flowers_
12.03.2024 09:25
Gülki.


Pul adamy üýtgedýär diýdiler. Menem kakamyň jübüsinden pul ogurladym. Çyndanam üýtgetýän eken, gözümiň çişine buz basyp oturyn şuwagt.

***

Eje, biziň mugallymymyz maňa „matematikadan hiç zat bileňok“ diýip, gündeligime birhili san ýazdy-laý.

***

Professor studentden soraýar:
-Näme beýle tolgunýaňyz? Meniň soraglarymdan gorkýaňyzmy?
-Ýok, öz jogaplarymdan gorkýan.

***

Atam pahyr Titanikdakylara öňlerinde uly aýsbergiň barlygyny gygyryp-gygyryp aýdypdyr welin adamlar ony diňlämändirler we iň ýaman ýerem ony kinoteatrdan çykaryp goýberipdirler.

***

15-20 sany selfie düşdim we düşündim: Esasy zat içki gözellik.

***

-Kakañ näme işleýär?
- Ejem näme diýse şony.

***

- Kaka näme üçin sen ejeme öýlendiň?
Adamsy aýalyna seredip, "Görýäňmi hat-da çagada geň görýär".

***

Ähli problemalary suwa gark edesim gelýär. Arman, gelnim basseýna girmekden ýüz döndürýär.

***

Gyzjagaz ejesi bilen nahar iýip otyrka soraýar:
-Eje, name üçin kakamyň saçy az?
-Sebäbi gyzym, kakaň akylly adam. Ol köp pikir edeni üçin saçlary dökülýär.
-Eje-eje, seň saçyňa dökülmändir. Kän hem uzyn....
-Geplemän iý!!!!

***

-Ezizim, itimizi nähili saklaýan bolsaň meni hem şeýle saklamagyňy isleýän!
-Näme diýjek bolýaň?
-Gaýrat et-de meni gowja naharla-da daşaryk gezmäge goýber! Haýyş edýän!

***

Çaýhanada iki dost Ýolbars bilen Öküz keýp edip otyrmyşlar. Ine, birden Ýolbarsyň jübi telefony jyňňyrdaýar, aýaly oňa „derrew öýe gel“ diýýär. Ýolbars Öküz dosty bilen hoşlaşýar we ýerinden turup öýüne gitmekçi bolýar. Öküz bolsa Ýolbarsy hamala „Aýalyň diýenini edýäňmi? Aýalyňdan gorkýaňmy? Men-ä seň ýeriňe bolan bolsam aýalymyň diýenini etmezdim...“ diýen ýaly gepler bilen duzlamaga başlaýar. Dostunyň bu kinaýaly sözlerine Ýolbars şeýle jogap berýär:
-Dost jan! Sen bir zady bulaşdyrma? Meniň aýalym Ýolbars aýal, seniňki ýaly Sygyr däl ahyryn....




Toplan: @ATSYZATLY
62
624
manolya
14 Mart 2024
@flowers_, aha )
flowers_
14 Mart 2024
@manolya, girdim🤓
manolya
14 Mart 2024
@flowers_, 😎 gireňokla )ýa işiň köpmi?
namixas
13 Mart 2024
🤣🤣🤣
amanmyradowna_
13 Mart 2024
@KMG_Gurt, name diysem gelneja yukleme. Oña sòz yok
amanmyradowna_
13 Mart 2024
@KMG_Gurt, goni rodilnida ykbalyñy çòzerin basyber dis
amanmyradowna_
13 Mart 2024
@KMG_Gurt, yolbarsyñ gelenne oñada duşundirerin😂
amanmyradowna_
13 Mart 2024
@flowers_, 🥴
amanmyradowna_
13 Mart 2024
@KMG_Gurt, men daş zyñana daş zyñyp jogap beremok. O derejede adamkarçiligmi yitiremok😁
amanmyradowna_
13 Mart 2024
@flowers_, şu petigarany gapdyrmasañ nervini oynaya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.