flowers_
15.03.2024 17:08

Ilkinji zenan lukmany.


Halkyň garşylygyna garamazdan, ABŞ-niň Ženewa kolležini tamamlan ilkinji
zenan lukman diýip taryhda at alan Elizabet Blekuell 1821-nji ýylda Angliýanyň
Bristol şäherinde dünýä inýär. 11 ýaşyndaka maşgalasy bilen ABŞ göçüp
gidýär.Kakasy ýogalandan soňra lukmançylyk fakultetini okap, lukman bolmagy
isleýän Elizabet kakan gapysyndan “ýok” jogaby bilen gaýdyp gelýär. Ahyry
1847-nji ýylda Ženewa kolležinde talyplyga kabul edilip, ol kolleži birinjilik bilen
tamamlaýar. Şol wagtlar oňa lukman bolup işe başlamak başartmaýar, zenan
bolanlygy sebäpli ne hassahanalarda iş tapýardy, ne-de jaý alyp hassalara
seretmek mümkinçiligini ele alyp bilýärdi. Parižde diplomy kabul edilmän kiçijik
hassahanada kömekçi bolup işleýän döwründe, hassalardan kesel ýokuşyp, bir
gözüni ýitirýär.
Gaýtadan Nýu-Ýorka dolanan Elizabet özüne jaý satyn alyp, kiçijik hassahana
açýar. Üstünligi bilen halkyň ünsüni çekip, 1857-nji ýylda diňe gyzlaryň
okamagy üçin “ Uniwesitet hassahanasyny” açmagy başarýar. Soňra Florens
Naýtingeýl bilen bilelikde “London School of Medicine for Women”
mekdebinde şepagat uýalary we lukman ýetişdirmäge başlaýar. Wagtyň
geçmegi bilen ol iş durmuşyndan uzaklaşyp, kitap ýazýar. Elizabet Blekuell
1910-njy ýylda aradan çykdy.





Hanjar REJEPOW.
32
35
💫Umudum
16 Mart 2024
💜
ideallider
16 Mart 2024
Ýene bir gyz lukman bolmaly. Ol ylym-bilim almak üçin özüniň gyzdygyny gizläp, oglan ady bilen okaýar👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.