gokgi
28.03.2024 16:20
Uzyn, inçe bir ýoldaýam,
Gidiýärin gündiz, gije.
Bilmeýärin ne haldaýam,
Gidiýärin gündiz, gije.

Dünýäge geldigim halda,
Ýöredim aýny zamanda,
Iki gapyly bir jaýda,
Gidiýärin gündiz, gije.

Ukudakamam ýöreýän,
Galkmaga sebäp araýan,
Gidenleriñ baryn görýän,
Gidiýärin gündiz, gije.

Kyrk dokuz ýyl bu ýollarda,
Sährada, dagda, çöllerde,
Sergezdan men ýat go:llarda,
Gidiýärin gündiz, gije.

Eger düşünäýsek çyndan,
Geçip ýa:t illeñ içinden,
Azam bolsa ýol geçemsoñ,
Gidiýärin gündiz, gije.

Weýsel geñ galar bu hala,
Käte aglar, käte güle,
Ýetişmek üçin menzile,
Gidiýärin gündiz, gije.
26
34
gokgi
29 Mart 2024
@flowers_, hawa
flowers_
28 Mart 2024
Türk aýdymmy🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.