flowers_
14.03.2024 14:44
Hurma barada gyzykly maglumat.


Iň tagamly miweleriň biri hurma özüniň süýji tagamy bilen hemmeleriň
halaýan iýmişleriniň biridir. Ol dünýäde iň köp sarp edilýän miweleriň
hatarynda durýar. Ata watany Arabystan ýarym adasy we Demirgazyk Afrika
hasaplanýan bu miwe irki döwürlerden bäri dürli keselleri bejermekde we öňüni
almakda peýdalanylypdyr. Bu miwäniň düzümindäki peýdaly maddalar bedeni
gurplandyryp, köp wagtlap dok saklaýar. Onuň ösdürilip ýetişdirilýän ýerine
görä dürli görnüşleri bolýar. Onuň düzüminde şeker, protein, süýüm we dürli
ýaglar bilen bir hatarda, 16 görnüşli mineral madda bar. Şeýle hem dürli
witaminlerine hem baýdyr. Düzümindäki flor dişiň çüýremeginiň öňüni alýar
we bedeniň immunitetini berkidýär. Iýmitlilik kuwwaty ýokary bolan bu miwe
ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr. Göz saglygyna hem haýry
bolan miwäniň ganyňy köpeldiji häsiýeti hem bar. Müsür, Eýran, Saud
Arabystany, Alžir, Pakistan, Tunis, Yrak, Sudan, BAE we Oman ýaly ýurtlar
dünýäniň öňdebaryjy hurma öndürijileridir.
Hurmanyň adam bilen umumylyklarynyň köpdügi aýdylýar. Onuň
ýaşaýan döwri hem şeýleräk. Hurma agajynyň “ýaşy” ortaça, 70 ýyla çenli, kä
halatlarda 130 ýyla ýakyn bolup bilýär. Sekiz ýyldan soňra miwe berip başlaýan
hurmanyň iň gowy hasyl berýän döwri 15-40 ýyllary aralygynda bolýar. Ony
tohumyndan hem köpeldip bolýar. Ýöne onuň agajyndan çykan şahalar kesilip
oturdylsa, has gowy miwe berýär. Bu şahajyklar onuň öz golaýynda ekilýär.
Belli bir wagtdan soňra başga ýere äkidilip oturdylýar. Bu miwe Ýakyn
Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň oba hojalyk ykdysadyýetinde uly
orun tutýar.
Hurma adamzat tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän iň gadymy miweleriň
biri hasaplanýar. Taryhy maglumatlarda mundan 8 müň ýyl ozal, Hindi
ýarymadasynyň günbatarynda we Müsürde hurma ekilendigi barada aýdylýar.

Müsürde bu agaç bezeg hökmünde hem peýdalanylypdyr. Şeýle hem müsürliler
dürli keselleriň bejergisinde hurmadan peýdalanypdyr. XIX asyrda onuň
nahallary Ispaniýadan Meksika äkidilip ekilýär. Hurmanyň tohumyny güldana
ekip, öý şertlerinde gül hökmünde hem ulanyp bilersiňiz.




Hatyja BEGMYRADOWA.
35
63
ideallider
14 Mart 2024
@geldiyevna, diýmek ol jübäde janada zyýan ýetirip biler😄👍
amanmyradowna_
14 Mart 2024
@geldiyevna, 😂😂😂
ideallider
14 Mart 2024
Maslahatym aç-wagtyňyz diňe hurmadan doýaýmaň, şeýle etseňiz bu siziň ömrüňizdäki iňbir agyr kösençleriň biri bolar😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.