flowers_
11.03.2024 09:29
ÜÇLEMELER.



Hordanam jellaplar öwüp satýarlar,
Öwgiň üçin ganat ýaýman, sebäbi
Awçylar uçuryp soňam atýalar.

* * *
Gaýdan ýaşyň ýetmiş bäşi erňeklän,
Iň bolman topuga, alkyma seret,
Fitçiň deşigi dek gözleň çermekde.?

***
Öwrüldim men jan-jigerňe, dözmezňe,
Meni söýmese-de, Taňrym behiştde
Seni mensiz galdyrmaga dözmez-le.

***
Jedel gider, ant içerler,
―Daşdan görenler bir diýer‖,
Jüpdügmiz bilmän geçerler.

***
Sowaşma ýok öýdýän bu artyp yşga,
Sen-ä nektar, a men bolsa bal ary,
(Bagtly guluň gep uruşam bir başga).
?
***
Eý, Gara ýer, tutýan dawaň karamdyr,
Jan-ten, hany-manym üşbu periňki,
Eýä gerek zatlar goňşa haramdyr.

* * *
Düşünemok, ak giripdir saçdanam,
Tylla üçin garpyşyp ýör döwletler,
Rysgal meni yzarlap ýör gaçsamam.

* * *
Buharda-da mugt ýok, hasap-hesip bar.
Bu dünýäni gülletmesem dirikäm,
O dünýä barsamam dowzah nesip bor.

* * *
Gollaryňda ýortup gezdim herýan men,
Guba çölüm, çalmarymy çagşadan,
Gara döw dek ýellerňe-de gurban men.

* * *
Birisi ―inidi, biri ―agady.
Gurduň çagasyndan ekdi bolmady,
Bigänäň ugrunda sulbam dagady.

* * *
Aşa düşürdi ençäni.
Biribar, mugyra getir,
Başyna giden çemçäni.

* * *
Pylankesdir öýdüp gorkma, üýşenme.
Mekanym Kalbystan, kärim sübsegär,
Men pahyra tapylyp dur güýmenje.

* * *
Orruk tomus, hyrydar ýok, neýlär men?
Bala dönen ―gelinbarmak sözlerim,
Gara gyşlar üçin kişmiş eýlär men.?

* * *
Öwrülmen, belki, akmaga.
Kellämiň düýb-ä deşik däl,
Aklym gözümden akmasa.


Muhammetöwez Arrykow.
32
49
rahimowa
11 Mart 2024
👍👍👍
Tayler
11 Mart 2024
🔥🔥🔥
flowers_
11 Mart 2024
@geldiyevna, çemçe tutýan eliñe erk etmelidä))
flowers_
11 Mart 2024
@geldiyevna, jellap Manylar: [1] Alyp satyjy, söwdagär.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.