1.🧊
Eger-de, bişiren naharyñyz ýagly bolsa, onda bir jübüt buz bölejigini naharyñyzyñ üstüne atyñ. Buz naharyñyzyñ içinde magnit ýaly hereket edip, ýag dokumalaryny özüne çeker.
2.🍊🍋
Apelsinleriñ we limonlaryñ daşky gabygyny aýyrmakda kynçylyk çekýärsiñizmi?
Miweleriñizi mikrotolkunda 20 sekunt goýuñ. Şeýlelikde, onuñ añsatlyk bilen aýrylýandygyna göz ýetirersiñiz.
3.🥚
Ýumurtgany gaýnadýan suwuñyza hamyr soda ýa-da sirke goşuñ. Bu maddalar ýumurtganyñ gabygynyñ içine girip, onuñ gabygynyñ has añsat ýol bilen aýrylmagyna mümkinçilik berer.
4.🧅
Sogan dograñyzda gözýaş dökmezlik üçin sogany dogramazdan ozal 30 minut doñdurjyyda goýuñ. Sogan dograp duran wagtyñyzda sakgyç çeýneseñiz ýa-da duza seredip dursañyz gözýaşyñyzy saklap biler.
5.🍕🍛
Mikrotolkunda pizza ýa-da bişirilen nahar gyzdyrylanda gapdalynda bir stakan suw goýuñ. Sebäbi çyglylyk iýmitiñ guramagynyñ öñüni alýar.
6.🍳
Ýumurtga bişirýän gabyñyza biraz suw goşuñ. Bu usulyñ kömegi bilen bişirýän ýumurtgañyzyñ tagamy has lezzetli bolar.
7.🍋
Limonyñ soñky damjasyna çenli suwuny almak isleseñiz, ilki miwäni sowadyjyda salkyn ýerde goýuñ, soñra ony mikrotolkunda 15-20 sekunt goýuñ we netijäni görüñ.Bu usuly beýleki sitrus miwelerinde hem ulanyp bilersiñiz.