Gyzlar iki topara bölünýärler. Biri arassaçyl beýlekisi romantikler. Ýagny birinji topar öýde tozan görse süpürýär, ýuwýar, arasssalaýar. Ikinji topar bolsa şol tozana ýürejik çekýär. Üçünji topar şol tozany üfläp öýe ýaýradýar. Dördünji topar eli bilen tozany süpürüp elini aşak kakýar. Ýene bir topar tozany görüp hiçzadam edenok. Baýba iki topar däl eken, ýene köp ekenä...
😀😃😄😁😆😅🤣😂
"Pişijegim, towşanjygym, kepderijigim, guşum" diýlip söýgi mynasybetli aýdylýan sözleriñ añyrsynda "HAÝWAN" sözüniñ ýatandygyny gyzlarymyz entägem añanok.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Druzýamda Şakira, Jennifer, Maksim dagylar bar diýip begenip ýörsem, asyl olar goñşylarymyz Şeker, Jennet, Mahym dagylar ekenä.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Adam pahyram hor bolmajak bolup semreýädä...
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Garyp bolanyña görä puluñ bir köp bolaýsa...
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Ir bilen seresap hereket etmeli. Bir ýalñyş hereket we sen ýene ýatyrsyñ.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Çagalygymyzda iñ eşidesimiz gelmeýän söz: Ana, pylanyñ çagasy bela ýaly...
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Diýetologa ýazyljak bolsañ ikisine ýazylmaly. Biriniñ berýän resepti bilen doýup bolanok.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Özüñi betnyşandyryn diýip pikir etme. Betnyşandygyñ dogry ýöne pikir etme.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Gybatçynyñ altyn kanuny: Telefon goýlandygyna doly göz ýetirmän, gybat edip başlamañ!