz sizi gözläp uzakly gün taptp bilmedik.
- Biz ertir gaçjak bu gün prosta taýynlyk gördüklaý.
🤣 🤣 🤣
Çagalar bagynda günortanlaryna uklaman geçirenime şuwagtam özümi bagyşlap bilemok.
🤣 🤣 🤣
Är aýal aýrylyşmagy karar edipdirler, emma çagalaryny deñ iki bölüp bilmändirler. Sebäbi ýedi çagany deñ ikä bölüp bolmaýar, birine artyk düşýär. Soñ äri aýalyna şeýle diýipdir:
- Ýene bir çaga edineli, sekiz deñ ikä bölünýär.
Olar bir çaga edinip aýrylyşmagy kara edinipdirler we aradan dokuz aý geçensoñ olaryñ ekiz çagalary bolupdyr.
🤣 🤣 🤣
Ýer ýüzünde iñ uly dartyş güýji sagat 7däki ýassyk.
Bildiriş: ❤LIKE GOÝANA IPHONE PRO 18 SOWGAT.
HOWLUGUÑ SIZEM SOWGADY ELDEN GIDERMÄÑ.
41
372
gokgi
28.03.2024 16:20
Uzyn, inçe bir ýoldaýam,
Gidiýärin gündiz, gije.
Bilmeýärin ne haldaýam,
Gidiýärin gündiz, gije.
Dünýäge geldigim halda,
Ýöredim aýny zamanda,
Iki gapyly bir jaýda,
Gidiýärin gündiz, gije.
Ukudakamam ýöreýän,
Galkmaga sebäp araýan,
Gidenleriñ baryn görýän,
Gidiýärin gündiz, gije.
Kyrk dokuz ýyl bu ýollarda,
Sährada, dagda, çöllerde,
Sergezdan men ýat go:llarda,
Gidiýärin gündiz, gije.
Eger düşünäýsek çyndan,
Geçip ýa:t illeñ içinden,
Azam bolsa ýol geçemsoñ,
Gidiýärin gündiz, gije.
Weýsel geñ galar bu hala,
Käte aglar, käte güle,
Ýetişmek üçin menzile,
Gidiýärin gündiz, gije.
26
37
gokgi
15.03.2024 15:42
*Geñ galaýmaly, ýöne Aristotel aýallaryñ dişiniñ erkekleriñkiden azdygyny tassyklaýar eken. Has geñ ýeri, ol iki gezek öýlenenem bolsa, dişleri sanap göräýmegi ýadyndan çykarypdyr;
(Soñky ýagdaý oýlanmaga itergi berýär. Özem Aristoteliñ gybatyny etmek manysynda däl. Ynsan üçin ýolbarslaryñ horazdan gorkýandygy baradaky pikir gadymy we orta asyrlarda, Täzeden Döreýiş döwründe ýörgünli eken. Bu toslama soñ beren, belli fransuz zoology Žorž Kýuwe (1769-1832) bolupdyr. Ol synag geçirip horazlary şiriñ kapasasyna sokupdyr we soñra murtlaryny ýalaýan ýolbarsyñ özüne minnetdarlygyny öz gözi bilen görüpdir.
Ýöne alymlaryñ köpüsi rowaýatyñ gözelligini gorap, geçirilen synaglaryñ şertlerini şübhe astyna alýarlar. Elbetde, gaçara ýer tapmansoñ, şir mejburlykdan goranan bolmaly. Şir ketegine oklanan horazlaryñam ýagdaýyny, batyrlygyny, gorkakdygyny Kýuweden başga bilýän ýok).
*Aristotel üýtgeşik ýiti akyly bilen tapawutlanypdyr.
Haçan-da oña biriniñ gaýybana gargaýandygyny aýdanlarynda, Aristotel: "Gaýybana bolsa, ursa-da zeleli ýok"
diýipdir.
*Nämäniñ çalt garraýandygyny soranlarynda, Aristotel:"Minnetdarlyk" diýip jogap beripdir.
*Aristotel düşündirişleriniñ köpüsini "Kai patauta uden" - "Munda añyrda başga zat ýok" diýen sözler bilen jemläpdir.
*Aristotel öz ösüşiniñ Platony tankytlap biljek çägine çenli baryp ýetende, "eginlek Aristotel" bu ýagdaýa şeýle baha beripdir: "Bujagaz taýçanak özüni dogran baýtaly depip başlady".
Pawel TARANOW,
rus filosofy
27
126
gokgi
12.03.2024 15:24
Dünýäde ilkinji telefon söhbetdeşligi 1876-njy ýylyñ 10-njy martynda oýlap tapyjy Aleksandr Belliñ goñşy otagdaky kömekçisine jañ edip, içeri girmegini haýyş eden wagtynda bolup geçdi. Enjamlar göni birikdirildi, şonuñ üçin Bell belgini aýlamaly däldi.
Tizara ABŞ-da telefon ulgamynyñ müşderileri üçin şahsy belgiler peýda boldy. Ilki bilen dört san boldy. Az adam telefon alyp bilýärdi, şonuñ üçin bir şäher üçin 9999 belgisi ýeterlikdi. Müşderileriñ sanynyñ köpelmegi bilen belgilere san goşulmalydy. ABŞ-da ilkinji 7 sanly belgi peýda boldy. Köp müşderi bagtsyzdy, sebäbi nomerleri ýatda saklamak kyndy. Ýeri gelende aýtsak, bir adam näçe telefon belgisini ýatda saklap biler? Beýniniñ mümkinçilikleri, elbetde, hemmeler üçin tapawutly, ýöne alymlar 237-den köp bolmaly däldigini kepillendirýärler.
1891-nji ýylda Kanzas Siti şäherinden Elmon Strojer göni jañ edýän telefon üçin patent aldy. Strojeri zerurlyk boýunça oýlap tapyjy diýip atlandyryp bolar, onuñ kiçi bir işi bardy - tabyt ýasamak üçin bölüm. Bäsdeşiniñ aýaly telefon alyş-çalyş operatory bolup işe girende, buýrugy bolmazdan galyp biljekdigi sebäpli, işiniñ çökmek howpyna düşdi.
Dünýäde iñ gymmat telefon belgisi bolsa 666-66-66. Kataryñ paýtagty Doha şäherindäki haýyr-sahawat auksionynda satyldy. Bu san Katar Telekom tarapyndan auksiona çykaryldy we 2 million 750 müñ dollara satyldy. Maliýe serişdeleri bolsa ýurduñ lukmançylygyny ösdürmäge gönükdirildi.
Taýýarlan: Gülruh Atabaýewa
ahal.info
29
65
gokgi
08.03.2024 01:04
Salam, Öwrenmeliniñ öwrenýän hem öwredýän mähriban gyz-gelinleri!
Sizi ýetip gelen Halkara Zenanlar güni bilen mähirli gutlaýaryn. Göwün köşgüñiz elmydama söýgüden dolup dursun! Janyñyz sag, başyñyz dik, ruhuñyz elmydama belentde bolsun!
💐🌿🌹🌱🌻☘🌺🌿🌼🍀🌷🌱⚘☘🌸
Ähli zada görk paýlaýan özüñiz,
Siziñ bilen gözel baharlar-ýazlar.
Iñ gowy arzuwlar aýdasym gelýär
Siziñ şanyñyza,
Gelinler,
Gyzlar!
Ýöne size näme arzuw etsemkäm?!
Arzuwlañ gowsy kän saýlap-seçere!
Men size-de şony arzuw edýärin
Näme arzuw edýän bolsam ejeme.
Bu ömürde näçe şatlygym bolsa,
Siz şärik,
Siz sebäp şolañ baryna.
Men size şol zady arzuw edýärin
Näme arzuw edýän bolsam ýaryma.
Bolandyr üstümde kökenek geren,
Ýöne ol dogança boljakmy näme!
Men size-de şony arzuw edýärin
Näme arzuw edýän bolsam uýama.
Ynsan ömri bir tutulan toý bolsa,
Meñzeş siz şol toýuñ aýdym-sazyna.
Men size-de şony arzuw edýärin
Ata näme arzuw etse gyzyna.
27
29