flowers_
16.03.2024 01:33
Güli bolmaly.


Müñ söýseñde ýaryñ,eziz dostlañam
Kalbyñda,törüñde ýeri bolmaly
Gaýgyñda gamlanyp,güleñde gülüp
Käte müñ derdiniñ emi bolmaly


Söýmeli söýen dek bagta çagyryp
Dünýäñ özi söýgä,bagta çakylyk
Hoşluk bilen geçip gidýär çagalyk
Her kimiñ geçmişde ýeri bolmaly


Bir görseñ ertedir,bir görseñ öýle
Käte dyrjaşýarys beýikden-beýge
Ynsan ogly neneñ takatsyz beýle?!
Nebsiñem,gahryñam öz ýeri bolmaly.


Söýgi baky bolar,ölmese ynam
(Ynamsyz,umytsyz ýaşamak ýaman)
Wagt bu bir salgym,geçmiş bir ýalan
Biz öz geljegmiziñ güli bolmaly.


Öwezowa Bilbil Aşyrowna.
38
52
flowers_
15.03.2024 22:10

Gysga hekaýalar.

Bakjalykda.


Onuň haýdap ylgap gelşine gözi düşende gyz bakjalykda durdy.
–– Tina! Gülüm! Gymmatlym! Meň durmuşda barym!
Ahyry gyz onuň dilinden garaşýan ýakymly sözlerini eşidipdi.
–– O, Tom!
–– Tina, meniň güljagazym!
–– O, Tom, menem seni şeýle bir söýýän!
Tom oňa golaý geldi, dyza çöküp oturdy-da çaltjak ony bir gapdala süýşürdi.
–– Meniň güljagazym! Sen meniň söýgüli bägülimi depeläp dursuň!


😐
Houp Eý Torres.
36
169
flowers_
15.03.2024 17:08

Ilkinji zenan lukmany.


Halkyň garşylygyna garamazdan, ABŞ-niň Ženewa kolležini tamamlan ilkinji
zenan lukman diýip taryhda at alan Elizabet Blekuell 1821-nji ýylda Angliýanyň
Bristol şäherinde dünýä inýär. 11 ýaşyndaka maşgalasy bilen ABŞ göçüp
gidýär.Kakasy ýogalandan soňra lukmançylyk fakultetini okap, lukman bolmagy
isleýän Elizabet kakan gapysyndan “ýok” jogaby bilen gaýdyp gelýär. Ahyry
1847-nji ýylda Ženewa kolležinde talyplyga kabul edilip, ol kolleži birinjilik bilen
tamamlaýar. Şol wagtlar oňa lukman bolup işe başlamak başartmaýar, zenan
bolanlygy sebäpli ne hassahanalarda iş tapýardy, ne-de jaý alyp hassalara
seretmek mümkinçiligini ele alyp bilýärdi. Parižde diplomy kabul edilmän kiçijik
hassahanada kömekçi bolup işleýän döwründe, hassalardan kesel ýokuşyp, bir
gözüni ýitirýär.
Gaýtadan Nýu-Ýorka dolanan Elizabet özüne jaý satyn alyp, kiçijik hassahana
açýar. Üstünligi bilen halkyň ünsüni çekip, 1857-nji ýylda diňe gyzlaryň
okamagy üçin “ Uniwesitet hassahanasyny” açmagy başarýar. Soňra Florens
Naýtingeýl bilen bilelikde “London School of Medicine for Women”
mekdebinde şepagat uýalary we lukman ýetişdirmäge başlaýar. Wagtyň
geçmegi bilen ol iş durmuşyndan uzaklaşyp, kitap ýazýar. Elizabet Blekuell
1910-njy ýylda aradan çykdy.





Hanjar REJEPOW.
32
35
flowers_
14.03.2024 19:09

Talybyň ýandepderçesinden.


Biziň bir mugallymymyz,   köplenç  şeýle sözleri gaýtalaýardy:  «Talyplyk bir «gezekli çemçe» ýalydyr. Eliňdekä  ondan geregiňi susup aljak bol! Soň munuň ýaly mümkinçilik tapdyryp durmaz».
Ylym-bilim «gazanyndan» geregini susup alyp, onuň eşretini görmek  üçin irginsiz okamak, öwrenmek zerur. Durmuşa nähili çemeleşseň, ol hem şoňa görä öz miwesini berer. Heniz özümizde şeýle mümkinçilik barka, biz ylym-bilimden mazaly geregimizi  edinmelidiris. Sähelçe äwmezlik etsek, «boş» galarys…

***
Her gün şol bir duralgada durýaryn. Oňa awtobuslar yzly-yzyna garynja «gatnawyny» edip, gelip-geçip dur. Men her gezek awtobusa münüp-düşýän ýolagçylara syn edip, ömrüň duralgasy barada oýlanýaryn. Durmuşyň seni haýsy duralgada garşy aljakdygy belli däl.
Biz — durmuş atly duralganyň ýolagçylary. Ol duralganyň gatnawy kesiler ýaly däl. Yzy üzülmän gelýän awtobuslaryň içinden öz münmeli ulagyňa münmän, başga bir belgili ula-ga münseň, ol seni başga ýerlerden  çykarar.

***
Mosartyň 4 ýaşynda ilkinji sazyny ýazandygyny bilýärin. Bu diýseň täsin. Ýöne kiçijik Gulbabajygyň eýýäm 4 ýaşynda 100-e golaý aýdym aýdyp bilendigine has-da haýran galýaryn…

***
Talyplarda şeýleräk bir aýtgy bar: «Gapydan kowsalar penjireden gir!». Bu her bir ugurtapyjy talybyň şygary. Ol indi söýgi meselesinde-de has köp ulanylýar. Söýgi dünýäsiniň işiginden ätlän talyp ilki gapydan soň penjireden, ondan soň bolmasa, üçekden girmegi ýörelge edindiler. «Söýginiň gapysyny» kakmak üçin ilki onuň ýüregini «açmalydygyndan» olaryň habarlary-da ýok.

***
Arada talyplaryň biri şeýle sözler aýtdy: «Adamyň ömri sähelçe pursat. Onuň ömrüni düzýän ýyllar bolsa gysymyňdaky çäge ýaly ýele sowrulyp, gözden ýitip gidýär. Şonuň üçin ömrümizde şeýle mümkinçilik barka, biz ony şemala sowurmaly däldiris». Bu sözleriň ýürekden çykandygy üçin ol ýüreklere hem ýetdi.  Şol pursat men içimden şeýle pikir etdim: «Günler haýal geçýär, aýlar ylgap geçýär, ýyllar bolsa uçup…»

31
72
flowers_
14.03.2024 14:44
Hurma barada gyzykly maglumat.


Iň tagamly miweleriň biri hurma özüniň süýji tagamy bilen hemmeleriň
halaýan iýmişleriniň biridir. Ol dünýäde iň köp sarp edilýän miweleriň
hatarynda durýar. Ata watany Arabystan ýarym adasy we Demirgazyk Afrika
hasaplanýan bu miwe irki döwürlerden bäri dürli keselleri bejermekde we öňüni
almakda peýdalanylypdyr. Bu miwäniň düzümindäki peýdaly maddalar bedeni
gurplandyryp, köp wagtlap dok saklaýar. Onuň ösdürilip ýetişdirilýän ýerine
görä dürli görnüşleri bolýar. Onuň düzüminde şeker, protein, süýüm we dürli
ýaglar bilen bir hatarda, 16 görnüşli mineral madda bar. Şeýle hem dürli
witaminlerine hem baýdyr. Düzümindäki flor dişiň çüýremeginiň öňüni alýar
we bedeniň immunitetini berkidýär. Iýmitlilik kuwwaty ýokary bolan bu miwe
ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr. Göz saglygyna hem haýry
bolan miwäniň ganyňy köpeldiji häsiýeti hem bar. Müsür, Eýran, Saud
Arabystany, Alžir, Pakistan, Tunis, Yrak, Sudan, BAE we Oman ýaly ýurtlar
dünýäniň öňdebaryjy hurma öndürijileridir.
Hurmanyň adam bilen umumylyklarynyň köpdügi aýdylýar. Onuň
ýaşaýan döwri hem şeýleräk. Hurma agajynyň “ýaşy” ortaça, 70 ýyla çenli, kä
halatlarda 130 ýyla ýakyn bolup bilýär. Sekiz ýyldan soňra miwe berip başlaýan
hurmanyň iň gowy hasyl berýän döwri 15-40 ýyllary aralygynda bolýar. Ony
tohumyndan hem köpeldip bolýar. Ýöne onuň agajyndan çykan şahalar kesilip
oturdylsa, has gowy miwe berýär. Bu şahajyklar onuň öz golaýynda ekilýär.
Belli bir wagtdan soňra başga ýere äkidilip oturdylýar. Bu miwe Ýakyn
Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň oba hojalyk ykdysadyýetinde uly
orun tutýar.
Hurma adamzat tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän iň gadymy miweleriň
biri hasaplanýar. Taryhy maglumatlarda mundan 8 müň ýyl ozal, Hindi
ýarymadasynyň günbatarynda we Müsürde hurma ekilendigi barada aýdylýar.

Müsürde bu agaç bezeg hökmünde hem peýdalanylypdyr. Şeýle hem müsürliler
dürli keselleriň bejergisinde hurmadan peýdalanypdyr. XIX asyrda onuň
nahallary Ispaniýadan Meksika äkidilip ekilýär. Hurmanyň tohumyny güldana
ekip, öý şertlerinde gül hökmünde hem ulanyp bilersiňiz.




Hatyja BEGMYRADOWA.
35
63
flowers_
12.03.2024 09:25
Gülki.


Pul adamy üýtgedýär diýdiler. Menem kakamyň jübüsinden pul ogurladym. Çyndanam üýtgetýän eken, gözümiň çişine buz basyp oturyn şuwagt.

***

Eje, biziň mugallymymyz maňa „matematikadan hiç zat bileňok“ diýip, gündeligime birhili san ýazdy-laý.

***

Professor studentden soraýar:
-Näme beýle tolgunýaňyz? Meniň soraglarymdan gorkýaňyzmy?
-Ýok, öz jogaplarymdan gorkýan.

***

Atam pahyr Titanikdakylara öňlerinde uly aýsbergiň barlygyny gygyryp-gygyryp aýdypdyr welin adamlar ony diňlämändirler we iň ýaman ýerem ony kinoteatrdan çykaryp goýberipdirler.

***

15-20 sany selfie düşdim we düşündim: Esasy zat içki gözellik.

***

-Kakañ näme işleýär?
- Ejem näme diýse şony.

***

- Kaka näme üçin sen ejeme öýlendiň?
Adamsy aýalyna seredip, "Görýäňmi hat-da çagada geň görýär".

***

Ähli problemalary suwa gark edesim gelýär. Arman, gelnim basseýna girmekden ýüz döndürýär.

***

Gyzjagaz ejesi bilen nahar iýip otyrka soraýar:
-Eje, name üçin kakamyň saçy az?
-Sebäbi gyzym, kakaň akylly adam. Ol köp pikir edeni üçin saçlary dökülýär.
-Eje-eje, seň saçyňa dökülmändir. Kän hem uzyn....
-Geplemän iý!!!!

***

-Ezizim, itimizi nähili saklaýan bolsaň meni hem şeýle saklamagyňy isleýän!
-Näme diýjek bolýaň?
-Gaýrat et-de meni gowja naharla-da daşaryk gezmäge goýber! Haýyş edýän!

***

Çaýhanada iki dost Ýolbars bilen Öküz keýp edip otyrmyşlar. Ine, birden Ýolbarsyň jübi telefony jyňňyrdaýar, aýaly oňa „derrew öýe gel“ diýýär. Ýolbars Öküz dosty bilen hoşlaşýar we ýerinden turup öýüne gitmekçi bolýar. Öküz bolsa Ýolbarsy hamala „Aýalyň diýenini edýäňmi? Aýalyňdan gorkýaňmy? Men-ä seň ýeriňe bolan bolsam aýalymyň diýenini etmezdim...“ diýen ýaly gepler bilen duzlamaga başlaýar. Dostunyň bu kinaýaly sözlerine Ýolbars şeýle jogap berýär:
-Dost jan! Sen bir zady bulaşdyrma? Meniň aýalym Ýolbars aýal, seniňki ýaly Sygyr däl ahyryn....




Toplan:
@ATSYZATLY
62
624
flowers_
11.03.2024 23:50

«HASSAHANA»


Yşkyň uçgunyndan syçrap bir gün,
Gujagyňda aglan bolup dogýas biz.
Kalby däl-de, garny doýuryp ýörkäk,
Söýgüsizem oňýas biz.

Ýykylsak, zemiňe ýapyşyp turýas.
Emma arka direýäris dünýä biz.
Biri-birimizden habarsyz diýýäs
— Dünýä!
— Dünýäm!
— Dünýämiz!

Bir gün giň, bir günem daralyp duran,
Çölüstanmyň, bizem gorkak tez jeren.
Gollary ho-ol gökde, köki... kim bilýär?
Agaçlarnyň depe saçy hüžžeren.

Çagakam sen juda owadandyň-la,
Dünýä, ýuwaş-ýuwaş gartaşýaňmy ýa?!
Timar ber özüňe, galkyndyr göwni.
Senem gussa bilen galtaşýaňmy ýa?!

Gözlermizi baglap söýgi salgymna,
Düze kowmaň döndi gitdi düzgüne.
Sataşsa, heýjana geldi ýürekler,
Ýogsa, üzlere...

Zemin söýgi aýdymyňy diňleýär,
Goşgularyň yşkyň pagyş-parasy.
Seniň goýnuň «söýgi» diýip iňleýän,
Yşkdan ýaralylaň «hassahanasy»




Aýgül GARAÝEWA.
37
176
flowers_
11.03.2024 20:38

Söýgi — abstrakt bir zat.


▪︎Ony söz bilen suratlandyryp bolmaýar — diňe duýup bolýar. Söýgi wagt, logika we beýleki islendik kanunlara tabyn däldir. Söýgi baradaky psihologiki faktlary dykgatyňyza ýetirýäris:

▪︎Adamlaryň köpüsiniň aşyklygy göz bilen baglanyşyklydyr. Bu ilkinji 30 sekundyň içinde bolup geçýär. Hereketde ilkinji göreniňde — söýgi!

▪︎Adam ýuwaş-ýuwaşdan köp wagtyny bile geçirýän birine, mysal üçin, synpdaşyna ýa-da kärdeşine aşyk bolýar.

▪︎Ýakyn adamyň elinden tutmak akyl we beden agyrysyny azaldar.
Erkinlik bermek — söýgi gapma-garşylygy.

▪︎Käwagt söýgi hem endige öwrülip biler.

▪︎Geplemsek zenanlar we dymýan erkekler iň gowy jübütleri ýasamaga ýykgyn edýärler.

▪︎Erkekler zenanlardan has çalt aşyk bolýarlar.

▪︎Adam söýýän birini görse, ýürek urgusy islegsiz çaltlaşýar.

▪︎Eger gujaklamagy gowy görýän bolsaňyz, biliň, gujaklamak käbir agyrylary tebigy ýagdaýda aýyrýar.

▪︎Söýýän adamyň suraty hem agyryny aýyryp biler.

▪︎Söýýän adamlaryňyza ýönekeýje minnetdarlyk bildirmek, derrew bagtyň döremegine sebäp bolýar.

▪︎Geçirilen barlaglara görä, adamlar howply ýagdaýda biri-birine duşsa, asuda şertlerde duşuşanyndan has köp söýüşip biljek eken.

▪︎Käbir adamlar ýakynlarynyň ýoklugyna çydap bilmän, akyl ýa-da fiziki kesel sebäpli birnäçe aýdan ýa-da birnäçe ýyldan soň olaryň özleri hem dünýäni terk edýärler.

▪︎Adamlaryň 64% -i aýrylyşandan soň, daşky görnüşini üýtgedýärler.

▪︎Depressiýanyň esasy sebäbi şowsuz söýgi wakalarydyr.

▪︎Biz hemişe söýýän adamymyzy halaýan aýdymlarymyz bilen baglanyşdyrýarys.

▪︎«Gatnaşykda iň möhüm zat — ynam» diýilse-de, iň möhüm zat — wagt. Wagtyň geçmegi bilen ynam, dostluk, çäksiz we aýrylmaz baglanyşyklar ösýär.

▪︎Ýuwaş sesli erkekler has ýokary sesli erkeklere garanyňda, özüne çekiji bolup bilerler.

▪︎Iki söýýän adam biri-biriniň gözüne 3 minut seredende, ýürek urşy sinhronlanýar.





Gülruh ATABAÝEWA.
32
44
flowers_
11.03.2024 13:10
BBC teleýaýlymy Türkmenistanyň tebigaty hakynda dokumental film düşürýär.



BBC britan teleýaýlymynyň döredijilik topary ýurdumyzyň özboluşly tebigat dünýäsine bagyşlanan dokumental filmiň üstünde işlemek üçin Türkmenistana geldiler diýip, HHM habar berýär.

Film Türkmenistanyň baý tebigy köpdürlüligi barada, sähra-çöllüklerden başlap, Köpetdagyň garly gerişlerine çenli täsinlikleri barada gürrüň berer. Tomaşaçylar jeýranlar, gar barslary we çaýkalar ýaly seýrek duşýän haýwanlary synlap bilerler, şeýle hem endemiki ösümlikler (diňe şu ýere mahsus) bilen tanşyp bilerler.



tmcars.info.
46
418
flowers_
11.03.2024 09:29
ÜÇLEMELER.



Hordanam jellaplar öwüp satýarlar,
Öwgiň üçin ganat ýaýman, sebäbi
Awçylar uçuryp soňam atýalar.

* * *
Gaýdan ýaşyň ýetmiş bäşi erňeklän,
Iň bolman topuga, alkyma seret,
Fitçiň deşigi dek gözleň çermekde.?

***
Öwrüldim men jan-jigerňe, dözmezňe,
Meni söýmese-de, Taňrym behiştde
Seni mensiz galdyrmaga dözmez-le.

***
Jedel gider, ant içerler,
―Daşdan görenler bir diýer‖,
Jüpdügmiz bilmän geçerler.

***
Sowaşma ýok öýdýän bu artyp yşga,
Sen-ä nektar, a men bolsa bal ary,
(Bagtly guluň gep uruşam bir başga).
?
***
Eý, Gara ýer, tutýan dawaň karamdyr,
Jan-ten, hany-manym üşbu periňki,
Eýä gerek zatlar goňşa haramdyr.

* * *
Düşünemok, ak giripdir saçdanam,
Tylla üçin garpyşyp ýör döwletler,
Rysgal meni yzarlap ýör gaçsamam.

* * *
Buharda-da mugt ýok, hasap-hesip bar.
Bu dünýäni gülletmesem dirikäm,
O dünýä barsamam dowzah nesip bor.

* * *
Gollaryňda ýortup gezdim herýan men,
Guba çölüm, çalmarymy çagşadan,
Gara döw dek ýellerňe-de gurban men.

* * *
Birisi ―inidi, biri ―agady.
Gurduň çagasyndan ekdi bolmady,
Bigänäň ugrunda sulbam dagady.

* * *
Aşa düşürdi ençäni.
Biribar, mugyra getir,
Başyna giden çemçäni.

* * *
Pylankesdir öýdüp gorkma, üýşenme.
Mekanym Kalbystan, kärim sübsegär,
Men pahyra tapylyp dur güýmenje.

* * *
Orruk tomus, hyrydar ýok, neýlär men?
Bala dönen ―gelinbarmak sözlerim,
Gara gyşlar üçin kişmiş eýlär men.?

* * *
Öwrülmen, belki, akmaga.
Kellämiň düýb-ä deşik däl,
Aklym gözümden akmasa.


Muhammetöwez Arrykow.
32
49