Dünýäde ilkinji telefon söhbetdeşligi 1876-njy ýylyñ 10-njy martynda oýlap tapyjy Aleksandr Belliñ goñşy otagdaky kömekçisine jañ edip, içeri girmegini haýyş eden wagtynda bolup geçdi. Enjamlar göni birikdirildi, şonuñ üçin Bell belgini aýlamaly däldi.
Tizara ABŞ-da telefon ulgamynyñ müşderileri üçin şahsy belgiler peýda boldy. Ilki bilen dört san boldy. Az adam telefon alyp bilýärdi, şonuñ üçin bir şäher üçin 9999 belgisi ýeterlikdi. Müşderileriñ sanynyñ köpelmegi bilen belgilere san goşulmalydy. ABŞ-da ilkinji 7 sanly belgi peýda boldy. Köp müşderi bagtsyzdy, sebäbi nomerleri ýatda saklamak kyndy. Ýeri gelende aýtsak, bir adam näçe telefon belgisini ýatda saklap biler? Beýniniñ mümkinçilikleri, elbetde, hemmeler üçin tapawutly, ýöne alymlar 237-den köp bolmaly däldigini kepillendirýärler.
1891-nji ýylda Kanzas Siti şäherinden Elmon Strojer göni jañ edýän telefon üçin patent aldy. Strojeri zerurlyk boýunça oýlap tapyjy diýip atlandyryp bolar, onuñ kiçi bir işi bardy - tabyt ýasamak üçin bölüm. Bäsdeşiniñ aýaly telefon alyş-çalyş operatory bolup işe girende, buýrugy bolmazdan galyp biljekdigi sebäpli, işiniñ çökmek howpyna düşdi.
Dünýäde iñ gymmat telefon belgisi bolsa 666-66-66. Kataryñ paýtagty Doha şäherindäki haýyr-sahawat auksionynda satyldy. Bu san Katar Telekom tarapyndan auksiona çykaryldy we 2 million 750 müñ dollara satyldy. Maliýe serişdeleri bolsa ýurduñ lukmançylygyny ösdürmäge gönükdirildi.
Taýýarlan: Gülruh Atabaýewa
ahal.info