*Geñ galaýmaly, ýöne Aristotel aýallaryñ dişiniñ erkekleriñkiden azdygyny tassyklaýar eken. Has geñ ýeri, ol iki gezek öýlenenem bolsa, dişleri sanap göräýmegi ýadyndan çykarypdyr;
(Soñky ýagdaý oýlanmaga itergi berýär. Özem Aristoteliñ gybatyny etmek manysynda däl. Ynsan üçin ýolbarslaryñ horazdan gorkýandygy baradaky pikir gadymy we orta asyrlarda, Täzeden Döreýiş döwründe ýörgünli eken. Bu toslama soñ beren, belli fransuz zoology Žorž Kýuwe (1769-1832) bolupdyr. Ol synag geçirip horazlary şiriñ kapasasyna sokupdyr we soñra murtlaryny ýalaýan ýolbarsyñ özüne minnetdarlygyny öz gözi bilen görüpdir.
Ýöne alymlaryñ köpüsi rowaýatyñ gözelligini gorap, geçirilen synaglaryñ şertlerini şübhe astyna alýarlar. Elbetde, gaçara ýer tapmansoñ, şir mejburlykdan goranan bolmaly. Şir ketegine oklanan horazlaryñam ýagdaýyny, batyrlygyny, gorkakdygyny Kýuweden başga bilýän ýok).
*Aristotel üýtgeşik ýiti akyly bilen tapawutlanypdyr.
Haçan-da oña biriniñ gaýybana gargaýandygyny aýdanlarynda, Aristotel: "Gaýybana bolsa, ursa-da zeleli ýok"
diýipdir.
*Nämäniñ çalt garraýandygyny soranlarynda, Aristotel:"Minnetdarlyk" diýip jogap beripdir.
*Aristotel düşündirişleriniñ köpüsini "Kai patauta uden" - "Munda añyrda başga zat ýok" diýen sözler bilen jemläpdir.
*Aristotel öz ösüşiniñ Platony tankytlap biljek çägine çenli baryp ýetende, "eginlek Aristotel" bu ýagdaýa şeýle baha beripdir: "Bujagaz taýçanak özüni dogran baýtaly depip başlady".
Pawel TARANOW,
rus filosofy