gokgi
08.03.2024 01:04
Salam, Öwrenmeliniñ öwrenýän hem öwredýän mähriban gyz-gelinleri!
Sizi ýetip gelen Halkara Zenanlar güni bilen mähirli gutlaýaryn. Göwün köşgüñiz elmydama söýgüden dolup dursun! Janyñyz sag, başyñyz dik, ruhuñyz elmydama belentde bolsun!

💐🌿🌹🌱🌻☘🌺🌿🌼🍀🌷🌱⚘☘🌸

Ähli zada görk paýlaýan özüñiz,
Siziñ bilen gözel baharlar-ýazlar.
Iñ gowy arzuwlar aýdasym gelýär
Siziñ şanyñyza,
Gelinler,
Gyzlar!

Ýöne size näme arzuw etsemkäm?!
Arzuwlañ gowsy kän saýlap-seçere!
Men size-de şony arzuw edýärin
Näme arzuw edýän bolsam ejeme.

Bu ömürde näçe şatlygym bolsa,
Siz şärik,
Siz sebäp şolañ baryna.
Men size şol zady arzuw edýärin
Näme arzuw edýän bolsam ýaryma.

Bolandyr üstümde kökenek geren,
Ýöne ol dogança boljakmy näme!
Men size-de şony arzuw edýärin
Näme arzuw edýän bolsam uýama.

Ynsan ömri bir tutulan toý bolsa,
Meñzeş siz şol toýuñ aýdym-sazyna.
Men size-de şony arzuw edýärin
Ata näme arzuw etse gyzyna.
26
27
flowers_
8 Mart 2024
Minnetdar! Señkem gutly bolsun! 🌷💝
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.