gokgi
26.03.2024 16:06
Sen şeýle bir gyza öýlen
Aýamasyn hyzmatyny.
Bir minudam duruzmasyn
Öýi, ojagyñ gyzmasyny.

Sen şeýle bir gyza öýlen
Hözir görsün ene-atañ.
Erkekçilik, kämahaljyk
Bagyşlansyn ownuk hatañ.

Sen şeýle bir gyza öýlen
Kowsun dawa, şeri añdan.
Şatlygyñy möhüm görsün
Imodan, türk serýaldan.

Sen şeýle bir gyza öýlen
Dynçlyk bolsun ir gijiñde.
Öýde rahatlyk bolmasa
Rowaçlyk bolmaz işiñde.

Sen şeýle bir gyza öýlen
Arman bolmasyn ykbala.
Şeýtanyñ güýji ýetmesin
Guran ojagyñ ýykmana.

✒Kerim Hallyýew
30
108
efsane_tm
26 Mart 2024
bet otyra😁
gullnara_
26 Mart 2024
bu montaž bolaýmasyn
flowers_
26 Mart 2024
Wah gupbajygym bilen donum)🤦‍♀️
gokgi
26 Mart 2024
@wolf, suratdaky gyz
alma___
26 Mart 2024
Gòzlàberiñ belki şeýle gyz duşaýadyda
wolf
26 Mart 2024
Indi su suratdaky oglanmy gyzmy 😯🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.